Prensess
04.06.2022 23:04
Özüme gelen wagtym depäm agyrydan ýaňa lorsuldap durdy. Endam-janym meniňki däl ýalydy. Darajyk ýerde süýnüp ýatyrdym. Ýerimden turmaga synanyşamda, kelläm bir tagta bölegine degdi. Alaçsyz, ýene-de süýnüp ýat-maly boldum. Gözlerim açyk bolsa-da, ähli ýer tüm garaňky, hiç zady görüp bilemokdym. Birden ýüre¬gime gorky aralaşyp ugrady. Gorkym gitdigiçe has güýjeýärdi. Ýüzümdäki ak matanyň ýüzüne düzülen merjen däneleri ýaly ýaldyraýan der damjalary çekgämde ot tutaşdyryp, aşaklygyna syrygýardy. Näme üçin bu ýerde ýatanymy aňşyrjak bolup, özümiň suw deýin akyp giden durmuşyma göz aýladym. Birdenkä ölüm ýadyma düşdi. Bu aýylganç pikir inimi tikenekletdi. Pikirlerim bilen syrly älemleriň derýasynda gulaçlap ýüzüp, kenary tapyp bilmän urunýardym. Göwnüme bolmasa, kellämde müňlerçe garynja gezmeläp ýören ýalydy. Görsene muny, men tabytda ýatan bolsam nätjek. Ýaňy turjak bolanymda-da kelläm tabydyň gapagyna degen ekeni. Hawa, hossarlarym meniň içki öýümiň agzyna kerpiç hem ördüripdirler. Indi, şular ýaly darajyk otagy içýandyr ýylanlar bilen paýlaşmaly bolupdyryn. Bu ahwalat çyn bolsa, men topragyň astynda pikir edip bilýärdim. Topragyň astynda dem alyp bilyän bolsam, pany jahanda wagtym ol dünýäniň barlygy barada eşiden gürrüňlerim dogry bolmaly-da. Bir salymdan, belki, töweregimde sorag perişdeleri hem köw urup başlar. Öz ugruna akan, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Hawa, hiç bir janly-jemendä peýdasy bolmadyk durmuşymdan... Gorkudan ýaňa bedenim sandyrap durdy. Maňa garaşýan jebir-jepalaryň aýylgançdygyny duýýardym. Dowza-hyň howruny endam-janymda syzýan ýalydym. Bedenimiň ähli öýjüklerinde tutaşan ökünç yzasy çekip-çydar ýaly däldi. Hawa, edil şu wagt topragyň goýnunda ýatan hem bolsam, salgym bolup görünýän meniň şol günälerden doly dünýäme tarap - jähennemiň ýandyryjy alawyna tarap barýardym. Ýatan ýerimden, geçmişime ser salmaga durdym. Ýaňy on iki ýaşyny dolduran oglanjykdym. Kakam öz dost-ýarlary bilen üýşüp, şerap süzüp, keýpi-sapa sürerdi. Gapyny ýuwaşja açyp, olara syn edýärdim. Olaryň keýpi-sapalarynyň çeşmesi, içýän alkogolly içgileridir öýdýärdim. Telewizorda daşary ýurt kanallaryndan görýän kinolarymdaky sahnalar meniň bu pikirimi ençeme gezek tassyklap, goldaýardy. Şondan soň, men hem kakamyň şol çüýşesine şärik bolup başladym. Kakam muny göreninde, maňa gaharlanmady. Meni gujagynda oturdyp “Erkek adam içmeli” diýip, pyýalany şol zährimardan öz eli bilen dolduryp berdi. Ine, şol pursatdan soň, çüýşeleri hemra edinip, erkimi damarlarymdaky gana aralaşan şeýtanyň eline berip, pis pygyllaryma gulluk etmäge başladym. Zyýanym ilki bilen garyndaşlaryma we goňşularyma ýetdi. Soňra bolsa, hemmelere erbetlik etmek bilen boldum. Nebsewürligim, açgözlügim hemişe özümden öňdedi. Gözümde ynsanlaryň hiçisiniň gadyr-gymmaty ýokdy. Kakam, ejem, garyndaşlarym, hatda ülpetlerim hem meniň üçin hiç zatdy... Ynsanlara asla hormatym ýokdy. Meniň keýpi-sapama garşy bolanlary dynnym ýalyjak hem sylamaýardym. Çünki men indi pyýalalar tarapyndan dolandyrylýan duýgusyz ýönekeý bir robotdym. Araga pul bermäni üçin garryja ejem bilen kakamy uran gezeklerimem boldy. Olaryň it görse gözi agarjak bir durmuşda ýaşap, soňra-da atsyz-sorsuz ölüp gitmeklerine-de men sebäp boldum. Kakam meniň elime arakdan pürepür bulgury bermek bilen, öz azap guýusyny özi gazdy. Ejem bolsa meniň üçin durmuşymda hiç bir orny ýok, gündelik hojalyk işlerini ýerine ýetirýän abzaldan ybaratdy. Olary ezizläp, hormat goýmalydygyma şu wagt düşünýän. Käşgä yzyma dolanyp bilýän bolsadym, mazarlarynyň başynda hem bolsa meni bagyşlamaklary üçin olara ýalbarardym. Öýlenen