PERIM...
29.12.2022 14:26
Kerim Gurbannepesow. "ÖZ - ÖZÜŇI TANAMAK ÜÇIN KIÇIRÄK ANKETА"


Ir bilen oýanýan, Öýüň ýerbe-ýer,
Keýpiň kök, janyň sag, Hudaýa şükür.
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?

Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?


Ynha bir edara, başlygy – dostuň,

Ikiňiz içerde «kikirde-kikir».

Gapyda kyrk adam garaşyp otyr,
Şonda näme kakda edersiň pikir –

Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?


Ýa-da işikdäki nobat hakdamy?

Saklandy gapyňda kerpiçli maşyn,
Maşynyň şofýory – bir ogry - mekir.
«Ýarpy bahasyna al şuny!» diýýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Jübiňe bähbitli arzan hakdamy?


Ýa kellä bähbitli wyždan hakdamy?

Ynha et dükany, satyjy goňşyň,
Saýlap-seçip saňa bir budy çeker.
Yzyňdaka bolsa – gaty oňurga,

Şonda näme hakda edersiň pikir –

Özüňe edilen hezzet hakdamy?

Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?

Barýar köçe bilen maýyp weteran,

Diňe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa «Wolgaly» dazlap barýarsyň,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öz ornuň, öz nyrhyň, «Wolgaň» hakdamy?
Ýa «Wolga» ýetiren pälwan hakdamy?

17
73
mgm
29 Dekabr 2022
Halayan gosgularmyn biri 👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.