Nam ucindir sen hakda az ýazylýar,
Rugsat ber,waspyñy ýazaýyn KAKA.
Isleseñ ìññede guýy gazylýar,
Pursat ber bir guýy gazaýyn KAKA.
Mydam seni dagdan arka saýyp bor,
Iñ gowy sözleri saña diyip bor,
Diýýäýme ,,Erkege gaty aýyp bor,
Taryply sozleri eshitmek KAKA.
Ynsaby ýaz eden KAKA,
Dünýami ýaz eden KAKA,
Bu durmushyñ sen gözbaşy
Ömrümi saz eden KAKA.
Goý, sensiz gecmesin berilen ömür
Ýasayşyñ gözbashy-barlygy KAKA.
Sähelce suwsasam ýyly mähriñe
Bildirer dünýäniñ darlygy KAKA.
Gijeler gündizler alada edip,
Hic zada zar etmän,zor eden KAKA.
Edebiñ mertligiñ nusgasy bolup,
Ygrary ,ynsaby ýar eden KAKA.
KÄBÄM ýaly süýji sözlemeseñde
Gözleñde üýtgeşik sùyji bar KAKA.
Daglaryñ, silleriñ, derýañ, illeriñ ,
Sende bir üýtgeşik güýji bar KAKA.