Paradise
19.03.2020 19:18
Durmuş

Men durmuşa başgaçarak düşünýän,
Durmuş- köl içinde ýatan suw däldir.
Ol mydama däli derýa deý joşup,
Öz akymy bilen öňe gidýändir.

Durmuşy hakykat bilen agtaryp,
Her gün gussa bilen atyrdym daňy.
Maňa bu durmuşda rol berilmedi
Ilki oýnap, soňra goýaryn ýaly.

Indi geçenleri ýatlap otursam,
Sanardan köp eken durmuşyň derdi:
Ömür gülüp ýören meni agladyp,
Ömür aglap ýören meni güldürdi.

Ýöne däli derýaň soňu-da bolýar,
Durmuş kitabynda ýapylar gatym.
Meniň kimdigime düşüner olar
Bir gysym topraga garylan wagtym
44
526
Paradise
18.03.2020 21:54
EJEME HAT

Didäme siňdirip didäň nuruny,
"Sag aman bar" diýip salaňsoň ýola,
Ak pataňda ýitirmedim ugrumy,
Dilegleriň ýetirendir wysala.

Meň üçin tiz geçer talyp ýyllarym,
Bilýärin, seň üçin ömre barabar.
Diýersiň elmydam: "Neneň günleriň,
Ýat ýerlerde habardarrak bolawer".

Eje, töweregim däl maňa del il,
Ynjydanok howpam abanyp, meni.
Sen gama batmaga edinme delil,
Deň-duş gyzlarymdan gabanyp meni.

Düşünýärin, kalbyň tapanok karar,
Gursagyňda aladalar gör, nije.
Ynan, men öňkümden ulaldym biraz,
Bu ýylam doldurdym ýene bir müçe.

Çagadyryn seniň gözüňde häli,
Gama batma hemme saglyk, salamat.
Ak pataňy alyp, düşülen ýoly,
Men hemişe hasaplaýan keramat.
50
1 219
Paradise
18.03.2020 21:52
ÝAGYŞ

Ýagyş damja-damja dol ýüregime
Kükesin ruhumda uçmahyň ysy.
Ýag sen, zerre-zerre syl yüregimi,
Açylsyn bägül dek göwnümiň hoşy.

Asmandan reňk alan pikirlem, belki,
Seniň güwäligiň bilen aklanar...
Çyrmaşyklar basan tozanly ýollar
Her damjaňda kir-kimirden saplanar...

Süýji suwa teşne bolýa ummanam
Şor tolkunlar ugratsa-da kenara...
Gandyr suwsuzlygym bir saňa aýan!
Umman gomda tussag bolsa ne çäre!?

Eý gamly buludyň nury didesi!
Inçelýär umydym, bahary buşla.
Habar ýokmy azatlygyň paslyndan?
Dam sen, solan arzuwlarym nagyşla...

Zemine Gökleriň salamyn paýlap,
Ýag, dowamat tapsyn juwan ömürler!
Ýag, owarra bolsun gözýetimlerden,
Peläket sawçysy betpäl ümürler...
44
399
Paradise
17.03.2020 22:27
Düýş
Eje geçen agşam tisginip turdym,
Balam diýip sypanmyşyñ başymy.
Gyzymy birahat edäýmäñ diýip,
Mähriñ bilen gurşaýandyr daşymy.

Şol pursat gujagyña dolmak isledim,
Näme üçindir elim ýetmedi saña.
Oýanamda munuñ dūýşdigini bilmek,
Ynansañ iñ agyr ezýetdi maña.

Görmek ūçin şol dūýşimiñ yzyny,
Ukym tutmasada ýatasym geldi.
Mazaryñ öñinde epip dyzymy,
Señ mährem gujagyña dolasym geldi.
53
934
Paradise
16.03.2020 21:17
Gitdiñ bahanalap ýönekeý zady,
Gelmediñ yzyña dolanyp ýene.
El bilen düzedip bolmaz ykbaly,
Ezizim sen maña dúșünäysene.

Garașmaklyk agyr bolsa-da çenden,
Gara$dym gözlermi yoluña dikip.
Saña bolan umydymy üzmedim,
Ýeke özum ajy hasraty çekip.

Diýdiler:"GARAȘMA GELMEZ INDI HIÇ,
ONUÑ ÜÇIN ÖRTEMEGIN ÖZÜÑI".
Bu sözler ýüregimi paralap gitýär,
Ýene garașyan men yumup gözümi.

Joralarym diýdi:"UNUT SEN ONY,
INDI ONUÑ TOÝ SÄHEDI BELLENYÄR.
ÝATDAN ÇYKAR BILE GEÇEN GÜNLERÑI,
INDI ERTIR SÖYEN ÝIGDIÑ ÖYLENYÄR.

Bu habar dünýämi düñderdi birden,
Indi meniñ ùçin hiçzat yok yaly.
Gapyldy garagym,ýakyldy kalbym,
Ýitirdim men saña baryan bu ýoly.

Agladym,gòz ýașym tükendi gitdi,
Ýakyp barýar ýüregimiñ yzasy.
Häzirem ýadyma sen düșyäñ ýarym,
Bu söyginiñ agyr eken jezasy
55
1 738
Paradise
16.03.2020 00:35
Bir günüň resepti
Gerekli önümler

Bir çümmük «Ertiriňiz haýyrly bolsun!»;
Bir çaý çemçe «Günüňi gowy geçirmäge isleg»;
Birazajyk «Geçirimlilik»;
Az-owlak «Mylakatlylyk»…
Has tagamly bolar ýaly 《Ajaýyp ýylgyryş we mähirlilik》
Iñ soñky salmaly zadam《 süýjije umytlar we arzuwlar》
Bellik: Hemme önümler arassa, täze bolmaly.

