PLANETA
21.05.2024 03:36
Çuňňur duýgudaşlygymyzy bildirýäris!

Salam Hormatly Öwrenmeliniň agzalary.
Edil düýn Türkmenistan döwletmiziň dost-doganlyk hem-de goňşy döwleti bolan Eýran Yslam Respublikasynyň sekizinji Prezidenti Aýatolla Seýed Ebrahim Raisi aradan çykdy. Bu waka 19-njy maýda Eýranyň Gündogar Azerbeýjan welayatynyň Warzakan sebitinde boldy. Şol sebitiň asman giňişliginden welaýatyň Töwriz şäherine tarap uçup barýan EYR-yň Prezidentiniň dikuçary heläkçilige sezewar boldy. Bu heläkçiligiň netijesinde bolsa, EYR-ň taryhynda 8-nji Prezdenti, hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Prezident Aýatolla Seýed Ebrahim Raisi aradan çykdy.
Biz gynançly habar tizara dünýä ýüzüne belli boldy. Biz hem öz gezegimizde doganlyk hem-de goňşy döwletmiz Eýran Yslam Respublikasyna hem-de Jenap Prezidentiň maşgalasyna we ýakynlaryna çuňňur duýgudaşlygymyzy bildirýäris.
Hormatly hem-de Jenap Prezidentiň ýatan ýeri yagty we jaýy jennetden bolsun.!
21
61
PLANETA
19.05.2024 17:57
" Geldiňmi sen.. "

Geldiňmi sen duýgularymy depeläp,
Gussara gark etmäne geldiňmi,
Geldiňmi sen ýarama duz sepeläp,
Umytlarymy ürkitmäne geldiňmi.

Geldiňmi sen, ýalňyz ýürekde ýanan,
Ýakymsyz ýatlama bolup geldiňmi.
Sözüňem, söýgüňem bolupdy ýalan,
Wepasyz wadaňy alyp geldiňmi.

Indi öz-özüme erkim ýetenok,
Begenerin görünmeseň gözüme.
Däli kimin gözlem uka batanok,
Ýürek duýgym syganok her sözüme.

Geldiňmi sen düýşlerime alaşyp,
Seredä sagadam bardy bir çene.
Bary giç, bary puç boldy söýgümiz,
Barybir geleniň peýdasy ýoga, gitsene.
19
41
PLANETA
17.05.2024 15:15
" Sen meniňki bolmaly "

Allam seni ýazypdyr ykbalyma,
Sen meniňki, men seniňki bolmagy,
Aýlanyp-dolanyp gelip ýanyma,
Sen meniňki, men seniňki bolmaly.

Iki ýürek birleşip bir ganatda,
Ýaşaly biz göwünleri ganatman.
Kyn günde, şat günde, her bir halatda,
Sen meniňki, men seniňki bolmaly.

Durmuşda hökmanmy kän pul, uly jaý,
Gezeli biz mala dälde göwne baý,
Agzybir asuda ýaşatsyn Hudaý,
In şa Allah sen meniňki bolmaly.

Guwanyp gezeli çagalarmyza,
Baldanam tagamly balalarmyza,
Allam rysgal-döwler eçilsin bize,
Ömürboýy sen meniňki bolmaly.

Hal soraşyp her günde, her hepde-de,
Diller hökman dälä göwün geplese,
Allam nesip etse ahyrýetde-de,
Sen meniňki, men seniňki bolmaly.
14
32
PLANETA
16.05.2024 01:41
" Suratyňy synlaýyn "

Arzuwyňda aýap bilmän özümi,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.
Gözleň ýanyp duran söýgiň özümi?!,
Ýanyp-köýüp gözleriňi synlaýyn.

Sünnälenip, sünnälenip çekilen,
Yşk kölüniň kenarynda ekilen,
Mähir küýsäp öwran-öwran bakylan,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.

" Gel-de meni gujagyňa gys! " diýen,
Göwün guşum gözellige besleýän,
Söz sözlemän, söymegimi isleýän,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.

