PERIM...
21.01.2023 20:19

Rejep ayyndaky oraza!☝️

Resulallah s.a.v buyurdu:

" Her kim Allahyn Azimu Şan (Jelle Jelaluhy) iman etse we sogabyny hem dine Allahu Azimu Şan Hz Jelle Jelaluhudan garaşsa Rejep ayynda su asakdakylaryn sogaby yazylar:👇


1gun oraza tutsa- 1000 yyl oraza tutan sogabyny alar.

2 gün oraza tutsa- 2000 yyl oraza tutan sogaby yazylar.

3gun oraza tutsa- 3000yyl oraza tutan sogaby yazylar.

4gun oraza tutsa- Dalilikden we belalardan dejjal fitnesinden gutular.

5gun oraza tutsa- Gabyr azabyndan emin bolar.

6gun oraza tutsa- Gabrynda yüzü ayyň 14nji gijesi yaly oyanar.

7gun oraza tutsa- Jahennemin 7gapysy yapylar.

8gun oraza tutsa- Jennetin 8 gapysy acylar.

9gun oraza tutsa- Gabrynda cykanda keleme şehadatyny aydyp jennet gapysyna yüzü owruler.

10gun oraza tutsa- Syratta bir köşk tayynlarlar, Suratyn üstünde rahat eder.

11gun oraza tutsa- Kyyamatda Efdal kişilerden bolar.

12gun oraza tutsa- Allah Tagala Jelle Jelalahu ona iki sany yupek koynek geydirer.

13gun oraza tutsa- Magşarda sayaň asagynda we naz nygmatlar basynda bolar.

14gun oraza tutsa- Hiç görülmedik, akyla gelmejek nygmatlar eye bolar.

15gun oraza tutsa- Bir melek oňa Sana habar bolsun sen emin we
salim bolanlardansyn diyip buslajakdyr.

16 gün oraza tutsa- Allahu Tagala Hz' ni zyyarat eden we onu gören we kelamyny esidenlerden eylar.

17gun oraza tutsa- Syrat köprüsünden rahatlyk bilen geçer

18gun oraza tutsa- İbrahim a.s has yakyn bolar.

19gun oraza tutsa- Jennetde İbrahim aleyhissalam we Dawut aleyhissalam bilen gonsu bolar.

20gun oraza tutsa- Semada Bir melek" Ey Allah Tagalanyň Hz senin eden gunlarin ahlisini bagyslady, Mundan sonra ömrün ucin amala basdan başla.diyip habar berer.
8
59
PERIM...
20.01.2023 02:20
.Bir derdim bar içim içime sygman,
Pälim, niýetim özara uruşýar,
Hemişe araçy bolan halatym,
Erbet pälim mydam hetdinden aşýar.

Ynha-da bu günem şol öñki söweş,
Ekizek bolsada palim niýetim,
Abylyñ Kabyly öldürşi ýaly,
Üstün çykypdy,
Erbet häsiýetim,

Elimde göterip, Ýagşy palimiñ
Jesedini elim bilen jaýladym,
Begençden dolduryp, içden gülkimi,
Mazar:nyñ başynda sessiz agladym.

Remezan Mämetgurbanow
10
48
PERIM...
19.01.2023 21:42
Yylan bn geplesik
Şu günler uytgesik duyga seplesdim
Duyn duysimde yylan bilen geplesdim
Diydim,Zaher neçüýn Sana berildi
Cakan zadyn sagat gecman serildi
Ayaksyzam bolsan batly yoredin
Adamzada gorky bolup doredin.
Bize berlen bolsa kop bordy derman
Sagdyn borduk beyle kosenip yorman
Yylan seretdide ,pikir et diydi
Hemem sen birzada sukir et diydi
Diydizaher berlen bolsa adama
Garasmak gerekdal asla yardama
Dunyani adamsyz soldurardynyz
Bir-birini cakyp oldirerdin iz..gysgalt
13
58
PERIM...
18.01.2023 17:35
Gel, nesihat bereýin, akyl alýan ýok indi,
Akmak saýmaz hiç kişi, senem şolaň birisiň.
Seni daşdan synlanlar, diýer şagal ýa tilki,
Garyp bol, ýa isle baý, öz ykbalyň şirisiň.

Gürlemegi öwrenseň, lal bolsun seň ýoldaşyň,
Syrly bolar sözleriň, düşünersiň üm bilen.
Gije gezer bolarsyň, ogry bolsa ýoldaşyň,
Gündiz ýatyp geçersiň, öwrenşersiň tüm bilen.

Ýalňyz galsaň unutma, ýoldaş tutun kitaby,
Pikirlenip ädim ät, görünsede gözýetim,
Gowy işiň başynda, edip bilmän utanyp,
Gezip ýörme.
Erjelli, tutanýer bol ahbetin.

Bürgüt ýaly göterlip, galsaň asmana sary,
Dag başy dumanlydyr, şondan belende ozma,
Basjak ýelem tapylar, ganatyň gyrar biri,
Seniň ryskyň ýerdedir, ýerden örküňi üzme.