Taýýarlanyşy:

Ýokarkylary köňül tabagyňyzda gowy edip ýugruň;
Akyl pejiňize salyp, doly bişýänçä – ysy üstüňize ornaýança saklaň;
Içine duýgy şerbetini goşup, bir salym goýuň;
Soňra ony durmuşyňyzyň üstünden az-azdan guýuň;
Üstüni söýgi hem mähir süýjülikleri bilen bezäň;
Älemgoşar owuntyklaryny sepeläň;
Tagamymyz taýýar.

NOŞ BOLSUN!!!

Bu tagamy günde işdämenlik bilen iýiň. Diňe özüňiz däl, hemmelere hödürläň. Ýene bir zat: şu tagamy günde iýseňizem, berçigmersiňiz.
54
1 147
Paradise
15.03.2020 01:31
“Durmuş derýasynda”

Ýüzüp ýörkäň durmuş atly derýada
Kenarynyň bardygyny unutsaň,
Per bermeseň, gussa, ahy-perýada,
Şatlyk bolup ýagyp dursa bulutlar.

Gulagňy gandyryp elwan gülleriň
Ýuwaşja hiňlenýär aýdymlaryndan,
Depäňde göterip asman gümmezin,
Ýitseň sähralaryň ýaşyl ýolunda.

Gökde ganat ýaýsa guşlaň aýdymy,
Ömre bezeg berse ygşyldan baglar,
Kalbyňy dörseler pyşyrdan baglar,
Bolmasa hiç ýaşaýyşdan doýdumyň.

Güýzler garrar.
Baglaň ömri soňlanmaz –
Dökülýän ýapraklar däl ölme sebäp.
Ömür bolup ýazlar ýene doglanda,
Tebigata dirilik suw sepeläp,
Ýok, güller däl, sen gül bolup açylsaň,
Dideleriň nury galsa her ýazda.
Ak gyşlaryň ruhy bolup saçylsaň-
Gark bolmasaň durmuş atly derýada…
44
513
Paradise
10.03.2020 00:57
Her bir baslangyjyn sony bolsy yaly meninem owrenmelide sonky gunum.Sizin bilen tanysanyma hatda siz yaly adamlar bilen dostlasanyma men diysen begenyan.
Durmusda edyan ahli arzuwlarynyza yetin hemise bagtly bolun dine gulup gezin sag bolun.....
35
1 036
Paradise
08.03.2020 23:56
Ykbal ýollary...

Ömür sallançagna salynan günüm,
Aglap, eñrändirin - ony duýmadym.
Soñ-soñlar saýgaryp, atam-enemi
Mähir ojagynda oýnap doýmadym.

Sag bol, çagalygym! Hoşal men senden.
Diñdirdiñ aglasam, a:rman oýnatdyñ.
Bir gün oýunjaklam alyp elimden
Ýetginjeklik ýollaryna ugratdyñ.

Bilýärdim bu ýollañ uzakdygyny,
Hemem şeýle gysgadygyn syzýardym.
Asfaltdan bolmadyk durmuş ýolunda
Käteler ýykylyp, ýolum sozýardym.

Düşünýän ýalydym barça zatlara,
"Tiz ýetsem" diýýärdim ulygyzlygyma.
Aklym kesebilmän duran pursatlam
Gözüm ýetdi entek kütekligime.

Ynha, bu gün bolsa, ömür kerwenim,
Ýaşlyk saraýynda kän düşlän ýaly.
Nätjek, saklap bolmaz, belli zat ahyr
Ýene dowam eder başlanan ýoly.

Indiki menziller has alysmyka?
Haçan ýetirerler ol kämillige?
Ýöne şükür edýän, galar sabyr hem
Gojalyk, garrylyk... ýol kän "illere"!
45
1 572
Paradise
08.03.2020 13:25
Ykballar ömrüñi uzak eýlesin,
Ejemjan bakyp dur meniñ ýollaryma.
Bagtly didelemde gussa neýlesin
Ejemjan bakyp dur meniñ ýollaryma.

Käbam ýylgyrmasa ömre yakym ýok,
Sypasa başymy derdim ýüküm ýok,
Men bagtsyz diýmäne asla hakym yok,
Ejemjan bakyp dur meniñ yollaryma.

Käbamiñ pendini bagtyma baglap,
Çagalañ daşynda durmuşyñ abat,
Şonda-da her basan ädimim sanap,
Ejemjan bakyp dur meniñ ýollaryma.


Ilki bilen ýerdäki perişdämiz bolan mahriban enelerimizi, gelin gyzlarymyzy yetip gelen şu ajaýyp baýramçylygy bilen gutlayan. Bayramynyz gutly bolsyn guler yuzli nurana bahar bagullerine menzeyan owrenmelinin ajayyp gyzlary... Dine bahar bagulleri yaly acylyp gulup gezin yurekde beslan ahli arzuwlarynyz hasyl bolsyn?????????⚘⚘⚘⚘⚘⚘?????
38
2 082