Ýene gelse alyslardan aýlanyp,
Ak kepderim, al-asmanda saýlanyp,
Bagra basyp, bagtym hakda oýlanyp,
Suratyňy başdan-aýak synlaýyn.
28
114
PLANETA
15.05.2024 00:24
" Goýma meni dermansyz "

Wah nätjek ýürek gyssa,
Beýle ejir görman biz.
Yşgyňda boldum hassa,
Goýman meni dermansyz.

Syrym ýaýyp ýatlara,
Boguldym göz ýaşlara,
Bolma maňa ýatlama,
Sensiz galaryn sansyz.

Sena galmady sözde,
Güwä galmady gözde,
Bäş günlik wepasyzda,
Ýaşaýynla armansyz.

Gezip gaflat içinde,
Gazandym otly jinde,
Ýa Subhan soňky demde,
Alma janym imansyz.
19
35
PLANETA
13.05.2024 22:43
" Sallah ýigidiň namasy "
degişme äheňinde goşgy

Ýaşym ýetik, boýum ýetik, kemi ýok,
Ynamym bar akylymyň goruna.
Indi meniň öňümdäki mesele,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Dellekhana barsam dellek degişýär:
" Basymrak öýlen-how, seň saçyň düşýär"
Düşüp gutarmanka bu gara saçlar,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Gyzlar ýüzlenende dilinde " aga ",
Entek " agalykdan " daş etsin! Toba!
Dili duzlyragy diýmänkä " baba ",
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Ejemem igenýär: " Ýüzüň ýok seniň
Gyza söz aýtmaga. Barmy ýa kemiň?"
Igenjinden dynmak üçin ejemiň,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Sebäp bar ejemiň nalap ýörmegne,
Gyzlaň ýanynda dilim gidýär damagma.
Baha berip ýörmän görki-görmegne,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Birine söz aýtsam, " Okajak " diýýär,
Başgasy " Men sizden kiçijik " diýýär.
Garaz, maňa galsa gapyşýar dünýä,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Elbetde, okamak gowy zat weli,
Degmedimikä şu güne çen eli?!
Ýaşyna sertmän kiçimi ýa uly?!
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
21
75
PLANETA
12.05.2024 17:44
Durmuş akymy

Janyň ýanyp, akyl satma samsyga,
Düşündirseň-de öňki bolşudyr ýene.
Parhy ýokdur, her toýuňda ýasyňda,
El kömegini berjek goňşyňdyr ýene.

Başyňdaky gaýgy, gussa gynanma,
Sabyr bilen, garaşgynyň dynynna,
Özüň üýtgemeseň durmuş ýoluňda,
Säher günüň öňki doguşydyr ýene.

Şükir etmek beýle aňsat iş däldir,
Durmuş diýmek, oýun däldir düýş däldir,
Yza galdym diýme entek giç däldir,
Oturman ylganyň ýagşydyr ýene.

Her zadyň magzynda bolmaz tagamy,
Her zat öz ýerinde, eder talaby,
Aç bolup, boş dursa itiň ýalagy,
Ýüpin çeýnäp, öňki zyňyşydyr ýene.

Kyn däl, köpçülikde samsyk gürlemek,
Ýa-da arzan maly basym ýerlemek,
Abraý, azabyňy gazanyp bilmek,
Özüni oňarýanlaň işidir ýene.

Zyýanyn görmedim abraý-edebiň,
Ýalňyşyň köp bolar, bolsa gedemiň,
Toýda çapyp dursa ýyndam bedewiň,
Däbimiziň aňyrdan gelşidir ýene.
24
49
PLANETA
08.05.2024 23:53
Dileg

Ýalançylar gury çyksada ýa:pdan,
Eden ýagşylygym çyksada ýa:tdan.
Bir dilegim bolar, eý eziz Allam
Beden däl wyždanym düşürme ta:pdan.

Dogry söz hiç wagt çykmasyn ýoldan,
Mätäç etme ile, özüň çek goldan.
Ýene bir dilegim bolar, eý eziz Allam
Ýykylsam kuwwat ber galaýyn boldan.

Gep-gybat, çal ýeter atylan okdan,
Töhmen beter ýakar alowly o:tdan.
Ýenede bir dilegimi eşit eý Allam
Özüň goraweri ynsaby ýokdan.
15
53