Prensess
Prensess
20.06.2022 07:14
Aÿratyn dilde gürläris, emma meñzeş dilde dymarys... 3 sany zat adamy ÿadadÿar : Bagyşlamak, Gaharyñ gelip dyrka dymmak, Bolmajagyny bilibem arzuw etmek.. Owadany owadan edyän edepdir, edep bolsa
Prensess
04.06.2022 23:04
Özüme gelen wagtym depäm agyrydan ýaňa lorsuldap durdy. Endam-janym meniňki däl ýalydy. Darajyk ýerde süýnüp ýatyrdym. Ýerimden turmaga synanyşamda, kelläm bir tagta bölegine degdi. Alaçsyz, ýene-de süýnüp ýat-maly boldum. Gözlerim açyk bolsa-da, ähli ýer tüm garaňky, hiç zady görüp bilemokdym. Birden ýüre¬gime gorky aralaşyp ugrady. Gorkym gitdigiçe has güýjeýärdi. Ýüzümdäki ak matanyň ýüzüne düzülen merjen däneleri ýaly ýaldyraýan der damjalary çekgämde ot tutaşdyryp, aşaklygyna syrygýardy. Näme üçin bu ýerde ýatanymy aňşyrjak bolup, özümiň suw deýin akyp giden durmuşyma göz aýladym. Birdenkä ölüm ýadyma düşdi. Bu aýylganç pikir inimi tikenekletdi. Pikirlerim bilen syrly älemleriň derýasynda gulaçlap ýüzüp, kenary tapyp bilmän urunýardym. Göwnüme bolmasa, kellämde müňlerçe garynja gezmeläp ýören ýalydy. Görsene muny, men tabytda ýatan bolsam nätjek. Ýaňy turjak bolanymda-da kelläm tabydyň gapagyna degen ekeni. Hawa, hossarlarym meniň içki öýümiň agzyna kerpiç hem ördüripdirler. Indi, şular ýaly darajyk otagy içýandyr ýylanlar bilen paýlaşmaly bolupdyryn. Bu ahwalat çyn bolsa, men topragyň astynda pikir edip bilýärdim. Topragyň astynda dem alyp bilyän bolsam, pany jahanda wagtym ol dünýäniň barlygy barada eşiden gürrüňlerim dogry bolmaly-da. Bir salymdan, belki, töweregimde sorag perişdeleri hem köw urup başlar. Öz ugruna akan, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Hawa, hiç bir janly-jemendä peýdasy bolmadyk durmuşymdan... Gorkudan ýaňa bedenim sandyrap durdy. Maňa garaşýan jebir-jepalaryň aýylgançdygyny duýýardym. Dowza-hyň howruny endam-janymda syzýan ýalydym. Bedenimiň ähli öýjüklerinde tutaşan ökünç yzasy çekip-çydar ýaly däldi. Hawa, edil şu wagt topragyň goýnunda ýatan hem bolsam, salgym bolup görünýän meniň şol günälerden doly dünýäme tarap - jähennemiň ýandyryjy alawyna tarap barýardym. Ýatan ýerimden, geçmişime ser salmaga durdym. Ýaňy on iki ýaşyny dolduran oglanjykdym. Kakam öz dost-ýarlary bilen üýşüp, şerap süzüp, keýpi-sapa sürerdi. Gapyny ýuwaşja açyp, olara syn edýärdim. Olaryň keýpi-sapalarynyň çeşmesi, içýän alkogolly içgileridir öýdýärdim. Telewizorda daşary ýurt kanallaryndan görýän kinolarymdaky sahnalar meniň bu pikirimi ençeme gezek tassyklap, goldaýardy. Şondan soň, men hem kakamyň şol çüýşesine şärik bolup başladym. Kakam muny göreninde, maňa gaharlanmady. Meni gujagynda oturdyp “Erkek adam içmeli” diýip, pyýalany şol zährimardan öz eli bilen dolduryp berdi. Ine, şol pursatdan soň, çüýşeleri hemra edinip, erkimi damarlarymdaky gana aralaşan şeýtanyň eline berip, pis pygyllaryma gulluk etmäge başladym. Zyýanym ilki bilen garyndaşlaryma we goňşularyma ýetdi. Soňra bolsa, hemmelere erbetlik etmek bilen boldum. Nebsewürligim, açgözlügim hemişe özümden öňdedi. Gözümde ynsanlaryň hiçisiniň