Paradise
05.04.2020 00:23
.Ömrüñ başy
Ynha sallançakda " iññä " bäbejik
Mähirli, enaýy " iññä "babejik.
Ýap-ýañyja dünýä geldi jägildäp,
Indem uklap ýatyr dynç alýan ýaly.
Ylla özün uzyn ýola häzirläp.
Görle, gysymjygyn mäkäm düwüpdir,
Diýýäler " Aý şuýa gysganç bor gaty! "
Ýok, düşüniñ oña, ol ýap-ýañyja,
Hakyñ beren ömür dänelerini
Gaçyrmajak bolup, berk gysyp ýatyr.
Oýanýar, birden hä gaşyny çytýar,
Birdenem ýylgyrýar???
Ezizleriniñ göwnüni çaglap görýär ol
Soñra çyny bilen aglap görýär ol.
Käwagt küýsän deý gözel dünýäni,
Näzijek gollaryn gerýär bäbejik.
Ylahdan berilenje duýgylaryny,
Häzir bir-bir synap görýär bäbejik.
57
474
Paradise
04.04.2020 00:07
Ýagyp dur,
ýagyp dur, şeçeläp ýagyş,
Beset indi ezme ýüregim ejiz,
Akyp penjireden goýup ýanýoda,
Seňem derdiň agyr oguşýa hergiz.
Hawa... ýagyş meniňki hem şeýleräk,
Ýaňagymdan syrygyp dur damjalar,
Seňki hezil diňýäň islän mahalyň,
Meniň haçan garyp göwnüm ynjalar?!
Senem hemaýatkär deýin derdime,
Damjaňy indirip dursuň bulutdan,
Duman girdabynda gizläp şapagy,
Synlamaga mejbur etdi uludan.
Görýän welin, şapak zar bolan ýaly,
Görmäge zemini döküp nuruny,
Hat-da jyklamaga berenokdy maý,
Lemmer bulut üýtgetmese ugruny.
Garry mama ele alyp depregin,
Asman ýaryljak deý bolupdy lerzan,
Bu ýagyşyň ýönekeýje oýnuna,
Ejiz mör-möjekler bolupdy weýran.
Çintkäp-çintkäp ahyr bes etdi ýagyş,
Asmanyň ýüzüne çekildi goşar,
Haçan maňa dogar şeýdip täze gün?!
Haçan meniň gamly günlerim ýaşar?!
57
307
Paradise
03.04.2020 00:04
O döwürler mekdep ikinji öýdi,
Mugallym ikinji ene-atady.
Howlugsagam ir ertirki okuwa,
Säher daňy öz wagtynda atardy.
Mekdep sary toýa barýan mysaly,
Uçardyk ökjämiz degirmän ýere.
Uly arakesme gutaran wagty
Ýüwrüp yzymyza girerdik ýene.
Gep diňe bir ylym-bilimde däldi,
Mugallymlar magnit kimin dartardy.
Başlangyç mekdepde başlanan söýgi
Klasdan klasa ýyl geldikçe artardy.
«Bu mugallam gowy, o biri ýaman» --
Beýle pikir kellämize gelmezdi.
Ikiýylçy ikilikçiň üstünden
Birehimlik bilen hiç kim gülmezdi.
Gurply maşgalamy, garyp tünekmi,
Mugallymlar üçin barymyz deňdik.
Şolar bilen bisowatlyk howpuny
Wagtynda uruşsyz, ýaragsyz ýeňdik.
O ýyllar garyldy taryh çaňyna,
Gum sepildi, kül sepildi bu döwre.
Okuwçylaň hersi bir deräň şiri,
Geldi mugallymyň takdyry çöwre.
Ujypsyz aýlyga daňyldy biri,
Biri işsiz galyp, köçä kowuldy.
Haýsy doňýüregiň günäsi bilen
Toýlar ýasa döndi, bazar sowuldy?
...Mugallym eşitmän «bagyşla» sözün,
Ädik basyp giden gül kimin solup,
Birmahal okadan okuwçysynyň
Firmasynda otyr garawul bolup.
Şiraly Nurmyrat
72
666
Paradise
02.04.2020 11:41
Bölekler:
Müň bir gije kitabynda halan şygyrlarym
Görüň bu gojany gezer illeri,
Sakgaly dyzyndan egri billeri.
Diýdim: «Neçüýn bukdyň dogry kamatyň?»
