N.T.
01.11.2021 14:32
Siz öz häsiýetleriñiz bn haysy turkmen meşgurlaryna meñzeýandigini bilesiñiz gelýärmi???Onda meniñ shu postum hut siziñ üçin taýýarlandy.Ýagny test cozmeklik.Gatnashmak isleýärmisiñiz? Geliñ onda başlalyñ.
Testimiñ shertleri:
*soraglara jp bermek;
*👍ya da 👎 goymak (shonun netijesinde indiki sanymda hem test cozmek isleýäniñizi bilerin)
Testiñ soraglary:
#1)Ýaşyñ nace?
#2)Jynsyñ: gyzmy oglan.
#3)Aýdyñ hany ýagdaýlar nahili?
*ýadaw
*bet
*dynç alyşda
*sen sorama men aýtmaýyn
#4)Moda bilen gyzygyp şoña görä geýinýänlerdenmiñ?
#5)Eger-de jorañ ýa-da dostuñ seniñ söýguliñi halamasa kimi saýlardyñ?
*joramy/dostumy
*söýgülimi
#6)Ìñ yakyn jorañ/dostuñ bn hepde soñy name etmegi halaýañ?
*konserte gitmegi;
*kinoteatra gitmegi;
*piknige gitmegi;
*hiç biri;
#7)Soñky sorag: ýyldyzyñyz haýsy?(turkmençe adyny ýazmalydyr:türk ya-da rus bolmaly däl)
⛎ ♓ ♒ ♑ ♐ ♏ ♎ ♍ ♌ ♋ ♊ ♉

Eger-de test sizi gyzyklandyran bolsa teswirlerde soraglara jogap bermegiñize we 👍goýmagyñyza garaşýaryn
13
1 465
N.T.
30.10.2021 16:09
Arzuw etmek berilendir ynsana,
Bezäp-beslemäge durmuş dünýäsin.
Topraga sepen deý sep sen asmana,
Ýagşy niýetleriñ süýji dänesin.

Gursagyñda garramasyn umydyñ,
Goýber ony älem giñişligine.
Geler bir gün ykbalyña dolanyp,
Öwrüler hakyky küýsän keşbiñe.

Häzirki bar zatlar hyýalda başda,
Maksatdy köñülleñ cuñunda dörän.
Yhlas etgin oñatlyga garaş-da,
Myrat boljagyna ynanyp örän.

Syn kylsañ birmahal eden arzuwyñ,
Ykbalyñdan gecen däldir sowulyp.
Ýa-ha şol niýetiñ hasyl bolandyr,
Ýa-da ýar bolandyr başga gowulyk.

Şatlyk Hudaýnazarow.
11
276
N.T.
26.10.2021 22:58
Nam ucindir sen hakda az ýazylýar,
Rugsat ber,waspyñy ýazaýyn KAKA.
Isleseñ ìññede guýy gazylýar,
Pursat ber bir guýy gazaýyn KAKA.

Mydam seni dagdan arka saýyp bor,
Iñ gowy sözleri saña diyip bor,
Diýýäýme ,,Erkege gaty aýyp bor,
Taryply sozleri eshitmek KAKA.

Ynsaby ýaz eden KAKA,
Dünýami ýaz eden KAKA,
Bu durmushyñ sen gözbaşy
Ömrümi saz eden KAKA.

Goý, sensiz gecmesin berilen ömür
Ýasayşyñ gözbashy-barlygy KAKA.
Sähelce suwsasam ýyly mähriñe
Bildirer dünýäniñ darlygy KAKA.

Gijeler gündizler alada edip,
Hic zada zar etmän,zor eden KAKA.
Edebiñ mertligiñ nusgasy bolup,
Ygrary ,ynsaby ýar eden KAKA.

KÄBÄM ýaly süýji sözlemeseñde
Gözleñde üýtgeşik sùyji bar KAKA.
Daglaryñ, silleriñ, derýañ, illeriñ ,
Sende bir üýtgeşik güýji bar KAKA.

8
396