N.T.
30.10.2021 16:09
Arzuw etmek berilendir ynsana,
Bezäp-beslemäge durmuş dünýäsin.
Topraga sepen deý sep sen asmana,
Ýagşy niýetleriñ süýji dänesin.

Gursagyñda garramasyn umydyñ,
Goýber ony älem giñişligine.
Geler bir gün ykbalyña dolanyp,
Öwrüler hakyky küýsän keşbiñe.

Häzirki bar zatlar hyýalda başda,
Maksatdy köñülleñ cuñunda dörän.
Yhlas etgin oñatlyga garaş-da,
Myrat boljagyna ynanyp örän.

Syn kylsañ birmahal eden arzuwyñ,
Ykbalyñdan gecen däldir sowulyp.
Ýa-ha şol niýetiñ hasyl bolandyr,
Ýa-da ýar bolandyr başga gowulyk.

Şatlyk Hudaýnazarow.
11
276
Gülhan
31 Oktýabr 2021
N.T., wahey 🤗🤗
N.T.
30 Oktýabr 2021
Гульхан,menem gowy gordum.Shu gosgyny okanymdan bari arzuw edip basladyma😊😁😁😁

Гульхан,halan bsañ begendim sag bol gulum🤗😘
Gülhan
30 Oktýabr 2021
Gursagyňda garramasyn umydyň, Goýber ony älem giňişligine. Gowy setir🙂
N.T.
30 Oktýabr 2021
Guwanjow,sag bol 👍goyanyñ un
N.T.
30 Oktýabr 2021
didka_778,thanks🙂
didka_778
30 Oktýabr 2021
N.T., udachi👍🏻
N.T.
30 Oktýabr 2021
hanym,Sag bol halap like goyanyn un we teswir yazanyñ un😘

didka_778,sag boluñ
didka_778
30 Oktýabr 2021
👍🏻👍🏻👍🏻
Melikee
30 Oktýabr 2021
Berekella ýazanyň üçin.😉
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.