Diýdi: «Sebäbi bar bu melamatyň—
Ýaşlygym ýitirdim, rastym sözleýän,
Eglip şony gum-gusurdan gözleýän.
******
Bu oglanyň bolşy agyn atasy,
Daragt köke görä ýokdur hatasy.
*****
Dünýäni başyňa ýumrup ýatma sen,
Gam-hesret laýyna hergiz batma sen,
Arzuwlaň muşgildir, uzakdyr bada,
Emma tiz ýetersiň magsat-myrada.
*****
Ýuwaş bol, ýol berme gahar gazaba,
Başa düşse, döz gel herhil belaga.
******
Alňasama, äwme— äwmek şeýtandan,
Ile rehm kyl— rähmet ýagar her ýandan.
Zulm eýleme— berer towpugyň Jepbar,
Beter zulma uçarar her bir sütemkär.
*******
Lallik goragyňdyr, dymmak görküňdir,
Geplede, ýaňrama— elde erkiňdir.
Eger saklananňa ökünseň sähel,
Dil ýaranňy unutmarsyň hiç mahal.
*******
Hiç kesden gözleme gaýry wepany,
Dostlar dargar, pelek salsa jepany.
Butin ömrüň tenhalykda ötürgil,
Sözüm jandan syzar— akyl ýetirgil.
*******
Başyn tutar bolsaň bir möhüm işiň,
Maslahatyn algyn pähimdar kişiň.
*******
Garyp düşen baýa dünýä daralar,
Misli gün ýaşanda nury saralar.
Ýok ýerinde hergiz kylmazlar ýadyn,
Gelse, «Paýyň al» diýp tutmazlar adyn.
Bazarda müýnlüdir, galdyrmaz ýüzün,
Çöle çykyp sykar gan ýaşly gözün.
Walla, ynan, garyp kişi mat bolar,
Dogan-gardaş, il-gününe ýat bolar.
************
«Erte gel» diýseler dileg edeňde,
Kowduklary bolar, bilgil, gideňde
65
368
Paradise
01.04.2020 18:15
Bir wagt bir gözel...
Bir wagt bir gözel deñze barypdyr,
Hem çözüpdir saçlarynyñ örümin.
Şol günden soñ deñiz ylla janlanyp,
Çaýkanyp ýatyrmyş telba öwrülip,
Ýogsam, birmahallar gurajak eken.
-----
Bir wagt bir gözel daga çykypdyr,
Hem aýdypdyr ýüreginiñ aýdymyn.
Şol günden soñ beýik daglañ başynda,
Ebedi parlapdyr ýaşlyk baýdagy,
Ýogsam, birmahallar garrajak eken.
-----
Bir wagt bir gözel sähra gidipdir,
Hem öpüpdir elwan gülleñ ýañagny.
Şol günden soñ dünýän ähli sährasy,
Tutupdyr söýginiñ näzik damarny,
Ýogsam, bir çak gussa garbajak eken.
-----
Bir wagt bir gözel sataşdy maña,
Hem yşk bilen gözlerimi açdy meñ.
Dünýäm deñiz bolup çaýkandy şonda,
Göwnüm dag deñine galdy belende.
Kalbym dönüp sährasyna söýginiñ,
Mukam boldy ýaşlygymyñ dilinde.
Ýogsam, birmahallar dargap giderdim,
Ýogsam, birmahallar garrap giderdim
67
529
Paradise
01.04.2020 00:35
Unutdym...
Men seni bireýýam ýatdan çykardym,
Ýatlap ýörmek peýdasyz:a söýmeseñ,
Unutdym, her säher suratyñ ogşap,
Her agşamam düýşe girýäñ diýmeseñ.
Men seni bütinleý ýatdan çykardym,
Söndi çep gursakda lowlan ataşam,
Ýöne senden habar beräýjek ýaly,
Her bir gabatlaşan,
Her bir sataşan.
Seni mydamalyk ýatdan çykardym,
Seni ýatlamagyñ hajaty hem ýok,
Yöne bilýarmiñ şol otly gözlen,
Bu gyzlaryñ birindenem tapamok.
Seni hyýalymdan çykardym welin,
Ynanaý şeýlebir giñedi dünýäm
Dünýam giñese:de giñändir welin,
Men bir hakykata indi düşünýän.
Seni hyýallardan sogrup, zyñyp,
Ganaty gyrlan garlawaç kimin,
Sensiz galanymda düşündim dünýäm,
Asyl zyñan zadym -özüm ekenim.
65
301