ŞU GÜNLERDE...
Şu günlerde göreş gidýär süňňümde,
Sebäpkärem şol ýanbermez dümew-le.
Seniň menden uzakdalygyň üçin
Ol hasam möwjeýär kakyp heşelle.
Şeýle pursatlarda kökenek gerip,
Alada ederdiň kesir gyzyňy.
Burçluja unaşy taýynlap berip,
Üstesine çekerdiňem näzimi.
Eje,özüm eje bolalym bäri,
Ilkinji gez şeýle ejizledim men.
Daşymda hozanak bolup ýörşüňi,
Ýatlap öz ýanymdan ezizledim men.
Eje, undup şu günümiň gussasyn,
Oýanasym geldi kiçiligimde.
Ümdüzime gidibermek isledim,
Gamsyz çagalygyň köçelerinde.
Düweme ýolugyp,küýsedim eje!
Mähir goşup berişiňi melheme.
Sensiz göýä agyr hassa öwrüldim,
Juda suwsapdyryn ýyly mähriňe.
Şu gün säher öýde ýaly oýandym,
Garaşdym,başyma eliň goýarňa.
-Oýan gyzym,gaýdyşypdyr gyzgynyň,
Indi,gorky yzda galdy” diýerňe.
Birdenem bu haldan aýňalypdyryn,
Indi özüm eje, keşk bar egnimde.
Ýöne eje,şindilerem küýseýän,
Başymdan sypalap oýarşyň günde.
Meñli Aşyrowa