Prensess
31.05.2022 08:21
Bir ýumurtganyň agyny köpürjikleýänçe çalmaly. Soňra ony ýüze çalyp, guraýança garaşmaly. Gurandan soň ýapgymyzy ýuwup aýyrmaly. Bu ýüzdäki öýjükleriň azalmagyna kömek edýär. Ýapgy ýüzi arassalaýar, ýüzümiziň ýaglanmasynyň öňüni alýar.Ýarty hyýar, iki nahar çemçe süýt , 1 nahar çemçe bal, 1 çaý çemçe şeker arkaly ýüzümize ýapgy taýýarlap bolýar. Hyýaryň gabygyny aýyrmaly we gyrgyçdan geçirip ezmeli. Süýdi, baly we şekeri garyşdyryp, ezilen hyýaryň üstüne goşmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20 minut saklap, soňra ýuwmaly. Bu ýapgyny hepdede 1 ýa 2 gezek ulanyp bilersiňiz. Hyýar ýüzüňize öwüşgin berer, deriňizi arassalar we ýylmanak eder.Bir ýumurtganyň sarysyny, 1 nahar çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly. Taýýar bolan ýapgyny 25 minut saklap, soňra mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýygyrt atýan,  guran derili ýüzleri nemlemdirmäge kömek edýär.Iki nahar çemçesi aloe şiresini 1 nahar çemçe gaýmak we 1 çaý çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly.  Soňra ony ýüzüňize , boýnuňyza çalyp, 30 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi ýumşadar, ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam eder.
10
98
unknown_12
31 May 2022
Prensess,хокман 😊👍
Prensess
31 May 2022
Perman.,arasynda yatladay yadymdan cykmaz yaly😂
unknown_12
31 May 2022
Prensess,хокман ятдан чыкармасан болды 😂
Prensess
31 May 2022
Perman.,nadip yigreji edilyani indi owrenaymesem owrenen badyma sen un post edip goyjak 😁
MissBoss♕
31 May 2022
2stuk aspirini azajyk suwda eredip 1sany yumurtgany bile mikserde garysdyrsanyz kopurjikli bolup gapy asak owreninizde be maskamyz dokulmejek derejede bolsa onda tayyar bolany ony arassa yuze calyp her 5minutdan 3gezek calmaly me mylayym suwa yuzi yuwmaly.Bu yygyrt yuze hasam peydaly hemem yuzi agardyp owusgin berip duwurtiklerden arassalayar .... Gowy hem peydaly post👍🏻
unknown_12
31 May 2022
Prensess,мана атвет язмансын не то душундинми я😯
Prensess
31 May 2022
Ayjennet,nesip bolsa ertir goyjak
Ayjennet
31 May 2022
Aý indi bu Türkmeniň tomsy bn her kimin aladasy ýüz agartmak bolar. Şuňa meňzeş postlary koprak goysanyz sogap gazanarsynyz
unknown_12
31 May 2022
Prensess,нахили эдип овадан юзи йигренжи этмани овредайда. Мена шондан косенян (шутка😊) говы пост👍
Prensess
31 May 2022
Syr,cekize calsanam agarya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.