Şudur saňa nesihat, başyňa kynlyk düşse,
"Yzy gowy bor" diýip, ýorybergin oňluga.
Entek näme görüpsiň, razysyň günüň geçse...
Şeýdip,
Akyl berýärin, gundagdaky ogluma.....

Remezan Mämetgurbanow
12
49
PERIM...
17.01.2023 01:08
Durmus carhyny yalan bn aylaya😔Bizem o yalana dogry diyip aynayas😔🥲
16
39
PERIM...
16.01.2023 23:45
Çalt horlanmagyñ netijeli usuly.

Horlanmagyň birnäçe usuly bar. Mysal üçin, eger-de maksadyňyz diňe horlanmak bolup, myşsalaryňyzy ulaltmak zerurlyk däl bolsa, onda siziň üçin ajaýyp usul bar! Emma bu usul tiz horlanmaga mümkinçilik bermek bilen, sizi köp babatda çäklendirýändir.

Bu usulda beýnimiziň gipofiz atly böleginiň öndürýän ösüş gormony peýdalanylýar. Gipofiz bagyr bilen baglanyşykly işleýän beden agzasy bolup, ol ýagy «ýakmak» bilen meşgullanýar. Ýagyň has köp mukdarda ýakylmagyna, netijede, horlanmaga «tapgyrlaýyn açlygyň» üsti bilen ýetilýär.

Bu usul bilen horlanmak üçin siz birinji 3 günde 3 gezek naharlanmaly. Şondan artykmaç iýmek, günüň dowamynda ýürekselik edinmek düýbünden gadagandyr. Ikinji 3 günlükde bolsa günüň dowamynda 2 gezek naharlanmaly. Siz günüň islendik wagtynda 2 gezek iýip bilersiňiz. Emma naharlanmanyň sany 2-den geçmeli däl. Ýürekselik edinmek, nahary datmak gadagandyr. Çünki az-azdan iýilýän naharlar gandaky insulini köpeldýär, bu bolsa ösüş gormonynyň netijeliligini peseldýär. Şonuň üçin hem günde bellenen wagtda naharlanmaga çalşyň.

Üçünji 3 günlükde iýýän naharlaryňyzy has-da azaltmaly bolarsyňyz. Günüň dowamynda bir gezek gowy doýýançaňyz islän naharyňyzy iýýärsiňiz. Ikinji naharlanma derek bolsa gök önümlerden taýýarlanan içgileri içip oňmaly bolarsyňyz. Haýsy gök önümleri halaýan bolsaňyz, içjek içgileriňizi şoňa görä taýýarlap bilersiňiz. Siz içgiňiziň tagamyny süýjetmek üçin miwe hem goşup bilersiňiz. Kabul edilýän tagamlaryň şeýle sazlaşygy bedendäki artykmaç ýaglary aýyrmaga we horlanmagyňyza ýardam eder.

Üçünji 3 günlük tamamlanandan soňra, size ýene-de üç günüň dowamynda üç gezekden naharlanmaga rugsat berilýär. Emma işiňizde köp oturýan ýa-da az hereket edýän bolsaňyz, iki gezekden naharlansaňyz hem ýalňyş bolmaz. Indiki 3 günlükde bolsa ýene-de iýýän naharyňyzy ýokarky tertipde azaldyň.

Az iýmek bilen bir wagtyň özünde, peýdaly tagamlaryň iýilmegi hem sagdyn horlanmaga mümkinçilik berýär. Siz işdäaçarlary we gök önümleri, miweleri köp mukdarda kabul etmelisiňiz. Şeýle-de her bir iýýän tagamyňyzyň özünde 140 gram belok jemlenmelidir. Tagamlaryňyzda peýdaly ýaglaryň bolmagy maslahat berilýär. Ýag siziň esli wagtlap dok gezmegiňize mümkinçilik berer. Köp uglewodly tagamlary, krahmally we şekerli naharlary iýmäň.

Hormatly okyjylar!

Siziň beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň haýsy tagamlarda näçeräk möçberde jemlenendigini bilýän bolmagyňyz hem ähtimal. Emma bu babatda has takyk maglumat almak üçin internet gözleg ulgamyndan peýdalansaňyz gowy bolar.

@saglyk.tm
15
61
PERIM...
14.01.2023 10:27
KAÝDA SEN?

