Paradise
18.03.2020 21:52
ÝAGYŞ

Ýagyş damja-damja dol ýüregime
Kükesin ruhumda uçmahyň ysy.
Ýag sen, zerre-zerre syl yüregimi,
Açylsyn bägül dek göwnümiň hoşy.

Asmandan reňk alan pikirlem, belki,
Seniň güwäligiň bilen aklanar...
Çyrmaşyklar basan tozanly ýollar
Her damjaňda kir-kimirden saplanar...

Süýji suwa teşne bolýa ummanam
Şor tolkunlar ugratsa-da kenara...
Gandyr suwsuzlygym bir saňa aýan!
Umman gomda tussag bolsa ne çäre!?

Eý gamly buludyň nury didesi!
Inçelýär umydym, bahary buşla.
Habar ýokmy azatlygyň paslyndan?
Dam sen, solan arzuwlarym nagyşla...

Zemine Gökleriň salamyn paýlap,
Ýag, dowamat tapsyn juwan ömürler!
Ýag, owarra bolsun gözýetimlerden,
Peläket sawçysy betpäl ümürler...
44
399
Myhman Myhman
19 Mart 2020
Gowy yazylan.
Didarmuhammet
19 Mart 2020
Gowy gosgy???
Myhman Myhman
19 Mart 2020
Su wagta howa edil sular yaly yagys damjalap baslady asmany agladyp???
Gülhan
19 Mart 2020
Wahh Yagyş, Yagyş...??☹️
Aycicek
18 Mart 2020
Ah śu wagt ýagys ýagsady?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.