Paradise
28.01.2024 17:28
ŞU GÜNLERDE...

Şu günlerde göreş gidýär süňňümde,
Sebäpkärem şol ýanbermez dümew-le.
Seniň menden uzakdalygyň üçin
Ol hasam möwjeýär kakyp heşelle.

Şeýle pursatlarda kökenek gerip,
Alada ederdiň kesir gyzyňy.
Burçluja unaşy taýynlap berip,
Üstesine çekerdiňem näzimi.

Eje,özüm eje bolalym bäri,
Ilkinji gez şeýle ejizledim men.
Daşymda hozanak bolup ýörşüňi,
Ýatlap öz ýanymdan ezizledim men.

Eje, undup şu günümiň gussasyn,
Oýanasym geldi kiçiligimde.
Ümdüzime gidibermek isledim,
Gamsyz çagalygyň köçelerinde.

Düweme ýolugyp,küýsedim eje!
Mähir goşup berişiňi melheme.
Sensiz göýä agyr hassa öwrüldim,
Juda suwsapdyryn ýyly mähriňe.

Şu gün säher öýde ýaly oýandym,
Garaşdym,başyma eliň goýarňa.
-Oýan gyzym,gaýdyşypdyr gyzgynyň,
Indi,gorky yzda galdy” diýerňe.

Birdenem bu haldan aýňalypdyryn,
Indi özüm eje, keşk bar egnimde.
Ýöne eje,şindilerem küýseýän,
Başymdan sypalap oýarşyň günde.

Meñli Aşyrowa
33
75
Paradise
05.01.2024 18:46
Ýüregim ýüregiň elinden tutup...
Ýa-da, tersine!
Ýüregiň ýüregmiň elinden tutup,
Ylgasady,
ýöresedi,
dursady!
Günlerem süýjije-süýjije ötüp,
Elmydama gülkim tutup dursady.

Gülemde-de süýji gözýaş dökülip,
Göriplerem «aglaýandyr» diýseler.
Hemem saňa ynansadym şeýle bir,
Geň görsedim,
«aldaýandyr» diýseler.

Süýji ýaly togalak däl gözlerim,
Oňa derek togalak bu ene ýer.
Togalak däl, süzük gözli bolsamam,
Ahyr nesip eder süýji seneler.

Men bir ýöne süýji düýşleň eýesi,
Senem şol düýşlemden atylyp çykan.
Belki, şeýdip söýübersek süýjini,
Ol bagtymyz bala batyryp çykar?!

Süýji zatlaň uzak bormuş möhleti,
Goý, bize-de şeýle ýollar açylsyn.
Günlermizi süýjä doňdursyn wagt,
Ýogsa-da, olary bala gaçyrsyn!..

Aýgül Garaýewa
28
85
Paradise
04.01.2024 22:55
AÝRALYK

Geň görseň geň göräy,ya-da gaharlan,
Men-ä käte aýralyga garşy däl.
Ogurlaýan eken wagt söygini
(olam hereketde,şol bir bolşy däl).

Özüň yanymdakaň söygiň alysda,
Uzakdakaň weli göryäň has eziz.
Yetilen söýgüni süýjetmek üçin
Aýralyga yüz urmaly bolýas biz.

Adamzadyň tebigaty şeýleräk
Gazanylan zadyň gadry kemelýär.
Şeýdibem söýgüniň ganym duşmany-
Biparhlyk deňzine özüni urýar.

Şonuň üçin dogry düşün,geňleme
Ýanymdakaň sowuklygyňy duýamdan,
Daşdakaň mähriňi duýasym gelýär.
Hemem ýetilmedik arzyman ýaly
Söý meni,söý meni diýesim gelýär.
25
61
Paradise
31.12.2023 19:18
ŞU GÜN

Aýdylmaly bolsa eger çyn zady,
Görmedim gözlerden başga çuň zady,
Täze ýyl saçagnyň duzundan dadyp,
Arzuwlar ýürekden diýilsin şu gün.

Bagt üçin howluksyn sagadyň dili,
Göwnüň pägi gözel, baharyň güli,
Süýji umyt bilen garşylap ýyly,
Sözüň gudratyna uýulsyn şu gün.

Artsyn rysgal-bereketiň hümmeti,
Saglyk-salamatlyk ömrüň gymmaty,
Ajaýyp günlerde hiç kim dymmasyn,
Gursaklaň ýylysy duýulsyn şu gün.

Bolsun ýüzlerimiz ýüze bakar tap,
Beden bolsa bolsun hortap, tokartap,
Galdyryň badany biraz ýokarrak,
Ylham şerabyndan guýulsyn şu gün.

- Bir-birege myhman barjak – diýilsin,
- Ykbal bagty serpaý berjek – diýilsin.
Syrdam ýigitlere gerçek diýilse,
Gyzlar sadalykda öwülsin şu gün.

Dünýäni yşk ýeňer, menzili äden,
Baky galmak islär eşretin dadan,
Enemiz — How ene, atamyz — Adam,
Ähli ynsan söýüp-söýülsin şu gün.
31
85
Paradise
24.12.2023 23:27
Men bagtymy tapdym – ýatan ekeni.
Oýaryp bilmedim,
Oýarjak däldim,
(Ertiriň şerinden bolup hantama,
Gör, näçe agşamyň haýryndan galdym,
(Sogaby – sanana!)
Ýöne nämüçin,
yşk badasy gysymymda çat açýar?
Nämüçin aýralyk, namart aýralyk
sen ýanymda ýok mahalyň sataşýar?..).