günlerim, aýalym ýadyma düşdi. Bir gün, hatda ýekeje pursatlyk hem onuň ýüzüni güldürmändim. Ol mundan soňra, meniň bilen bir ykbaly paýlaşan döwründe yatdan çykaran şatlygyny täzeden görer diýip, umyt edýärin. Yzymda galan gol doly çagalarym göz öňüme geldi. Boyunlary buruk, ýüzleri salyk, solan güller deýin, söýgüden, mähirden, kaka gujagyndan mahrum çagalarym. Kim bilýär ykbal nähili muşakgat taýýarlaýar olara. Eger mümkin bolsady, çagalarymdan hem-de aýalymdan ötünç sorardym. Olaryň gulagyna, geljekde ýollaryny ýagtyltjak hakykatlar barada bir zatlar pyşyrdamaga, öz sepil durmuşymdan sapak hödür etmäge synanyşardym. Bedenimiň sandyramasy galan hem bolsa, ýüregim birahat tirpildeýärdi. Görünmeýan bir el endam-janymy ýiti päki bilen dilimleýän ýalydy. Maňa maslahat bermäge, töwella etmäge gelenler, ýanyma gelenlerine puşman edýärdiler. Gije diýmän, gündiz diýmän bütin günümi dawa-jenjel bilen geçirerdim. Biçäre çagalarymyň ellerindäki puljagazlary zor bilen alardym. Ýanyma pul diýip gelseler, olary suwa salma ýenjerdim... Hiç bolmanda, wagtlaýynça bolsa-da şu toprak üstüm¬den aýrylsady, gapy-gapy aýlanyp, başymy basgançaklara diräp, ähli edenlerim üçin ötünç sorap bilsedim. Indi barybir giç... Birsalymdan perişdeler gelip, günälerden doly durmuşymy soraga çekerler. Wagt geçdigiçe, maňa berilýän gabyr ezýetleriniň görnüşi-de üýtgeýärdi. Bedenime gyzgyn demir bilen tagma basylýan ýalydy. Indi halys derlemäge derim galmady, bogazym gurap, dodaklarym bir-birine ýapyşyp durdy. Iň erbet tarapy hem, bir gezejik hem Ýaradany ýatlap, dyz epmändim. Aýdylanlary howaýy gep bildim. Emma häzir, Ýaradandan hem-de onuň ilçisinden soraga çekerler meni. Men bolsa bütin ömrümiň dowamynda çüýşelere “çokunup” gezdim. Şolar bilen umytlarymy besledim. Günle¬rim hemişe aýşy-eşretde geçedi, naharlarym içgi bilen taýýarlansady, eşiklerim içgi bilen ýuwulsady diýip arzuw edip ýaşadym. Häzir hem “Seni ýaradan kim?” diýip sorasalar, dilim barmaz “Allah” diýmäge. Çünki men tutuş ömrümde çüýşelere “çokunypdym”. Haçan-da bolsa bir gün, ölümiň geljegini pikir etmändim. Wah, iň bol¬manda, ynsanlara ýekeje ýagşylyk etmäge rugsat beril¬sedi... Onda bir çetde oturyp, men ýalylara — durmuş serhoşlaryna, maddy zatlara togap edýänlere ölümiň hem-de ha¬sap gününiň hakykatdygyny düşündirmäge çalşardym. Suw seňrikden agansoň, ynsan gabra girensoň ökünjiň peýdasy ýok. Şu pikir-hyýallar bilen gümra bolup, näçe wagt ýatanymy bilemok. Gözümi açanymda, göreçlerim Günüň ýiti şöhlesi bilen çaknyşdy. Üns bilen syn edenimde, bu ýeriň seýilgähdigine göz ýetirdim. Nepesim birneme durlanaýdy. Meger agşam serhoş halda bu seýilgähiň oturgyçlarynyň birinde ýatyp galandyryn. Gije ýere ýykylyp, uzyn oturgyjyň aşagyna düşüpdirin. Hol beýlämde duran ýarysy içilen arak çüýşesini görenimde, içýan gören ýaly inim tikenekläp gitdi. Şol bada ony alyp, gapdalymda duran zibil sebedine oklap goýberdim. Şol günden soň, maksatly ýaşamaga başladym. Allahyň öňünde bir gün hasap bermek gorkusy meni erbet işlerden daşlaşdyrdy. Içimde, nebsime haý diýip biljek bir güýç peýda boldy.
8
118
Prensess
12 Iýun 2022
Papinadocka,hawa
Papinadocka
12 Iýun 2022
Prensess,su dami baryan
unknown_12
6 Iýun 2022
Prensess,????
Prensess
5 Iýun 2022
Syr,😇😇😇
Syr
5 Iýun 2022
Prensess gowy bolupdyr.👍👍👍👍
Prensess
5 Iýun 2022
Okaýjy,😇CrAzY Girl,💋ŞirnazarTaganow,👍
ŞirnazarTaganow
4 Iýun 2022
Içgini ejizler hemra edinýär we taşlap bilmeýär(bu ejizlikden gutulyp bilenlerden).Birde-ýarda urup dursañam zyýan etmez.😄👍
okayjy
4 Iýun 2022
👏👏👏 Gowy ýazylypdyr sag bol @Prensess bize ýetireniñ üçin 😉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.