gadyr-gymmaty ýokdy. Kakam, ejem, garyndaşlarym, hatda ülpetlerim hem meniň üçin hiç zatdy... Ynsanlara asla hormatym ýokdy. Meniň keýpi-sapama garşy bolanlary dynnym ýalyjak hem sylamaýardym. Çünki men indi pyýalalar tarapyndan dolandyrylýan duýgusyz ýönekeý bir robotdym. Araga pul bermäni üçin garryja ejem bilen kakamy uran gezeklerimem boldy. Olaryň it görse gözi agarjak bir durmuşda ýaşap, soňra-da atsyz-sorsuz ölüp gitmeklerine-de men sebäp boldum. Kakam meniň elime arakdan pürepür bulgury bermek bilen, öz azap guýusyny özi gazdy. Ejem bolsa meniň üçin durmuşymda hiç bir orny ýok, gündelik hojalyk işlerini ýerine ýetirýän abzaldan ybaratdy. Olary ezizläp, hormat goýmalydygyma şu wagt düşünýän. Käşgä yzyma dolanyp bilýän bolsadym, mazarlarynyň başynda hem bolsa meni bagyşlamaklary üçin olara ýalbarardym. Öýlenen günlerim, aýalym ýadyma düşdi. Bir gün, hatda ýekeje pursatlyk hem onuň ýüzüni güldürmändim. Ol mundan soňra, meniň bilen bir ykbaly paýlaşan döwründe yatdan çykaran şatlygyny täzeden görer diýip, umyt edýärin. Yzymda galan gol doly çagalarym göz öňüme geldi. Boyunlary buruk, ýüzleri salyk, solan güller deýin, söýgüden, mähirden, kaka gujagyndan mahrum çagalarym. Kim bilýär ykbal nähili muşakgat taýýarlaýar olara. Eger mümkin bolsady, çagalarymdan hem-de aýalymdan ötünç sorardym. Olaryň gulagyna, geljekde ýollaryny ýagtyltjak hakykatlar barada bir zatlar pyşyrdamaga, öz sepil durmuşymdan sapak hödür etmäge synanyşardym. Bedenimiň sandyramasy galan hem bolsa, ýüregim birahat tirpildeýärdi. Görünmeýan bir el endam-janymy ýiti päki bilen dilimleýän ýalydy. Maňa maslahat bermäge, töwella etmäge gelenler, ýanyma gelenlerine puşman edýärdiler. Gije diýmän, gündiz diýmän bütin günümi dawa-jenjel bilen geçirerdim. Biçäre çagalarymyň ellerindäki puljagazlary zor bilen alardym. Ýanyma pul diýip gelseler, olary suwa salma ýenjerdim... Hiç bolmanda, wagtlaýynça bolsa-da şu toprak üstüm¬den aýrylsady, gapy-gapy aýlanyp, başymy basgançaklara diräp, ähli edenlerim üçin ötünç sorap bilsedim. Indi barybir giç... Birsalymdan perişdeler gelip, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Wagt geçdigiçe, maňa berilýän gabyr ezýetleriniň görnüşi-de üýtgeýärdi. Bedenime gyzgyn demir bilen tagma basylýan ýalydy. Indi halys derlemäge derim galmady, bogazym gurap, dodaklarym bir-birine ýapyşyp durdy. Iň erbet tarapy hem, bir gezejik hem Ýaradany ýatlap, dyz epmändim. Aýdylanlary howaýy gep bildim. Emma häzir, Ýaradandan hem-de onuň ilçisinden soraga çekerler meni. Men bolsa bütin ömrümiň dowamynda çüýşelere “çokunup” gezdim. Şolar bilen umytlarymy besledim. Günle¬rim hemişe aýşy-eşretde geçedi, naharlarym içgi bilen taýýarlansady, eşiklerim içgi bilen ýuwulsady diýip arzuw edip ýaşadym. Häzir hem “Seni ýaradan kim?” diýip sorasalar, dilim barmaz “Allah” diýmäge. Çünki men tutuş ömrümde çüýşelere “çokunypdym”. Haçan-da bolsa bir gün, ölümiň geljegini pikir etmändim. Wah, iň bol¬manda, ynsanlara ýekeje ýagşylyk etmäge rugsat beril¬sedi... Onda bir çetde oturyp, men ýalylara — durmuş serhoşlaryna, maddy