Şybyr şybyr ýagyş ýagdy bu säher,
Ýa-da salyñ geçen bahar aýdymyny.
Duýdym,damjalaryñ tolgunşyn synlap,
Yañja seniñ keşbiñ görüp gaýdanyny.
Synlap durun kalby nuruna ýuwup,
Kümüş dürleñ gökden täsin dökülşin.
Bu ömürde bolan,boljak zatlara,
Ne hä howsalam bar,ne-de ökünjim.
Asyl dünýe döräp,gussa,gam,arman,
Hiç bolmadyk ýaly,bolmajak ýaly,
Göwnüñe göwün deý açylan güller
Müñ añzak geçsede solmajak ýaly..
Adamlar hiç haçan ölmejek ýaly,
Bar zat,bar zat häzir şeýle ezizle..
Sen bar,men bar hem tans edýän ýagyşlar,
Ýüregi suwlyja bu giñ zeminde....