Degişmeler:
Ýaş esger öýlerine hat ýazýar:
“Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup ýigrimi ýyllap biderejik horlanypsyň. Bu ýerde, goşunda, olaryň baryny ikije günde öwredýän ekenler”.
* * *
– Doktor, eger sag-aman aýak üstüne galsam, siziň täze saldyrýan keselhanaňyzyň gurluşygy üçin 500 müň dollary gaşymy çytman bererdim – diýip, näsag millioner aýdýar.
Birnäçe aý geçenden soň, lukman öňki syrkawyna köçede duşýar. Onuň ýüzünden gany damaýyn diýýär.
– Men siziň sag-aman gutulyp gideniňize gaty şat – diýip, lukman oňa seredip guwançly ýylgyrýar. – Indi şol keselhananyň gurluşygy üçin berjek diýen pullaryňyz barada-da gürleşäýsek...
– Pul berjek diýdimmi men?! – diýip, millioner geň galýar. – Päh, onda gaty agyr ýatypdyryn-ow! Hatda samrapdyrynam!..
* * *
– Goňşy, bazarlapsyň-la?
– Aý, şlýapa aljak bolýan welin, göwnüme ýaraýany ýok.
– Kelläňe ýaraýanyny alyber.
* * *
– Meniň aýalym diýseň adamkärçilikli...
– Şeýledir-le, ýogsa, seň bilen bir günem ýaşaşmazdy.
* * *
Bir gün bir mülkdar belli fransuz suratkeşi Renuardyň ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
– Haýyş edýän, oglumyň çeken suratlaryna baha beräýseňiz!
Beýik suratkeş suratlara ser salypdyr-da, şeýle diýipdir:
– Ogluňyz edebiýat bilen meşgullansa has oňat bolardy.
– O näme üçin?
– Çünki kagyzy hapalamak matany hapalamakdan arzan düşýär.
Halanlar 👍goýup biler😊
Halamadyklar bolsa teswirler yaramaýan ýerini ýazyp biler😁😁😊