Sabrym sagadyna kän bakýan boldy,
Salgym atýan boldy ömrüň sen taýy.
Şat günleň ýeňsesin el ýaly eden
gussalar süňňüme siňýär demsaýy.
Eliň aýasynda ýer eden ýürek
Ýarasyna, ýamasyna seretmän,
Urup dur,
Deňine urýan buduma.
Ykbal bizi sürgün etdimikä ýa
Bulut gabaklardan, diňmäni bilmän,
Sowuk ýagyşlaryň guýýan ýurduna?
Köz galypdyr ody alnan gözümde,
Köňlüň asfalt köçesinde yzym ýok.
Umyt diýip göge uçuran guşuň
Güneşiň öňüni tutdy, bileňok.
Bizden näme gitdi?
Gökden-ä — ýagty.
Wah...
Saýa salmady,
Kölege saldy,
Telleri ogşalan ynam daragty.
Her kim öz agyrýan ýerini tutýar,
Agyrýan ýerim — sen,
Tutaýyn nädip?..
Indi senden alyslara çagyrýar
Ýama tutmaz ýürek,
Ýamaly ädik.
Mukam Muhamow