Neýleýin, tagty weýran Süleýmanym, kaýda sen?
Amanady berer boldum, bir imanym, kaýda sen?
Tagty-täjim eýesi, eý soltanym, kaýda sen?
Iki dide görejim, sahypkyranym, kaýda sen?
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Bu pelegiň zulmy bilen birje zaman gülmediň,
Waý purum diýip gala, men misgini almadyň,
Toýlarymda şat bolup sen, ajap nazar salmadyň,
Birje zaman eglenip sen ykbalymy bilmediň,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Ser salyban bu zemine, arzymy men sözlesem,

Taparynmy, mähribanym, jemalyňy gözlesem,
Deşte çykyp, zary-girýan, ençe günler bozlasam,
Barça pişeden geçip men bu jahany
yzlasam,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Gül roýuň görmemişem, bu pelek
gerdişiden,
Bihabar boldy nalaýyp, pelek tutan işiden,

Halas eýläp öter boldy bu pany
teşwüşiden,
Indi men geçmişem, waý, bahar,
nowruz, gyşydan,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Ne hasraty ötürip sen, kördür görmez gözlerim,
Uly jemagatlar içre boldy syýa
ýüzlerim,
Asal eripdi bu gün zäher bolmuş sözlerim,
Daglarym deşte dönüp, dag bolupdyr düzlerim,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Ýowuz galyp bu jahanda telmurar bu şirin jan,

Sensiz indi men pakyram boldum, neýleý, natuwan,

Gymmatyndan aýrylypdyr, gözüme
zyndan jahan,
Ýörisem misli guýun dek, taparynmy bir nyşan,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Pederim, dözmeý bu derde huna
boýýalmyş Kuýaş,
Ol eziz janyň bilen pelek, meger, kylmyş talaş,
Sil ornuna iki dideýimden akmyş ganly ýaş,

Zähri-katyl ýuwudyp men, geýenim kepen puşeş,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Ger ki bir söweş kylardym alnyda bolsam meger,
Bu hijranyň çarhy bilen neýleý ýandy jany-jiger,
Hazan bady urdy güli, kyldy bagy serbeser,
Käýişimi Hak eşitmez, ýanar boldy bu jiger,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Ýyglar boldy dagy-daşlar ol rowany sil bilen,
Hak alnynda nalyş kylmyş Jeýhun bahry, Nil bilen,
Bag içinde ýesir bolmuş bilbil, bakyň, sünbül bilen,

Pederim Azady ýyglar ýomut, gökleň il bilen,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Pany jahandan gidipdir bakyga gözel aýyň,
Soltanyndan jyda düşdi, ýyglar boldy saraýyň,
Üzülipdir kirşi onuň, oksuz weýrandyr ýaýyň,
Diýdigim galat imesdir, meger, behiştdir jaýyň,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Aýdadyr Magtymguly ki, bu dessany bagladym,
Men ki misgin perzendiňem, daga çykyp agladym,
Sorag jaýynda şypa diýp, Ýaradany çagladym,
Goýmaýan panyda bary barçany
soragladym,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

© Magtymguly PYRAGY»
18
47
PERIM...
13.01.2023 00:36
Bir ýurduñyz bolsa adyna näme goýardyñyz?


Yagyşyñ damjalarynyñ ýerine başga zat ýagdyryp bilseñiz näme ýagdyrardyñyz


Üç haýwany birleşdirip bilseñiz haýsylaryny birleşdirerdiñiz, näme üçin?


Dünýäde islän ýeriñizde ýaşap bilýän bolsañyz, çykdajysyz bolsa, ýöne 3 sany iñ halamaýan adamyñyzy ýanyñyza almaly bolsañyz kabul ederdiñizmi?


Häzirki zamandan ýa-da gadymy döwürden bir şahs bilen gürrüñdeş bolmak mümkinçiligiñiz bolsa kimi saýlardyñyz we näme üçin?


Ölen hem bolsa gürleşmek mümkinçiligiñiz bolsa


Taryhdan bir şahs bilen uruşmaga mümkinçiligiñiz bolsa kimi saýlardyñyz?

Bütin dünýä sizi şu wagt görýän we eşidýän bolsa näme diýerdiñiz?

Dünýädäki hemme adamlar aýtjak zadyñyzy beýnisinde (ýagny diñe özi kellesiniñ içinde) eşitse näme diýerdiñiz?
13
475
PERIM...
12.01.2023 13:35
𝗚𝗬𝗭𝗬𝗞𝗟𝗬 𝗪𝗔𝗞𝗔𝗟𝗔𝗥

1) Şagal garyň aşagyndaky syçanyň ýöreýändigini eşitýär.
***. ***
2) Her ýyl New York şäheri London şäherinden 1 inç ( 2.54sm ) daşlaşýar ( süýşýär ).
***. ***
3) Dünýäniň ilatynyň diňe 10%-i çeplekdir ( çep eli ).
***. ***
4) Döwülen sagat günde iki gezek wagty dogry görkezýär.
***. ***
5) Iýip oturan almaňdan bir gurçugyň çykmagyndan has beter ýagdaý ýarym gurçugyň çykmagydyr. Çünki, ýarym gurçuk çyksa, onda onuň galan ýarysy içiňizde bolýar.
***. ***
6) Gorillalar begedende gägirýär.
***. ***
7) Süýdemdirijileriň içinde diňe pil böküp bilmeýär.
22
250
PERIM...
11.01.2023 12:41

Biriniň derdini hemme bilmeyar
Kawagt ýürege hiç zat sygmayar
Kabir adamlara gülüp bakanda
Gözler gülsede yürek aglayar :'(
16
89