Sen hakda bir şygyram ýazmadym eje,
Başarmaryn bärden gaýdaryn diýip.
Ýöne öz ýanymdan oýlanyp niçe,
Şanyña bir hoş söz aýdaryn diýip.
Ýüregimde duýgylar bar şeýle bir,
Ony ak kagyza seçip bilemok.
" Eje " sözün ýazýan bolany..
Şol bir sözden añry geçip bilemok.
Men soñ añdym soñ-soñ gelip aklyma,
Heran haçan aýtsam eje sözüni.
Galan ähli sözleñ sakga saklanar,
Şol mukaddes söze geçit berýänin.
Uçgyraksyz asman zemin arada,
Şol ýeketäk sözüñ höküm sürýärin.
Şol ýeketäk sözüñ ganat berýärin,
Men soñ-soñlar añdym,eje....