PERIM...
31.12.2022 20:50
GUTLAG

T–täze gelen ýylymyz,
Ä–äleme nurun saçsyn!
Z–zemin ýüzi maýsalap,
E–ertelermiz gül açsyn!

Ý–ýylasyn göwünlermiz,
Y–yz galmasyn kineden,
L–lezzet alyp ýaşaň siz,
Y–ysnyşyp, dost şireden,
Ñ- ñ-dan söz başlanmaýşy deý,
Y- yşkda gussa bolmasyn.
Z- zemin söýgä ýer etsin!

G–galmasyn gaýgy-gussa,
U–unudylsyn geçenler!
T–toýlar toýa ulaşyp,
L–läle kaksa genjeler,
Y–ynjan ýürek y:njalar...

B–bäbekler jykyrdaşyp,
O–oýnasynlar şat bolup,
L–lerzana gelsin ýürek,
S–sussypeslik ýat bolup,
U–umman deýin giňesin,
N–nurdan köňüller dolup!

A–abraý atyň atlananyp,
G–gadamy batly bolsun!
Z–zerewşan ýollarynda,
A–abadanlyk ýol alsyn!
L–lukmana gün galmasyn,
A–agyrmasyn jan-teniň,
R–rysgal saňa ýar bolsun,
Y–yranmasyn döwletiň!
M–miwe beren baglaryň,
!– saňa howandar bolsun!

Mährimah
19
73
PERIM...
30.12.2022 16:16
Dürdäneler dünýäsine ser salyp...
- Guwanylmak siziň eliňizdedir, dogruçyl bolmaýanlara siz guwanarmysyňyz.

- Eliňizde ýekeje çekiç bolsa, töweregiňizdäki her zady çüý ýaly görersiňiz.

- Her sözledigiňiz dogry bolsun, ýöne her dogryny sözleme.

- Nadan bilen söhbet etmek kyndyr bilene, nadan näme gelse geplär diline.

- Aýdanlaň dogrudyr sen dogry bolsaň, dogrulyk tapdyrmaz sen egri bolsaň.

- Her ynsanyň iň beýik dosty akyldyr, duşmany hem akmaklykdyr.

- Bagtlylyk – bu her zatdan öň beden saglygyndadyr.

- Bilmedigiňi bilmek – ony bilmek üçin ilkinji ädimdir.

- Öwrenmek tolkunyň garşysyna ýüzmekdir.

- Ynsanyň özüne we jemgyýetine bolan borjy – öwrenmek hem-de öwretmekdir.

- Maksady bolmadyk gämide, şemal kömek etmez.

- Düşünilmän öwrenilen bilim, ýitirilen gaýratdyr.

- Bir duşmandan gutulmanyň iň gowy ýoly ony özüňe dost edinmekdir.

- Uly depede guşy-da, ýylany-da görýän bolsaň, biri uçup, beýlekisi-de kynçylyk bilen çykanlygydyr.

- Ýalňyşmaýan adam ýokdur, adamkärçilik ýalňyşyňy kabul edişiň we ony düzedip bilşiň bilen ölçenýär.

- Adam näçe beýgelse, göwni şonça-da kiçelmelidir.

- Öz özüňi ýeňmeklik – şöhratyň iň ulusydyr.

- Bir adamyň hakyky baýlygy, bu dünýäde eden ýagşylyklarydyr.

- Tebigatyň kynçylyklaryny ýeňmäge öwrenişmedik esger, söweşde duşmany ýeňip bilmez.

- Ýagşylyk – adamlary bir-birine baglaýan altyn zynjyrdyr.

- Seni beýlekilerden tapawutly etmek üçin gije-gündiz üýtgäp duran bu dünýäde özüň bolup galyp bilmek iň uly mertlikdir.

- Dostluk – söýmegi, kömek etmegi, gaýgyny paýlaşmany öz içine alýan iň kyn kärdir.

- Ynsanlaryň ýüzleriniň we gözleriniň reňki başga başga bolsa-da, göz ýaşlarynyň reňki meňzeşdir.

- Öwrenmegiň iň gowy tarapy-da, bilimiňi senden hiç kimiň alyp bilmeýänligidir.

- Iki zadyň eliňden gitmänkä gadryny bilmek kyndyr, olaryň biri saglyk, beýlekisi hem ýaşlykdyr.

- Gaharly geçiren her minudyňyz – bagtly günüňden aýrylýan 60 sekuntdyr.

