Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär,
Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez;
Gözel bardyr dünýä malyn iýdirsiň,
Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.
Dünýäde bahylyň ýüzüni görme,
Aşyň, nanyň, suwuň alyşyp berme.
Gul diýip, ýigidiň aslyny sorma,
Hojasy bar, belki, guluna degmez.
Dünýä malyn berseň, eýesi satmaz,
Şa istese, anyň dilegi bitmez,
Bedew bar, pul berseň, bahasy ýitmez,
Bedew bardyr, salan juluňa degmez.
Döwletli är gerek, söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş,
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş,
Bu döwlet her kimiň eline degmez.
Magtymguly, bu dünýäniň eşreti, –
Iýmek, içmek, münmek,
guçmak, söhbeti.
Bir niçeler mydam kylar tagaty,
Niçeleriň sežde alnyna degmez.
Awtor:Magtymguly Pyragy