zatlara togap edýänlere ölümiň hem-de ha¬sap gününiň hakykatdygyny düşündirmäge çalşardym. Suw seňrikden agansoň, ynsan gabra girensoň ökünjiň peýdasy ýok. Şu pikir-hyýallar bilen gümra bolup, näçe wagt ýatanymy bilemok. Gözümi açanymda, göreçlerim Günüň ýiti şöhlesi bilen çaknyşdy. Üns bilen syn edenimde, bu ýeriň seýilgähdigine göz ýetirdim. Nepesim birneme durlanaýdy. Meger agşam serhoş halda bu seýilgähiň oturgyçlarynyň birinde ýatyp galandyryn. Gije ýere ýykylyp, uzyn oturgyjyň aşagyna düşüpdirin. Hol beýlämde duran ýarysy içilen arak çüýşesini görenimde, içýan gören ýaly inim tikenekläp gitdi. Şol bada ony alyp, gapdalymda duran zibil sebedine oklap goýberdim. Şol günden soň, maksatly ýaşamaga başladym. Allahyň öňünde bir gün hasap bermek gorkusy meni erbet işlerden daşlaşdyrdy. Içimde, nebsime haý diýip biljek bir güýç peýda boldy.
8
118
Prensess
02.06.2022 10:07
Durmushda garashmayan zatlaryn gozun achyp yumunchan bolup gechyar. Kawagtlar ozuni sheyle bir yeke duyyan, kawagtlar bolsa senden bagtly ynsan yok yaly dunyade, gysgajyk durmushymy size beyan edeyin 95 yylda doguldym orta mekdebi tamamlanymdan son, arzuwym Turkmenistanda okamakdy, yone nesibamde yok ekeni, sheydip dashary yurda okuwa gaytdym, elbetde menin enem atam meni sheyle gabanyadylar shonun ucin meni oz garyndash oglanym bn okuva ugratdylar.


Sheydip ozbashdak durmusha gadam basdym, goraymage hemme zat ansat yalydy yone yekelikde yashamak, ejen kakansyz doganyn jigini gorman yashamak mana diysen agyr degdi. Ilki bashda kosendim dil bilmanimden son gaty kosendim, ahyry owrenship gitdim. Kichidim 16 yashymda dashary yurtda yeke okamak agyr degyadi, kosenyadim, maslahatlara matachdim, yone indi men yanymda maslahat berer yaly ne ejem bady nede kakam, sheydip, gyzlar bilen yashap alshyp gitdim, men aralarynda ing kichisidim shonun un olar meni jigleri yaly gorerduler. Shu wagt yaly yadymda kop zat owretdiler.


Men internedede baranymdan son girip bashladym, elbetde oydakiler bn yazyshyp gurleshmek uchindi, yone dine oydakiler bolmady, internet dostlarym kopelip bashlady. Kabirleri soz aydan bolyady, menem gulkum gelyadi men nire bu zatlar nire dp gulyadim. Sonra duydansyz yerden bir oglan peyda boldy, olam bizin yurdumyzda bashga shaherde okayady, ol uly kursdy shon un ol mana ilki jigsi yaly garayady, sonra bilemok nadip dostlashanymyzy, ol yigit kop zat owretdi ugrum bank barada bolan son mesele kopberilyadi olam komek etyadi, sheydip biri birimize ysnyshyp gidenimize 6 ayyn bolanyny duymandyrsam, bir gun ol mana soz aytdy, men name diyjegimi bilemokdum, soyushmek islamokdum,ozumde soyushsen abrayyn peselya diyen duygym bady, yone menem ony govy goryadim . Sheydip ilki jogapsyz goydum son tomus kanikulynda oye gitdim. Oydakileri gorenime diysen begendim, ejeme aytmak isledim ol oglan barada, yone men aytmakam ejem mana basga zat aytdy: ”Gyzym biz senin bagtly bolanyny isleyas, senem bilyansin bizde dine ozinkilere berilyanini kakan bn maslahatlashdyk seni garyndash oglanymyza beraysek natyar “diydi.