- Mert ýaşamagy bilen ynsan, mert ölmegi hem bilmelidir.

- Köne derdiňi ýatlamak, täze dert edinen ýalydyr.

13
35
PERIM...
29.12.2022 14:26
Kerim Gurbannepesow. "ÖZ - ÖZÜŇI TANAMAK ÜÇIN KIÇIRÄK ANKETА"


Ir bilen oýanýan, Öýüň ýerbe-ýer,
Keýpiň kök, janyň sag, Hudaýa şükür.
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?

Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?


Ynha bir edara, başlygy – dostuň,

Ikiňiz içerde «kikirde-kikir».

Gapyda kyrk adam garaşyp otyr,
Şonda näme kakda edersiň pikir –

Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?


Ýa-da işikdäki nobat hakdamy?

Saklandy gapyňda kerpiçli maşyn,
Maşynyň şofýory – bir ogry - mekir.
«Ýarpy bahasyna al şuny!» diýýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Jübiňe bähbitli arzan hakdamy?


Ýa kellä bähbitli wyždan hakdamy?

Ynha et dükany, satyjy goňşyň,
Saýlap-seçip saňa bir budy çeker.
Yzyňdaka bolsa – gaty oňurga,

Şonda näme hakda edersiň pikir –

Özüňe edilen hezzet hakdamy?

Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?

Barýar köçe bilen maýyp weteran,

Diňe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa «Wolgaly» dazlap barýarsyň,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öz ornuň, öz nyrhyň, «Wolgaň» hakdamy?
Ýa «Wolga» ýetiren pälwan hakdamy?

17
73
PERIM...
28.12.2022 12:52

“Ol özüniň zenanyna diňe ýakynlygyna däl, eýsem indi ol pikirlerinde azaşdy, nirede söýeniniň başlap, nirede özüniň gark bolýanyny bilmedi”.
(Lew Tolstoý “Anna Karenini”)


"Söýgi — zenany has owadanlaşdyrýan, erkek adamy has güýçlendirýän, ruhuňy ýeňledýän, durmuşy gözelleşdirýän ýeketäk duýgudyr".
(Fridrih Nisşe)


"Dünýäde hiç bir ynsan seniň gözýaşlaryňa degmez, eger-de degýän bolsa, ol seniň aglamagyňa hiç wagt sebäp bolmaz"
(Gabriel Markes)


"Men ony söýýärin. Sebäbi bu durmuşda oňa taý hiç bir zat ýok…ne ýyldyzlar, ne güller, ne taý geljek ynsan ýok…"
(Aleksandr Kuprin)


Zenan — güle deňelýär. Erkek kişi —onuň bagbany. Bagban apalap, sypalap gülüni gülledýär. Gül hem oňa jogap edip, minnetdar bolýar, öz mylaýym duýgusyny we gözelligine oňa bagş edýär.

Olar birek-birege el uzadyp bilmediler, emma bir-biriniň ruhunda ýaşamak olara başartdy
(Ariel Býuto)


"Düýşüňe girýärmi diýmek, oýa batýarsyň. Oýa batýarsyňmy, diýmek küýseýärsiň. Küýseýärsiňmi, diýmek söýýänsiň. Söýýäňmi, diýmek ol seniň ýaryň…"
(A.P. Çehow)


"Hakyky söýgüde iki adam hem birek-birekden hiç bir zat garaşmaýar. Diňe hakyky duýgudyr, söýýän ynsanyň talaby…"
(Antuan de Sent-Ekzýuperi)


"Hiç wagt sizi adaty adam ýaly görýän birini söýmäň"
(Oskar Wald)


"Aňyýet erbet we gowy duýgulary aýryp bilýär. Söýgi diňe gowulyk getirýär"
 (D.Çopra)


"Bu neneň bagt. Eger-de islän wagtyň söýeniňi bagryňa bassaň…"
(S. Ahern)


Gygyr, her kim eşider, ýuwaşlyk bilen aýt, ýakynyňdaky eşider. Emma diňe söýýän adam dymýanlygyň sebäbini biler.

