PERIM...
18.01.2023 17:35
Gel, nesihat bereýin, akyl alýan ýok indi,
Akmak saýmaz hiç kişi, senem şolaň birisiň.
Seni daşdan synlanlar, diýer şagal ýa tilki,
Garyp bol, ýa isle baý, öz ykbalyň şirisiň.

Gürlemegi öwrenseň, lal bolsun seň ýoldaşyň,
Syrly bolar sözleriň, düşünersiň üm bilen.
Gije gezer bolarsyň, ogry bolsa ýoldaşyň,
Gündiz ýatyp geçersiň, öwrenşersiň tüm bilen.

Ýalňyz galsaň unutma, ýoldaş tutun kitaby,
Pikirlenip ädim ät, görünsede gözýetim,
Gowy işiň başynda, edip bilmän utanyp,
Gezip ýörme.
Erjelli, tutanýer bol ahbetin.

Bürgüt ýaly göterlip, galsaň asmana sary,
Dag başy dumanlydyr, şondan belende ozma,
Basjak ýelem tapylar, ganatyň gyrar biri,
Seniň ryskyň ýerdedir, ýerden örküňi üzme.

Şudur saňa nesihat, başyňa kynlyk düşse,
"Yzy gowy bor" diýip, ýorybergin oňluga.
Entek näme görüpsiň, razysyň günüň geçse...
Şeýdip,
Akyl berýärin, gundagdaky ogluma.....

Remezan Mämetgurbanow
12
49
Myhman Myhman
18 Yanwar 2023
💕💕💕💕!!!!!
jemal_seyitniyazowa
18 Yanwar 2023
Meň üçin synagly post bolupdyr şul synlap soň aýlanyp görjek ýene
Aynashka
18 Yanwar 2023
❤❤❤❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.