Ýagyp dur,
ýagyp dur, şeçeläp ýagyş,
Beset indi ezme ýüregim ejiz,
Akyp penjireden goýup ýanýoda,
Seňem derdiň agyr oguşýa hergiz.
Hawa... ýagyş meniňki hem şeýleräk,
Ýaňagymdan syrygyp dur damjalar,
Seňki hezil diňýäň islän mahalyň,
Meniň haçan garyp göwnüm ynjalar?!
Senem hemaýatkär deýin derdime,
Damjaňy indirip dursuň bulutdan,
Duman girdabynda gizläp şapagy,
Synlamaga mejbur etdi uludan.
Görýän welin, şapak zar bolan ýaly,
Görmäge zemini döküp nuruny,
Hat-da jyklamaga berenokdy maý,
Lemmer bulut üýtgetmese ugruny.
Garry mama ele alyp depregin,
Asman ýaryljak deý bolupdy lerzan,
Bu ýagyşyň ýönekeýje oýnuna,
Ejiz mör-möjekler bolupdy weýran.
Çintkäp-çintkäp ahyr bes etdi ýagyş,
Asmanyň ýüzüne çekildi goşar,
Haçan maňa dogar şeýdip täze gün?!
Haçan meniň gamly günlerim ýaşar?!