Gürleme…Gerek däl…Gygyrma…Hiç wagt, hiç kime islendik zat üçin ýalbarma…Başyňy dik tut we sessizlige git…Seni söýýän adam seni ol ýerde ýalňyz goýmaz… 
(Rus klassykasy)
16
60
PERIM...
27.12.2022 16:00
ALLA BARDYR ÝANYŇDA

Alla bardyr ýanyňda...
Ýekemiň?
Ýetimmiň?
Gam çekme, ogul,
Elmydama Alla bardyr ýanyňda.
Merdana kabul kyl pelegiň oýnun,
Allaň adyn zikir eýle ýadyňda.
Birden al-asmana galar gidersiň,
Gurruk guýa gitdim diýen çagyňda.
Bu bir durmuş!
Bu bir synag meýdany!
Her hili ahwallar bolýar dünýede.
Eger bir melamat inse başyňdan,
Ýa sezewar bolsaň elhenç külpede,
Gutulgysyz pajygadan basylsaň,
Alla sygyn,
Allany sal ýadyňa!
Dogan ýetişmese seniň dadyňa,
Dostuň ýetişmese seniň dadyňa,
Alla sygyn!
Alla mederkär bolar!
Çünki kim bolsaň-da, nirde bolsaň-da,
Saňa pena ýokdur Alladan golaý,
Saňa gala ýokdur Alladan golaý!
Baldak başy gymyldamaz permansyz,
Bu owadan dünýä,
Külpetli zemin,
Jümle-jahan jemdir Allaň adynda!
Güne gerşin çoýup aýlanýar Dünýä
Beýik Biribaryň parasatynda.
Belent başyň duman basmaz permansyz,
Beýik bolsaň - ol peseldip görýändir.
Egsik bolsaň - ol eseldip görýändir.
Ençe-ençe synaglardan geçirip,
Ahyry mynasyp ornuň berýändir!
Bagyň başy gymyldamaz permansyz,
Garyp bolsaň - berip görer baýlygy .
Baý bolsaň - öwürip görer garyba,
Hakydaňda bolsun Hakyň barlygy.
Ady dilde bolsun,
Hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende
Pena boljak ýokdur ulaşsaň derde,
Alladan golaý!
Baýlyk hem garyplyk,
Saglyk - hassalyk,
Beýik hem peslik,
Şalyk - gedalyk
Aýlanyp durandyr gezekli çemçe!
Baýlyk gelse - nesip etsin ebedi,
Beglik berse - nesip etsin müdimi.
Täleýiň ters gelse - çekme elemi,
Bu dünýäniň toýy-ýasy,
Begenç ýaşy,
Ajy ýaşy,
Edil dünýäň özi ýaly gadymy!
Alla sygyn,
Allaň beren emgegi,
Duman deý sowulyp gider başyňdan.
Ýer aýlansa daşyndan öz okunyň,
Aýlanyp durandyr beýik ýaşaýyş
Haka bolan ynammyzyň daşyndan.
Alla sygyn!
Hakyň adyn zikr eýle!
Ýeriň gullugyn kyl, arşda pikr eýle!
Niýetdir päliňi düzüp gowluga,
Yhlas bilen Biribara ýapyşsaň,
Ol saňa mizemez medetkär bolar.
Ýapyşalga ýokdur Adam ogluna
Hudaýdan golaý!
Hudaýdan golaý!

SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY
15
86
PERIM...
26.12.2022 13:27
Gijeki myhman


Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
– Salam!
– Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
– Menmi? Ajal.
Has dogrusy — Ezraýyl.

– Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
– Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.

– Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän.

– Ýok, men jaý nomerin ýalňyşamok,
ýok,
Men geldimmi — boş gitmäni halamok.
– Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.

– Sen ilk-ä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.

Ine, seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça fakt gowuşdy.
– Niçik? — diýip sorajakdym,
şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.

Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylneşir».

Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şo pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.

– Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.

Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.

Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.

Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň elden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi — çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.

Eger, walla, erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.

Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalla
Meni beýle jeza etmezdi duçar!

Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.

Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.

Diýdim: — Besdir, bozulma sen ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.

– Äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
– Bir gören tanyş bor, iki — garyndaş
Kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym.

– Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden,
Siz bir işli adam.
Zyýan bermäýin.
Işläň! — diýip,
Sumat boldy gözümden.

Gurbannazar ezizov
@perim.99
10
48
PERIM...
25.12.2022 10:41
"Ýaşlyk dramasy" awtory näbelli

Sana gowşurmaga niyetlenen hat
Saraldy jubimde bolup gatbar-gat,
Şol haty bermage tapmandym pursat,
Gözeller icinde lälezar wagtyñ.

Gara sacyn gūl döşūnde towlandy
Başyndan on sekgiz bahar sowlan gyz
Howlukma howlukma biraz eglen gyz
Alayyn zūlplerin bir darar wagtyn.

