N.T.
21.01.2022 14:01
Gyş pasly❄barada tasin we gyzykly maglumatlar tapdym.Okañ we bu maglumatlary siz-de biliñ!!!


Gyş pasly – ýylyň iň täsin wagty. Onuň gelmegi bilen bütin tebigat ajaýyp gyş ertekisine öwrülýär. Gyş bilen baglanyşykly näçe gyzykly maglumatlaryň bardygy hakynda şu güne çenli pikir edip gördüňizmi?

Bu döwürde daş töwerekde bolup geçýän wakalar hakynda biziň şu makalamyzdan öwrenip bilersiňiz, şeýle-de olary çagalaryňyz bilen paýlaşmagy ýatdan çykarmaň, sebäbi bu maglumatlar gyşy hasam jadyly we ajaýyp eder.


• Her bir gar tozgasy özboluşlydyr, tebigatda iki meňzeş gar tozgasy ýokdyr, ýöne şonda-da olaryň umumy bir zady bar – ýagny olaryň hemmesinde alty şöhle bolýar.

❄❄❄❄❄❄

• Biziň hemmämiz garyň reňkiniň ak bolmagyna öwrenişdik, ýöne Antarktidanyň iň uly dagynda gyzyl, sary we gülgüne reňkdäki garlary hem görmek bolýar.

❄❄❄❄❄❄❄

• Gar tozgalarynyň aýdymlaryny eşidip gördüňizmi? Gar tozgalary, suwa degip, ýokary ýygylykly ses çykarýarlar, emma gynansak-da bu sesler adamlar tarapyndan eşidilmeýär.

❄❄❄❄❄❄❄

• Ýer ýüzünde ýedi milliarddan gowrak adam ýaşaýar we bu sanyň ýarysyndan gowragy öz gözleri bilen hiç-haçan gar görmändir.

❄❄❄❄❄❄❄

• Häzire çenli adamyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre barabar bolupdyr.

❄❄❄❄❄❄❄

• Gary näçe söz bilen beýan edip bilersiňiz? Mysal üçin, eskimoslar garyň ähli mümkin bolan ýagdaýlaryny beýan etmek üçin 24 sany söz ulanýan bolsalar, sami ýaly demirgazyk halky bolsa gündelik durmuşynda bu maksat üçin 41 sany söz ulanýar.

❄❄❄❄❄❄❄❄❄

• Ýaponiýada tebigy buz kristallarynynyň öwrenijisi hökmünde meşhurlyk gazanan atmosfera buz fizikasynyň hünärmeni, ýapon professory Nakaýa Ukisironyň adyny göterýän gar tozgalarynyň muzeýi bar.

❄❄❄❄❄❄❄❄

• 2013-nji ýylda gyş möwsüminde Antarktidadaky stansiýada galan ýapon alymlarynyň kömegi bilen -91.2 gradusa deň bolan haýrana galdyryjy pes temperatura hasaba alyndy.

❄❄❄❄❄❄❄

• Bütindünýä gar güni! Eýsem, beýle baýramçylyk barmy näme? Howa bar, ol her ýylyň 19-njy ýanwarynda bellenilip geçilýär.

❄❄❄❄❄❄❄❄

• Buzyň temperaturasy dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, Antarktida buzluklarynda olaryň temperaturasy minus 60 gradusa, Grenlandiýa buzluklarynda bolsa minus 28 gradusa çenli ýetip bilýär, iň ýyly gar bolsa Alp we Skandinawiýa daglarynyň depesinde ýerleşýär, onuň temperaturasy 0 gradus töwereginde bolýar.

❄❄❄❄❄❄❄❄❄

• Iň dowamly gar ýagmyryna 1932-nji ýylda Kanadanyň ýaşaýjylary şaýat bolupdyrlar. Gar ýagmagyny 9 gün dowam edipdir, munuň netijesinde garyň boýy bir gatly jaýlaryň üçegine çenli baryp ýetipdir.

❄❄❄❄❄❄❄❄

Bu post sizde azyragam bolsa täsir galdyrandyr diýip umyt edýärin😉😊
11
70
N.T.
20.01.2022 21:47
GIJIGEN ARZUWLAR

Derdim artyp, gam baglanda gözümi,😔
Şo günleri ýada salasym geldi.
Men- aşyga rowa görmän özüňi,
Giden ýollaryňy göresim geldi.

