Neo
15.05.2023 14:40
salam agzalar, tanyslar we doslar gundiziniz hayrly bolsun 🙋 gowmysynyz otyrmysynz sag-aman, ai hawa menem gowy, men bugun birinji gezek towuk ollurdim 🙂 gassap boldum, indi mana neo gassap 😎 diysenizem bolya. Men bugunki posdumda size-de towuk oldurmani owretjek, onda name uns berip okan... irden towuk ollurtmane adam tapmadyk onki ollurtyan oglanmyz gonsyn oglam oyunde yok ekeni, ejeme men ollurayin eje gonsyn ogluna berjek 10 manadyny mana beray diydim, ejemem bar ollur onarsan 20 manat berjek sana a na ketek diydi bolya diydimde kuhnyadan pycak aldym we yenede gerekli zatlarymy alayyn diyip padwala bardym pil bilen yup aldym, kocede goyun ollurilyan yerimzem bar ona barmadym yene ollurip bilman masgara bolp yormayin diydimde ayak-ucda cetrak yere gecdimde bir cukur gazdym sonam towuk ketege bardymda tutdum bir towugy, gazan cukuryma getirip yatyryp ayaklaryny dandym sonam gel su janawer ucin bir dileg edeyin diydimde towugyn ganatlaryny ayagym bilen basdymda oturyp: Ey Allam su towygyn sugun ajaly yetipdir onada meni sebapci edipsin gynamanjyk oldurjega bolaryn jayyny ozun jennet edeweri diydimde 🤲 amin diyip el galdyrdym sonam towygym menden bir razy bolaweli diydimde elim bilen kellesinden tutup Bissimilla rahman rahym diyip yzly yzyna icine iki gezek pycagy sokyp cykardym, olenoga bi 😐 kakynyp yatyr gel muny kosemayin diydimde ra gowy edibem depdim icine iki gezek, sonam ayagymy ayryp gordum hereket yok gymyldanok inda oldi diydimde kellesini goparyp ejeme eltip berdim, ejemem ollurip bilmez oydupdira gorup hayran galdy we meni owdi 😊 elin yenil ekeni oglum diydi edil hazrem gonsyn yanynda owdi meni, gassap oglum men indi gonsa ollurip beray diyip aydyp oturjagam dal diydi 20 manadymam aldym 🤗 agsam kakam isden gelse uhlaman oturyp bilsem sonam aydyp bersem 10-20 dollarjyk bermezmika mana, aslynda su olluren towygymy kakama abet edip ugratdyk towukly corba edip, ine seydip towuk ollurmanem owrendik kyn zady yok ekeni. Sizdenem owredenim ucin bolmanda 50 layk alyp bolmazmyka ozum ucin dal olam ozuniz ucin eger su postum trend bolaysa herkim okap bilerdi towuk ollurmek kynam dal ekena neo edipdir menem ederin diyerde gassap bolar. halan bolsan 🤍 basmagy unutma, Duyn kakamyn doslarynyn biri 20 sany guzy getiripdir hemmesine seredip bilmeris diydikde onunam 5 sanysyny ejem mamlara ugratdy 3 sanysynam enemlere berdik oydede 12 sanysy galdy entak hali kicijek suyt beryas irden we agsamna indem solary bicdirmeli diyip otyrlar suwagt oylap gorsem olaram ozum bicaysemmikam diyip otyryn... ol indi basga tema eger bicsem indiki postumda onam aydyp bererin. su ayak-uja yatak tarapa gecsem duyemiz kan gozume dusya halamok suny hacan gorsen yuzume nedawolny seretya we boo ediwem gygyrya gygyra suw tutayyn diyip deninden gecsem depjek bolya meni sunama birgun ollurerin diyan...
32
718
Neo
12.05.2023 12:23
Wagt bilen gelin

...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...
Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,
Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýar kä günler).
Ýaşyl ketenili dim-dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç –
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!»
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr
Toý tutýan jaýa.
«Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz oýa.
Gümradyr öz küýi, öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe
Bir kişi bilen...)
Biri iliň-günüň alkyşy bilen
Garramajak bolsa, şol sona gelin
Garramaly däldi. Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.
Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt,
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:
Teý bolmanda,
Käte,
Şuň ýaly gelni
Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi des-deň?
– Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi Wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy, ogul.
Ýöne... borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çynçy nogul?
Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň,
hemem lowlaýaň...
Jellatmyň, şahyrmyň –
Aýtsana, kim Sen?
17
520
Neo
Neo
27.02.2023 09:10
Salam!
Neo
Neo
07.11.2022 18:22
Suratdaky sözler: 1300 töweregi Ýer Ýupiterde ýerleşip biler! 1000 töweregi Ýupiter güne gabat gelip biler! 3,69 milliard töweregi gün UY skutosyna laýyk bolup biler!
Neo
05.11.2022 23:01
Menem Trend bolup goresim gelya 😒 like basayda
59
907
Neo
Neo
01.11.2022 15:36
🦁 - Ýolbars bolsaň awlanyňy iýersiň 🐺 - Mojek bolsaň ýaralanany iýersiň 🐶 - Şagal bolsaň ýykylany iýersiň 🦊 - Tilki bolsaň agyzdan galany iýersiň 🐷 - Doňuz bolsaň her belany iýersiň
Neo
Neo
28.10.2022 14:36
Гыш енсэни берип, уммага гачды, Гун ягты шехлесин элеме сачды. Эреди ак гарлар ала дагларда, Земинин безеги — гара багларда Ачылды ал-яшыл, ренбе-рен гуллер, Шахасында жак-жак уряр билбиллер. Тэмиз
Neo
Neo
26.10.2022 11:37
şu zat namekä? 🤔 kim bilya...
Neo
Neo
07.10.2022 15:58
Hill Climb Racing” diýseň ýakymly platforma oýny, onda awtoulagyňyz bilen mümkin boldugyça barmaga synanyşmaly, wagtal-wagtal ajaýyp stuntlary ýerine ýetirip, ýolda teňňeleri ýygnamaly. Oýunyň
Neo
Neo
06.10.2022 14:15
Öň “Hangouts Chat” ady bilen tanalýan “Google Chat”, kärdeşleriňiz bilen aragatnaşyk saklamagy aňsatlaşdyrýan amatly we ýönekeý programma.Ýönekeý topar aragatnaşyk programmasyny gözleýän bolsaňyz,