Yap yanam oglandyk yetişdik eyyam
Gara gözler bilen bagrymy gyýýan
Gol gerip gygyrdym: "Men seni söyyän!"
Gyş pasly älemin ala gar wagty..

Şonda men diyipdim: "Bagtly adam,
Bally leblerinden bir gezek dadan,
Hoş bolup dolanar yagty dunyaden
Saçlarny boynuma bir orar wagty".

Şonda ekabyrdyk ūmsūm bolardan
Gursagmyz dolduryp ymtylmalardan
Garaşdyk: "Toy gūni hacan geler sen"?!
Asmanda ay bize hyrydar wagty.

...Birden aramyzda ayralyk salgym,
Senä mensiz galdyn men sensiz galdym,
Görūp galdym ak gollaryn salganyn,
Ayagmyn ustunde bikarar wagtym.

Alyslarda galgap galdy goşarlan
Diyme läläm:" Garaşmagy başarman!"
Aylar-aylanarlar, gūnler - yaşarlar,
Yolumda gözlerin intizar wagty..

Hoş gal, ilki söygim!
Hoş gal Gyzgūzer!
Oylanma, ezizim: Tamasyn ūzer
Aşygyn sen hakda goşgular dūzer
Unutmaz gursakda urgy bar wagty.

uzaklarda esger yaryn söyūp yör
Aglama aglama, juda ayyp bor!
Şonda menin būtin ömrūm hayp bor
Watanyn önūnde bergidar wagtym..

menden uzaklarda yöreyşin messan
Arada ayralyk, yūrekde gussam
Bar arzuwym sendin, bir sana yetsem
Iki yyllap bir görmäge zar wagtym.

Obama dolandym
Döwrūm ajayyp
Garşylarsyn öytdūm islegme layyk
Arman arzuwymdan bolupsyn gayyp
Özganin öyūnde özgä yar wagtyn...

Bu gūn gördūm gollaryn ak bäbekli
Yūzlerin öcūgsi solan yalakdy,
Sen nicik gözeldin badam gabakly
Lebin hurma yanaklaryn nar wagty

Gözlerinde gördūm merjen däneler
Olar mana bakdygynca käneler
Ah, ukusyz gijelerdey kän olar....
Şoldy bagta mätäc wagtyn zar wagtyn.

Yuwaşja ses bilen didin pyşyrdap:
"Atamdan il gūnden söygim yaşyrdym.
Unut meni unut meni başarsan
Baryna baryna gūnakar wagtym.."

Diydin: bar geceni edip owarram
Mähirli gatnaşyk edeli dowam,
Sen maña yar diyme, diy mana dogan,
Bu gūn menin ūcin cyn hossar wagtyn..

...Gözlerne zar gara gözli perimin,
Yandym yanşy yaly şahyr Kerimin,
Bir etjek alajym yeke delilim:
Unutman halymyn bir mydar wagty....
92
PERIM...
24.12.2022 12:30

HAÝYŞYM: KALBYŇY ARASSA SAKLA

Haýyşym: kalbyňy arassa sakla,
Seniň gör nähili ajap kalbyň bar.
Ýagtylýar ol gökde ýyldyrym çaksa,
Ýeke söze umman bolup tolkunýar,
Salkynlar ol. Kalbyňy arassa sakla,
Sakla ony desterhan deý päkize.
Sen iýen päkize çöregiň hakla,
Bugdaý sözüňi diý kalby päk ile.

Haýyşym: kalbyňy howaly sakla,
Badalgaňdyr haýyň gaçyp geleňde.
Hiç bolmanda, pes işinden jahanyň,
Bet işinden göter ony belende.

Haýyşym: kalbyňy juda giň sakla,
Giň dünýede darlyk gelişmez, ynsan,
Kalbyň — bu dünýäden gaçybatalga
Hem saňa zandan!

Haýyşym: kalbyňy juda giň sakla,
Oňa asman bilen zemin ýerleşsin.
Dymyljan
ruhuňy täzeläp her dem
Ýagyş geçsin,
ýagmyr geçsin,
ýel geçsin!

