PERIM...
24.12.2022 12:30

HAÝYŞYM: KALBYŇY ARASSA SAKLA

Haýyşym: kalbyňy arassa sakla,
Seniň gör nähili ajap kalbyň bar.
Ýagtylýar ol gökde ýyldyrym çaksa,
Ýeke söze umman bolup tolkunýar,
Salkynlar ol. Kalbyňy arassa sakla,
Sakla ony desterhan deý päkize.
Sen iýen päkize çöregiň hakla,
Bugdaý sözüňi diý kalby päk ile.

Haýyşym: kalbyňy howaly sakla,
Badalgaňdyr haýyň gaçyp geleňde.
Hiç bolmanda, pes işinden jahanyň,
Bet işinden göter ony belende.

Haýyşym: kalbyňy juda giň sakla,
Giň dünýede darlyk gelişmez, ynsan,
Kalbyň — bu dünýäden gaçybatalga
Hem saňa zandan!

Haýyşym: kalbyňy juda giň sakla,
Oňa asman bilen zemin ýerleşsin.
Dymyljan
ruhuňy täzeläp her dem
Ýagyş geçsin,
ýagmyr geçsin,
ýel geçsin!

Haýyşym: kalbyňy arassa sakla,
Zeý basan toprakda boý alar ýylgyn,
Zeý alan toprakda baýnamaz çynar.
Sen içden çüýredip başlasaň kalbyň
Soň yhlas ediber,
gögermeýär är!
Hapa kalpda gögermeýär ideal,
Mukaddeslik.
Kalbyň jadyly guşdur.
Ol ýerde ýaşaýar şeýle bir hyýal,
Ol senem göterip asmana uçsun.
Haýyşym: kalbyň juda baý sakla,
Egsilmez baýlykdyr köňül söýgüsi.
Dünýäň hazynasyn berseňem hatda,
Halas edip bolmaz ruhy göýdügi.
Haýyşym: kalbyňyň sarpasyn sakla,
Baýdagyňdyr seniň howaly ruhuň.
Horluk eýläp gara güýjüňe bakma,
Goşun basgy tapar,
ýykdyrsa tugun!
Ýaş bilen ýuw, agyr bolsa täleýiň,
Kalbyňy gam bile gussaňa tendir.
Ol dirikäň keşt eýlejek älemiň,
Ölseň, dolap uçup gitjek kependir.

Seniň gözleriňde kalbyň görünýär,
Men oňa gudrata bakan deý bakýan.
Hapasynyň ýetik mahaly dünýäň —
Haýyşym: kalbyňyz arassa saklaň!!!

Nobatguly REJEPOW
13
54
PERIM...
24 Dekabr 2022
🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄🎄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.