Ykbal ýollary...
Ömür sallançagna salynan günüm,
Aglap, eñrändirin - ony duýmadym.
Soñ-soñlar saýgaryp, atam-enemi
Mähir ojagynda oýnap doýmadym.
Sag bol, çagalygym! Hoşal men senden.
Diñdirdiñ aglasam, a:rman oýnatdyñ.
Bir gün oýunjaklam alyp elimden
Ýetginjeklik ýollaryna ugratdyñ.
Bilýärdim bu ýollañ uzakdygyny,
Hemem şeýle gysgadygyn syzýardym.
Asfaltdan bolmadyk durmuş ýolunda
Käteler ýykylyp, ýolum sozýardym.
Düşünýän ýalydym barça zatlara,
"Tiz ýetsem" diýýärdim ulygyzlygyma.
Aklym kesebilmän duran pursatlam
Gözüm ýetdi entek kütekligime.
Ynha, bu gün bolsa, ömür kerwenim,
Ýaşlyk saraýynda kän düşlän ýaly.
Nätjek, saklap bolmaz, belli zat ahyr
Ýene dowam eder başlanan ýoly.
Indiki menziller has alysmyka?
Haçan ýetirerler ol kämillige?
Ýöne şükür edýän, galar sabyr hem
Gojalyk, garrylyk... ýol kän "illere"!