Bir wagt bir gözel...
Bir wagt bir gözel deñze barypdyr,
Hem çözüpdir saçlarynyñ örümin.
Şol günden soñ deñiz ylla janlanyp,
Çaýkanyp ýatyrmyş telba öwrülip,
Ýogsam, birmahallar gurajak eken.
-----
Bir wagt bir gözel daga çykypdyr,
Hem aýdypdyr ýüreginiñ aýdymyn.
Şol günden soñ beýik daglañ başynda,
Ebedi parlapdyr ýaşlyk baýdagy,
Ýogsam, birmahallar garrajak eken.
-----
Bir wagt bir gözel sähra gidipdir,
Hem öpüpdir elwan gülleñ ýañagny.
Şol günden soñ dünýän ähli sährasy,
Tutupdyr söýginiñ näzik damarny,
Ýogsam, bir çak gussa garbajak eken.
-----
Bir wagt bir gözel sataşdy maña,
Hem yşk bilen gözlerimi açdy meñ.
Dünýäm deñiz bolup çaýkandy şonda,
Göwnüm dag deñine galdy belende.
Kalbym dönüp sährasyna söýginiñ,
Mukam boldy ýaşlygymyñ dilinde.
Ýogsam, birmahallar dargap giderdim,
Ýogsam, birmahallar garrap giderdim