 Asyl gorup otyrsam meni ugradanlarynda menin kakam bn on kakasy gurleship ugradypdyr, donup galdym, men garshydym men 17 yashymda men okasym gelya entek durmush gurmak islamok diydim, ejem shonda bizi razy etjek bolsan shondan bashga barmarsyn kakan sozunem yykmarsyn diydi naman name bolyanyny dushunman men dine okajak diyyadim, kashga oz soyen yigdime derek komek eden bolsady, daje meni soramanada gelenokdy, kawagt goryadim kosenyan gunlerim garyndashym dal joralarym dostum komek edyardi,ejeme dushundirmek isledim hemme zady yone ejem yarawsyzdy ony agladasym gynandyrasym gelenokdy , sheydip okuv bashlady okuva gaytdym ol oglana bolshy yaly aytdym olam men indiki kanikulda ejemi ugratjak diydi, sheydip yenede bir yyl gechdi, oye gidesim gelyardi yone gorkyardym barsam toy edayseler naderin dp sheydip ahyr sony oye gaytdym, Diyshim yaly bardym wn toy sahedem bellenipdir, Hemme zat gozum achyp yumuncham bolan yalydy ejeme aytdym kakama yalbardym.


 Bizi razy etjek bolsan bararsyn diydiler. Ol oglanam kop yalbardy yor gideli diyip, mende iki yol galypdy. Birinjisi garyndashymyza barmak, ikinjisi ol oglan bn gachmak, men basharmadym men birinji yoly sayladym, mende bashga alajam yokdy, men nadip meni iydiren geydiren mashgalamyn ustunden atlayin nadip olaryn sozuni yykayyn sheydip ikinji kurskam yany 18 yashamda toyum boldy, Menin adym onki yaly ……… dp tutulanokdy indi gelinejedim. Hawa toy etdim kem zadym yok hudaya shukur, yone kawagt ilkinji soygum yadyma dushende gozumden yashlaryn nadip akanyny duyman galyan. Biz bagtly! Adamym bilenem onshup yashap yorun. Garashmayan zadyn bolup dur, muna manlay diyiler. 


Her kime oz soyguli yaryna yetmeklerini arzuv etyan!!!

8
83
Prensess
01.06.2022 07:28
Salam hormatly agzalar! Her kim oz yashyndan yash owadan bolup gorunesi gelyar. Gyz bolsun oglan bolsun, her bir adam elmydama 18 yashyndaky yaly bolasy gelyar. Dogry gerek? Men bir saglyk gepleshikde gyzykly maslahatlar owrendim. Hakykat yuzunde hem syn edip barlap gordum. Bu maslahatlar oran dogrydyr. Shonun ucin okaberin! Adamynyn yuzune yygyrt atsa hasam garratyandyr. Kabir yagdaylarda yany 30 yashan zenanlar kawagt oglanlarda hem yuzunde erbet cun yygyrtlar bardyr. Ol yygyrtlar kop halatlarda nadogry iymitlenishin we dera nadogry ideg etmegi netijesinde bolyar. Shonun ucin yygyrtlan onuni almak ucin (eger siz entak yash bolsanyz) we bar bolan yygyrtlary azda kanda ayyrmak ucin 3 sany zady yzygiderli etseniz yeterlik! 1. Suyji zatlardan dashda durmaly!!! Has takygy aytsak suyji onumleri, shokolad, pecenoye, bulka we shuna menzesh konditer onumleri azrak iymeli. Onun sebabini lukmanlar sheyle dushundiryarler: suyji onumlerin duzumundaki glyukoza derinin ceyeligine jogap beryan elementleri dargadyar pytradyar. Yagny sholar yalak iymitleri kop iyyan adamlaryn derisi cokgin, ceye dal yygyrtly bolyar. Durmushda syn edip otyrsam hakykatdanam sheyle ekeni. Men bir zenan mashgalany tanayanda adyny zadyny aytjak dal, yone shol zenan bary yogu 33 yashynda emma yuzundaki yygyrtlary bolsa 50 yashly ayalynky yaly! Oran kan. Shol irdenliginedem bulkajyk bilen suyji iyyar. Gunortandan onerti kokejik we shokoladjyk iyyar, obed nahardan sahelce iyip nahardan sonam yene shokoladjyk iyyar. Gushluk peconyjyk yatmakadam yene bir suyjije zat. Ay gysgaca aydanymda glyukozasy artykmajy bilen bar. Ol eyyam kesel yaly bolyar. Suyjisiz onup bilenok. Kop mukdarda suyji bolsa yygyrt doredyandir. Esasanam 35 yashdan gecenden son suyjini azaltmaly! (cagalar kop iyeni bilen dine dishi zayalanyar, yygyrda dushenok). 