Paradise
23.02.2020 17:20
Umytlar
Eý kalbyma ganat berýän umydym,
Seniñ dünýäñ maña menden ýakyndyr.
Munda ähli gapyñ ýapyk mahaly,
Açyk duran ýalñyz seniñ gapyñdyr.
Agyr gazan giç gaýnaýar diýdiñde,
Ýumarladyñ keç yşgymyñ kösänin.
Gijeler señ bilen öñümden çykdy,
Gündizler sergezdan eden wysalym.
Başdan agan başly bara duýgylar,
Birigip daşyma geçen pursady,
Bu gursakda seni gözläp delim urup,
Göwnüm seniñ bilen özün dürsedi...
Althouth February 23rd originated as the day of people who serve or used to serve in the army, today even little boys reseive presents, wishes and congratulations.In the course of the time holiday became better known as MEN'S DAY.
Oglanlar baýramyñyz bilen tüýs ýüregimden gutlaýan.
HAPPY MEN'S DAY DEAR BOYS,GENTELMENS,AND MENS
51
502
Paradise
21.02.2020 20:50
Pyşyrdanyñ şygyr,sözläniñ aýdym,
Zemin heýjan tapar tutulsa adyñ.
Dünýämde şemim sen,köñülde şadym,
Meni bir sen bagtly edäýjek ýaly.
Neneñ gowy gül ýürege ýaz bolsa,
Dillere saz,kirpiklere näz bolsa,
Doñup durun ynan sähel gozgansañ,
Sen gözümden uçup gidäýjek ýaly.
Soñsuz synaglara sezewar boldym,
Öñde-soñda bir hoş söze zar göwnüm,
Diñe senli günler bezeýär ömrüm,
Alnymdan ak dañlar ataýjak ýaly,
Yşgyñ wysal güni bitäýjek ýaly...
Meniñ söýgim saña ýetäýjek ýaly..
48
596
Paradise
20.02.2020 23:16
Şybyr şybyr ýagyş ýagdy bu säher,
Ýa-da salyñ geçen bahar aýdymyny.
Duýdym,damjalaryñ tolgunşyn synlap,
Yañja seniñ keşbiñ görüp gaýdanyny.
Synlap durun kalby nuruna ýuwup,
Kümüş dürleñ gökden täsin dökülşin.
Bu ömürde bolan,boljak zatlara,
Ne hä howsalam bar,ne-de ökünjim.
Asyl dünýe döräp,gussa,gam,arman,
Hiç bolmadyk ýaly,bolmajak ýaly,
Göwnüñe göwün deý açylan güller
Müñ añzak geçsede solmajak ýaly..
Adamlar hiç haçan ölmejek ýaly,
Bar zat,bar zat häzir şeýle ezizle..
Sen bar,men bar hem tans edýän ýagyşlar,
Ýüregi suwlyja bu giñ zeminde....
47
794
Paradise
19.02.2020 00:09
Ýok edip dünýäden bagtsyzlyk adyn,
Durmuşymda ädip,aýgytly ädim,
Gözleriñde görenimde yşk odun,
Şol yşga bütinleý köýmek isleýän...
Hasratlara orun bermän gursakda,
Döredemde setirleri sen hakda,
Serimi göçürip,geçip çen-çakdan,
Bagtym bütin dünýä ýaýmak isleýän.
Yşk bilen atarsam her atan dañy,
Göýä gelmejek deý bu ömrüñ soñy,
Yüregimde eşdilende bagt heñi,
Señem bagtlylygyñy duýmak isleýän.
Söýgi yok diýýänler ejizdir kemsiz,
Söýgi bar..
Bar söýgi ondada çensiz.
Asla islemerin bu ömri sensiz,
Tä soñky güne çen söýmek isleýän....
41
524
Paradise
18.02.2020 00:12
Üýtgeşik bir gije, üýtgeşik asman,
Öñkilerden gözel görünýär aýam,
Birden seni ýatlap duýgylandym men...
Pyşyrdadym "Ukladymyka ? "
Ýa-da olam synlaýamy asmany,
Perdäñ añyrsyndan penjira bakyp.
Owadan umytlar besläp geljege,
Owadan söýgini kalbyna dakyp.
Ine şeýdip seni ýatlap otyrdym,
Aýa aýdyp söýgiñ süýji derdini,
Diñe şonuñ bagty üçin ýaşaýan,
Şonuñ bagty üçin alýan her demi.
Üýtgeşik bir gije, üýtgeşik asman,
Öñkilerden gözel görünýär aýam,
Ýene biraz ýazjaklam bar yşk hakda,
Şoñ üçinem gijäñ rahat bolsyn.....
40
758