PLANETA
12.05.2024 17:44
Durmuş akymy

Janyň ýanyp, akyl satma samsyga,
Düşündirseň-de öňki bolşudyr ýene.
Parhy ýokdur, her toýuňda ýasyňda,
El kömegini berjek goňşyňdyr ýene.

Başyňdaky gaýgy, gussa gynanma,
Sabyr bilen, garaşgynyň dynynna,
Özüň üýtgemeseň durmuş ýoluňda,
Säher günüň öňki doguşydyr ýene.

Şükir etmek beýle aňsat iş däldir,
Durmuş diýmek, oýun däldir düýş däldir,
Yza galdym diýme entek giç däldir,
Oturman ylganyň ýagşydyr ýene.

Her zadyň magzynda bolmaz tagamy,
Her zat öz ýerinde, eder talaby,
Aç bolup, boş dursa itiň ýalagy,
Ýüpin çeýnäp, öňki zyňyşydyr ýene.

Kyn däl, köpçülikde samsyk gürlemek,
Ýa-da arzan maly basym ýerlemek,
Abraý, azabyňy gazanyp bilmek,
Özüni oňarýanlaň işidir ýene.

Zyýanyn görmedim abraý-edebiň,
Ýalňyşyň köp bolar, bolsa gedemiň,
Toýda çapyp dursa ýyndam bedewiň,
Däbimiziň aňyrdan gelşidir ýene.
24
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.