2. Gunden goranmaly! Gunun shohleleri derini yakyp menekler we yygyrt doredip bilyandir! Esasanam bizin yurdumyzda tomusyna yssy bolyanlygy ucin gunun gonumel shohlelerinden goranmaly! Gunun kabir shohleleri rak kesellerini hem doredip bilyandir uzagyndan(Huday saklasyn ol keselden). Shonun ucin gunden goranmaly oglanlaram gyzlaram! Gunden gorayjy kremlar calynmaly yada yaglyk yada sayawan yada kepkamy ay garaz usullar kan ozuniz bilyaniz. 3. Yuzunizin derisini we umuman ahli derinizi wagtly wagtynda gaty mocalka bilen arassalap durmaly, piling edip durmaly. Deridaki kletkalar (oyjukler) belli bir wagtdan son olyarler deregine taze kletkalar osyar. Onson eger derini gowu edip mehaniki arassalamasan yanky olen kletkalan shol duran yerlerinde gatap galyar. Yone suw bilen yuzuni yuwanda deri doly arassalananok yanky olen kletkalar gidenok. Yorute yuz ucin mocalka bilen yada shuna menzesh shotka bilen derini gowu edip oykalap arassalamaly(salonda arassalatsanam bolyar). Eger sholar yaly eedilmese yanky olen keltkalan ustu ustune bolup hapalanyar, adam derleyar derlande bolsa yag cykyar, yanky kletkalan yuzune etdil kley yalak yelmeship zol sheydip gowu edip arassalanyp durmasa kem- kemden wagt gecmegi bilen yygyrtlar dushup bashlayar. Zenanlamyz bolsa olen kletkalan ustune(yuzune) krem calyarlar olaram yelmeship uzagyndan yygyrtlaryn emele gelmegine sebap bolyar. Diymek 3 sany zady siz berjay etseniz yuzuniz ansat yygyrt almayar:1-nji suyji az iymeli, 2-nji gonumel gunun shohlelerinden goranmaly3-nji hem yuzuni we derini wagtly wagtynda gowu edip arasallamaly(piling) Elmydama owadan we gormegey bolun mahribanlar.
8
114
Prensess
31.05.2022 08:21
Bir ýumurtganyň agyny köpürjikleýänçe çalmaly. Soňra ony ýüze çalyp, guraýança garaşmaly. Gurandan soň ýapgymyzy ýuwup aýyrmaly. Bu ýüzdäki öýjükleriň azalmagyna kömek edýär. Ýapgy ýüzi arassalaýar, ýüzümiziň ýaglanmasynyň öňüni alýar.Ýarty hyýar, iki nahar çemçe süýt , 1 nahar çemçe bal, 1 çaý çemçe şeker arkaly ýüzümize ýapgy taýýarlap bolýar. Hyýaryň gabygyny aýyrmaly we gyrgyçdan geçirip ezmeli. Süýdi, baly we şekeri garyşdyryp, ezilen hyýaryň üstüne goşmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20 minut saklap, soňra ýuwmaly. Bu ýapgyny hepdede 1 ýa 2 gezek ulanyp bilersiňiz. Hyýar ýüzüňize öwüşgin berer, deriňizi arassalar we ýylmanak eder.Bir ýumurtganyň sarysyny, 1 nahar çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly. Taýýar bolan ýapgyny 25 minut saklap, soňra mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýygyrt atýan,  guran derili ýüzleri nemlemdirmäge kömek edýär.Iki nahar çemçesi aloe şiresini 1 nahar çemçe gaýmak we 1 çaý çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly.  Soňra ony ýüzüňize , boýnuňyza çalyp, 30 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi ýumşadar, ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam eder.
10
98
Prensess
Prensess
24.05.2022 20:11
Hakyky
Prensess
Prensess
21.05.2022 09:06
......
Prensess
Prensess
20.05.2022 08:26
Hakyky
Prensess
Prensess
18.05.2022 13:14
😔😔😔
Prensess
Prensess
17.05.2022 08:52
😇😇