Dünýäni unudyp söýgi ýolunda,❤
Yşk meni gurşady sagy-solumda,
Habar almasaň-da ýalňyz halymdan,
Göwnüme göwünlik beresim geldi.😔

"Söýgi külpetinden basyldym" diýmän,🤐
Durupdym sözümde, kemini goýman,
Başyňda göremde al-ýaşyl öýmäň,
Baş alyp düzlere çykasym geldi.😔

Ykbalyma düşen günleri ýatlap,
Durmuş gapysyndan täzeden ätläp,
Käteler bu zatlaň baryny otlap,
Gözümi ýaşardyp🥲 gülesim🙂 geldi...😔

Yzda galdy şeýle geçen pursatlar,
Gaýta-gaýta doňup eräp gursaklar,
Könelipdir ýürekdäki❤ hasratlar,
Bagtdan öz paýymy alasym geldi.😔

Soltansöýün GARRYÝEW.
9
29
N.T.
19.01.2022 14:05
Degişmeler:

Ýaş esger öýlerine hat ýazýar:
“Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup ýigrimi ýyllap biderejik horlanypsyň. Bu ýerde, goşunda, olaryň baryny ikije günde öwredýän ekenler”.

* * *

– Doktor, eger sag-aman aýak üstüne galsam, siziň täze saldyrýan keselhanaňyzyň gurluşygy üçin 500 müň dollary gaşymy çytman bererdim – diýip, näsag millioner aýdýar.
Birnäçe aý geçenden soň, lukman öňki syrkawyna köçede duşýar. Onuň ýüzünden gany damaýyn diýýär.
– Men siziň sag-aman gutulyp gideniňize gaty şat – diýip, lukman oňa seredip guwançly ýylgyrýar. – Indi şol keselhananyň gurluşygy üçin berjek diýen pullaryňyz barada-da gürleşäýsek...
– Pul berjek diýdimmi men?! – diýip, millioner geň galýar. – Päh, onda gaty agyr ýatypdyryn-ow! Hatda samrapdyrynam!..

* * *

– Goňşy, bazarlapsyň-la?
– Aý, şlýapa aljak bolýan welin, göwnüme ýaraýany ýok.
– Kelläňe ýaraýanyny alyber.

* * *

– Meniň aýalym diýseň adamkärçilikli...
– Şeýledir-le, ýogsa, seň bilen bir günem ýaşaşmazdy.

* * *

Bir gün bir mülkdar belli fransuz suratkeşi Renuardyň ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
– Haýyş edýän, oglumyň çeken suratlaryna baha beräýseňiz!
Beýik suratkeş suratlara ser salypdyr-da, şeýle diýipdir:
– Ogluňyz edebiýat bilen meşgullansa has oňat bolardy.
– O näme üçin?
– Çünki kagyzy hapalamak matany hapalamakdan arzan düşýär.

Halanlar 👍goýup biler😊
Halamadyklar bolsa teswirler yaramaýan ýerini ýazyp biler😁😁😊
11
101
N.T.
18.01.2022 21:45
GÜRRÜŇ BERSENE!

Kaka, ýaşlygyňy gürrüň bersene!
Garagol ýyllaryň albomyn açyp.
Şo günlere dolanaly az salym,
Wagtyň bina eden serhedin aşyp.

Kaka, ýaşlygyňy gürrüň bersene!
Çyn dostluk hakynda öwrener ýaly.
Dostlaň arasynda ynam-ygraryň
Agramyn aňymda ölçerer ýaly.

Kaka, ýaşlygyňy gürrüň bersene!
Sylagyň hakynda eneň-ataňa.
Käte sizi bilmezlikden ynjytsam,
Düşünerim ýaly eden hatama.

Kaka, ýaşlygyňy gürrüň bersene!
Wepaly söýgiňi ejeme bolan.
Päk yşkyň wysala gowşuşy hakda,
Ýetginjek ogluňa düşünje bolar.

...Wagtyň bina eden serhedin aşyp,
Seň alnyňa gelen wagtym men ýene,
Garagol ýyllaryň albomyn açyp,
Kaka, ýaşlygyňy gürrüň bersene!
7
22
N.T.
18.01.2022 19:52
BOLJAK BOLSA, BOLÝAR BOLMAJAK ZADAM

“Bolmaz boljak-boljagam,
Boljak bolmajak bolar.
Bolmajak-bolmajagam,
Boljak bolanda bolar.”


Bapba Gökleň

“Sen gideniň dokuz ýyldyr öteni,
Kaýda mesgen tutduň, gardaş Abdylla?”


