PERIM...
16.01.2023 23:45
Çalt horlanmagyñ netijeli usuly.

Horlanmagyň birnäçe usuly bar. Mysal üçin, eger-de maksadyňyz diňe horlanmak bolup, myşsalaryňyzy ulaltmak zerurlyk däl bolsa, onda siziň üçin ajaýyp usul bar! Emma bu usul tiz horlanmaga mümkinçilik bermek bilen, sizi köp babatda çäklendirýändir.

Bu usulda beýnimiziň gipofiz atly böleginiň öndürýän ösüş gormony peýdalanylýar. Gipofiz bagyr bilen baglanyşykly işleýän beden agzasy bolup, ol ýagy «ýakmak» bilen meşgullanýar. Ýagyň has köp mukdarda ýakylmagyna, netijede, horlanmaga «tapgyrlaýyn açlygyň» üsti bilen ýetilýär.

Bu usul bilen horlanmak üçin siz birinji 3 günde 3 gezek naharlanmaly. Şondan artykmaç iýmek, günüň dowamynda ýürekselik edinmek düýbünden gadagandyr. Ikinji 3 günlükde bolsa günüň dowamynda 2 gezek naharlanmaly. Siz günüň islendik wagtynda 2 gezek iýip bilersiňiz. Emma naharlanmanyň sany 2-den geçmeli däl. Ýürekselik edinmek, nahary datmak gadagandyr. Çünki az-azdan iýilýän naharlar gandaky insulini köpeldýär, bu bolsa ösüş gormonynyň netijeliligini peseldýär. Şonuň üçin hem günde bellenen wagtda naharlanmaga çalşyň.

Üçünji 3 günlükde iýýän naharlaryňyzy has-da azaltmaly bolarsyňyz. Günüň dowamynda bir gezek gowy doýýançaňyz islän naharyňyzy iýýärsiňiz. Ikinji naharlanma derek bolsa gök önümlerden taýýarlanan içgileri içip oňmaly bolarsyňyz. Haýsy gök önümleri halaýan bolsaňyz, içjek içgileriňizi şoňa görä taýýarlap bilersiňiz. Siz içgiňiziň tagamyny süýjetmek üçin miwe hem goşup bilersiňiz. Kabul edilýän tagamlaryň şeýle sazlaşygy bedendäki artykmaç ýaglary aýyrmaga we horlanmagyňyza ýardam eder.

Üçünji 3 günlük tamamlanandan soňra, size ýene-de üç günüň dowamynda üç gezekden naharlanmaga rugsat berilýär. Emma işiňizde köp oturýan ýa-da az hereket edýän bolsaňyz, iki gezekden naharlansaňyz hem ýalňyş bolmaz. Indiki 3 günlükde bolsa ýene-de iýýän naharyňyzy ýokarky tertipde azaldyň.

Az iýmek bilen bir wagtyň özünde, peýdaly tagamlaryň iýilmegi hem sagdyn horlanmaga mümkinçilik berýär. Siz işdäaçarlary we gök önümleri, miweleri köp mukdarda kabul etmelisiňiz. Şeýle-de her bir iýýän tagamyňyzyň özünde 140 gram belok jemlenmelidir. Tagamlaryňyzda peýdaly ýaglaryň bolmagy maslahat berilýär. Ýag siziň esli wagtlap dok gezmegiňize mümkinçilik berer. Köp uglewodly tagamlary, krahmally we şekerli naharlary iýmäň.

Hormatly okyjylar!

Siziň beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň haýsy tagamlarda näçeräk möçberde jemlenendigini bilýän bolmagyňyz hem ähtimal. Emma bu babatda has takyk maglumat almak üçin internet gözleg ulgamyndan peýdalansaňyz gowy bolar.

@saglyk.tm
15
61
okayjy
16 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍
yakup allabayew
16 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍👍
Leýla💔
16 Yanwar 2023
Sağ bol MENA sonsuzam çöp yalak
Tokio
16 Yanwar 2023
Sagbol ýone mena islamok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.