Haýyşym: kalbyňy arassa sakla,
Zeý basan toprakda boý alar ýylgyn,
Zeý alan toprakda baýnamaz çynar.
Sen içden çüýredip başlasaň kalbyň
Soň yhlas ediber,
gögermeýär är!
Hapa kalpda gögermeýär ideal,
Mukaddeslik.
Kalbyň jadyly guşdur.
Ol ýerde ýaşaýar şeýle bir hyýal,
Ol senem göterip asmana uçsun.
Haýyşym: kalbyň juda baý sakla,
Egsilmez baýlykdyr köňül söýgüsi.
Dünýäň hazynasyn berseňem hatda,
Halas edip bolmaz ruhy göýdügi.
Haýyşym: kalbyňyň sarpasyn sakla,
Baýdagyňdyr seniň howaly ruhuň.
Horluk eýläp gara güýjüňe bakma,
Goşun basgy tapar,
ýykdyrsa tugun!
Ýaş bilen ýuw, agyr bolsa täleýiň,
Kalbyňy gam bile gussaňa tendir.
Ol dirikäň keşt eýlejek älemiň,
Ölseň, dolap uçup gitjek kependir.

Seniň gözleriňde kalbyň görünýär,
Men oňa gudrata bakan deý bakýan.
Hapasynyň ýetik mahaly dünýäň —
Haýyşym: kalbyňyz arassa saklaň!!!

Nobatguly REJEPOW
13
54
PERIM...
23.12.2022 18:29

EJE
(Kuwwat Ýazmuhammedowyñ Eje goşgysyny okanymda dörän setirler)

Ýörän ýolum dogry, bolmasyn ýalñyş,
Emma sen bolmasañ agsaýan, EJE.
Sen deý ýakyn ynsan bolmaz ýürekdeş,
Men seni şeýle bir küýseýän, EJE.

Ykbal derdiñ çekmese aglar ýaly,
Her kim sen däl ýüregim baglar ýaly,
Ömre derman bolup baş sypar ýaly,
Men seni şeýle bir küýseýän, EJE.

Sensiz Günim atyp, hem dogry ýaşmaz,
Beslän arzuwlarym amala aşmaz,
Sessiz agylarym saña ulaşmaz
Men seni şeýle bir küýseýän, EJE.

Maña bagtdan gelen guş deýin gonduñ,
Sensiz gaýgylanyp hesrete döndüm,
Gül keşbiñ gujagyna kalbymy doldum,
Seniñ ýyly mähriñ suwsaýan, EJE,
Men seni şeýle bir küýseýän, EJE.

Jemşit Hajymämmedow
16
55
PERIM...
22.12.2022 14:33

BAGYŞLA MENI!

Dostum, kalbymdaky ýaşyp barýan gün,
Damja-damja bolup, ýakar ergini.
Gussa çümsem, seni ýatlaman bilmen,
Näzikligim üçin bagyşla meni.

Ganyma siňipdir söýlüp ýaşamak,
Setirlermi mähre garyp, ezmeli.
Ömürden öýkeläp, seni ýatlasam,
Gijeler ynjytsam, bagyşla meni.

Ümürler aslyşar gije baglardan,
Bu nämekä? Tebigatyň  düzgüni.
Seň  kalbyňy tebsiredip, aglatsam,
Bagyşla, bagyşla, bagyşla meni.

Burugsan baglaryň  şabramna siňen,
Aýdymlarma asman mukam ýazmaly.
Seni söýýän diýip, gaýga batyrsam,
Bagyşla mähriban, bagyşla meni.

Demiň ýakyp barýar, ýandyryp barýar,
Lebleriň  gatynda pyşyrdy ýatyr.
Kämilligiň  özem munda sandyrar,
Söygüniň  peýkerem bukulyp otyr.

Saňa siňen näzlem, düwünsiz owaz,
Şol owazyň  mazmuny bar,maňzy bar.
Sen meni unutsaň, ýüregim sowar,
Seni maňa beren ýalňyz taňry bar.

Men size gowuşdym, men sizi söýýän,
Ýylgyrşyňa ýene, ýene gowuşsam,
Sen ruhumyň sallançagyn  ezizlän,
Bu ýüregim nädip senden sowaşsyn.

Ýürek sözüm diňlesene, diňleýjim,
Çeper sözi aýdyp ýörün ýadaman.
Bu dünýede diňe yssy mähirden,
Başga zat gerek däl eken adama.

Ikimiziň per ýassygmyz mysaly,
Uçup barýar bölek-bölek  bulutlar.
Meň  kalbyma şalyk ediň ýalbarýan,
Onuň kir-kimirsizdigin unutmaň.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
12
65