Magtymguly Pyragy

Sen gideniň ýedi ýyldyr öteni.
Ýedi ýyldyr saňa jennet ýeteni,
Seni bu dowzahda ýaşatmadylar,
Şükür, yzyňdan-a daş atmadylar.
Türkmen diňe ölüp-beýgelip bilýär,
Türkmen öz üstünden birehim gülýär.
Türkmen otyr öz-özüni tanaman,
Bu ne döwür boldy,
Niçiksi zaman?!
Şeýtan perişdeden ýokarda gaýýar,
Şahyry öldüren jezasyz galýar.
Il içinde arkaýyn gezip ýör ganhor,
Gudraty güýçlini, gör, zordur, zor!
Gudraty güýçlümi ýa-da arkasy?!
Haram işe bellemezler her kesi.
Näme günäň bardy beýdip gidere,
Ezraýyly beýle haram edere.
Dogruçyldyň,
Päkdiň,
Sadadyň,
Mertdiň,
Režimiň böwrüne sanjylan dertdiň.
Iň uly güýmenjäň küşt bilen sazdy.
Sen köpüň dostudyň, seň dostuň azdy.
Gazet-žurnallaryň işiklerinden
Goşgyňy goltuklap kän gaýdypdyň sen.
Seni çap etjekleň ýok bu gün sany,
Modelýeriň suratlary mysaly.
Awtoryň yzyndan galan esere
Bu gün pul ýetenok baha kesere.
Her zat görjek eken ölmese adam,
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam.
Bizi ownatmana çalşyp irikäk,
Köp gülýärler üstümizden dirikäk.
Gidenmizden soňra başlanýar agy,
Biz şol gören türkmeniň-dä, Pyragy.
Türkmen öz üstünden birehim gülýär,
Türkmen diňe ölüp beýgelip bilýär.


✍Şiraly NURMYRADOW✍
5
37
N.T.
18.01.2022 19:42
ÝAGYŞLY GÜN...

Unutmakçydym men geçen ýyllary,
Birden bulut gök asmany gaplady.
Gün käte gizlendi, käte göründi,
Ýürek ýene umyt taýa ätledi.

Unutmakçydym-la!
Ýöne tebigat
seň şol bir gelişiňi saldy ýadyma.
Edil bolşuň kimin geçen günlerde,
Sen ýene-de bat goşýarsyň badyma.

Unutmakçydym-la!
Awara şemal,
Seniň sypan saçlaryňy oýnady.
Pikirlerim tänip düşýän ýaprak deý,
Meni asla öz erkime goýmady.

Unutmakçydym-la!
Asman galdyrap,
Dökdi gözýaşyny aglaýyp ýanyp.
Gam-gussa çolanan çyplak baglary,
Serden çykararly däl eken, anyk!

Unutmakçydym-la!
Derekli ýolda
galan yzymyza nazarym düşdi.
Biçäre ýapraklar aglaýar, ylla,
Unudyp bilmeýär biwepa yşky.

Unutmakçydym-la!
Unudyp bilmedim,
Şemal, ýagyş, göwnüm-gözüm ýaglanan.
Ýola çykypdym men, ýene dolandym -
Pikir-ýadym saňa baky baglanan.
6
53
N.T.
N.T.
17.01.2022 22:01
Adam garrasa-da, beýnisi ýaş bolup bilermi?! Bedenimiziň dolandyryjy synasy bolan beýni biziň görmegimizi, eşitmegimizi, hereket etmegimizi, duýmagymyzy, umuman, adam üçin zerur bolan ähli wezipeleri
N.T.
N.T.
17.01.2022 21:34
Manyly sözler.... Eger siz bi­lim al­ma­gy gym­mat ha­sap­la­ýan bol­sa­ňyz, so­wat­syz­ly­gyň ba­ha­sy­ny öw­ren­mä­ge çal­şyň. ✍Ro­bert Ki­ýo­sa­ki. * * * Öňün­de go­ýan mak­sa­dy bol­ma­dyk­lar
N.T.
N.T.
15.01.2022 14:30
ŞA ZENANyñ tagta çykmagynyñ 70 ýyl ýyllygy belleniler... Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II-niň tagta çykmagynyň 70 ýyllygy bellenilip geçiler. Bu dabara mynasybetli harby ýöriş, dürli
N.T.
N.T.
15.01.2022 14:12
Kir ýuwujy maşyny kim we haçan oýlap tapdyka??? Oý­la­nyp ta­py­lan dür­li en­jam­la­ryň kä­bi­ri wag­tyň geç­me­gi bi­len öz möw­ri­ti­ni ta­mam­la­ýan bol­sa, kä­bi­ri hiç ha­çan ula­nyş­dan