Neo
12.05.2023 12:23
Wagt bilen gelin

...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...
Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,
Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýar kä günler).
Ýaşyl ketenili dim-dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç –
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!»
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr
Toý tutýan jaýa.
«Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz oýa.
Gümradyr öz küýi, öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe
Bir kişi bilen...)
Biri iliň-günüň alkyşy bilen
Garramajak bolsa, şol sona gelin
Garramaly däldi. Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.
Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt,
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:
Teý bolmanda,
Käte,
Şuň ýaly gelni
Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi des-deň?
– Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi Wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy, ogul.
Ýöne... borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çynçy nogul?
Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň,
hemem lowlaýaň...
Jellatmyň, şahyrmyň –
Aýtsana, kim Sen?
17
515
Neo
17 May 2023
Myhman, bar gidiber 🙋 sagaman bol
Neo
17 May 2023
olia, mun yyldanam gerekdalow 🙄
senorita
17 May 2023
Melikee, hawa şeýt) bagyşlamak gowy zat;⁠)
näzlii
16 May 2023
olia, Hawa.
olia
16 May 2023
Goshgy Kerim Gurbannepesowynkymy🤔
Melikee
16 May 2023
senorita, sen diýeňsoň özüm özümi bagyşlaýan,indi gaýtalaman 😩😁😁
senorita
16 May 2023
Melikee, goý beýtme bu sagatda-da bir beýle jeza bormy 😁 (Siz gerek heniz))
Miss_Minnosh❤️
16 May 2023
Neo kopculik yerde ozuñi gowja alyp barsañ hormatyñ bolardy biraz🤏
Melikee
16 May 2023
senorita, menem şuwat ökünip özümi jezalandyrjak bolup ýatyrn 1 pepsi bilen 😁
senorita
16 May 2023
Melikee, beýle zadam gõzden gaçyryp bolarmy 😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.