" Sallah ýigidiň namasy "
degişme äheňinde goşgy
Ýaşym ýetik, boýum ýetik, kemi ýok,
Ynamym bar akylymyň goruna.
Indi meniň öňümdäki mesele,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Dellekhana barsam dellek degişýär:
" Basymrak öýlen-how, seň saçyň düşýär"
Düşüp gutarmanka bu gara saçlar,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Gyzlar ýüzlenende dilinde " aga ",
Entek " agalykdan " daş etsin! Toba!
Dili duzlyragy diýmänkä " baba ",
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Ejemem igenýär: " Ýüzüň ýok seniň
Gyza söz aýtmaga. Barmy ýa kemiň?"
Igenjinden dynmak üçin ejemiň,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Sebäp bar ejemiň nalap ýörmegne,
Gyzlaň ýanynda dilim gidýär damagma.
Baha berip ýörmän görki-görmegne,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Birine söz aýtsam, " Okajak " diýýär,
Başgasy " Men sizden kiçijik " diýýär.
Garaz, maňa galsa gapyşýar dünýä,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
Elbetde, okamak gowy zat weli,
Degmedimikä şu güne çen eli?!
Ýaşyna sertmän kiçimi ýa uly?!
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.