Içimden gygyrdym.
Daşymdan dymdym.
Dymdygymça kalbym boldy set para.
Indi gaýdyp nalyş etmen Jepbara:
Bagt diledim – yşk berdiler,
Berdiler
düýşde çekip bilmejegmi huşumda,
Men bagtymy tapdym,
Ýatan ekeni,
Durun indem ötübilmän duşundan.

Mukam Muhamow
19
24
Paradise
21.12.2023 22:25
Sen özüňi ýigrendirjek bolmagyn,
Bilýäň-ä ýüregim o duýga gedaý.
Gitmegiňe öýkäm sebäp bolmasyn,
Gidesiň gelýämi, sebäpsiz gidäý!

Bir gitdiňmi, dolanma soň yzyňa,
Gün bolsamam saňa şugla saçmaryn.
Bir gün ýetip duýgularmyň gadryna,
Ýene kaksaň ýüregimiň gapysyn,
Daşyndan ýapan sen, menem açmaryn.

Ejizlemen jylawlaryn duýgymy,
Ötä: gitsem setirlemde ýatlaryn.
Ýöne welin dolanmazlygyň üçin
Ýalanjykdan bagtlydygmam agzaryn.

Wagtam geçip dur bize seretmän,
Olam eder elden gelen kömegin.
Haýp, eden arzuwlarma degmediň,
Ýüregi söýgimden ejiz gelenim!

Unudarnam belki seň unduşyň dek,
Ýöne peýdasy ýok göwnüme degmäň.
Sebäp meni söýüp başarmaýşyň dek,
Menem ýigrenmegi başarman, didäm!

Enemahri Guwanowa
36
84
Paradise
19.12.2023 18:48
Sabrym sagadyna kän bakýan boldy,
Salgym atýan boldy ömrüň sen taýy.
Şat günleň ýeňsesin el ýaly eden
gussalar süňňüme siňýär demsaýy.

Eliň aýasynda ýer eden ýürek
Ýarasyna, ýamasyna seretmän,
Urup dur,
Deňine urýan buduma.
Ykbal bizi sürgün etdimikä ýa
Bulut gabaklardan, diňmäni bilmän,
Sowuk ýagyşlaryň guýýan ýurduna?

Köz galypdyr ody alnan gözümde,
Köňlüň asfalt köçesinde yzym ýok.
Umyt diýip göge uçuran guşuň
Güneşiň öňüni tutdy, bileňok.
Bizden näme gitdi?
Gökden-ä — ýagty.
Wah...
Saýa salmady,
Kölege saldy,
Telleri ogşalan ynam daragty.

Her kim öz agyrýan ýerini tutýar,
Agyrýan ýerim — sen,
Tutaýyn nädip?..
Indi senden alyslara çagyrýar
Ýama tutmaz ýürek,
Ýamaly ädik.

Mukam Muhamow
30
42
Paradise
15.12.2023 20:55
köne ýyl duýgysy...

Bu ýylyñ ýüzüne tutulýar perde,
Serime düşnüksiz pikirler gelýär.
Obalaryñ kalbyn çekip, şäherde
emeli arçalar gurldy eýýäm.

Agşamlar Asmanda yşyk yranar,
Bir ýerlerde şemallar hem dymyp dur.
Köçelerde ýanyp-öçýär çyralar,
Diwarlardan erän reñkler damyp dur.

Hormat bilen garşylanan täze ýyl,
Boýnun burup siñip barýar taryha.
Garşylanýan ýyl hem duýman täleýin,
Kürsäp gelýär başyn aýlap tarypa.

Kebaplaryñ köze damýan ýagynyñ
köýen ysyn ýaýradyp dur tüsseler...
Kimler derde goýar, täze ýarynyñ
Elin tutup köne ýoldan ötseler...

Biwepalyk eden ýaly ýaryma
Täze ýyl diýp timarlansam, bezensem...
Bilmen, näme zeper berdi añyma,
Bolmazmyka, il deñinde begensem?!.
29
47
Paradise
11.12.2023 22:51
Hemmeler bir zada garaşýar göýä,
Belki,täzelikleñ asly umytdyr!
Täze ýylda hökmün ýöredýär arzuw,
Hyýalbentlik hakykaty unutdyr.


biza basladyk Mahremay we Denizhan bilen🎄🎄🎄
32
406
Paradise
05.12.2023 22:33
Ýene geleñsizlik golun bulaýar,
Erkimiñ ýüpüni goýberdi ellem,
Pikirleñ atyzny şor alan ýaly,
Dereksiz zatlara agyrýar kelle.

Ýylysy ýok, ýakymy ýok durmuşyñ,
Men buzlary ýorgan edip ýapynýan,
Derdimi, halymy sorama , dostjan,
Soñky wagt şowsuzlykdan bukulýan.

Ah-eý men guraýyn, men şol ýelýürek,
Täleý bilen tersleşen telbe men,
Geljek hakda eden ähli arzuwlam,
Bagtymyñ ters tarapyna ýelmenen.

Ömür geçýär, bilmen haçan soñlanar,
Ýapraklary gurap barýar bagymyñ,
Hany men?, hany sen?, tapamok heniz,
Bukjak bolýan saçlarymyñ çalyny.

Ýalñyzlygyñ gurrasy ýok, tebip ýok,
Menzillerem ýetdirerden alysda,
Maña ýakyn gelmäñ ýürekdeşsyrap,
Men hakyky ýürekdeşe garaşjak.

Şatlyk mukamyny çalýan sazanda!,
Şu gün bir meñ üçin ýañlansyn owaz,
Düzüw okaýanlar okasyn doga,
Hyýallarym bilen ruhymy dolap,
Äkidiñ müdümi, iteriñ gowa.

Öli ýaly ýaşap ýören diri kän,
Ol barybir maña meñzeş biri däl...

Baýram Bejidow
37
108