N.T.
N.T.
26.12.2021 23:16
Amin...🤲🤲🤲
N.T.
N.T.
26.12.2021 22:52
Ýatlama😔 Ýeke goýup gitdiñ, duýmady asman, Bulutlar sarsmady, ýagmady ýagyş. Ýöne gözýaşlardan öllendi desmal, Ýüregme çekildi ot bilen nagyş. Ýeke goýup gitdiñ, duýmady şemal, Süññi sarsyp ýetişmedi
N.T.
N.T.
25.12.2021 23:02
Bu gun aýyñ naçesi🤔🤔👇👇👇😆😆😆
N.T.
N.T.
25.12.2021 23:00
🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣
N.T.
N.T.
25.12.2021 23:00
Bu gun hepdañ soñy geladei dp begenyansiñiz😉😊☺
N.T.
24.12.2021 22:42
Geçmegiň gerek...

Belany iterse seniñ üstüñe,
Eger ot bolsañ-da öçmegiñ gerek.
Duşman duzak gursa düşüp kassyña,
Ondan köpri gurup geçmegiñ gerek.

Mañlaýña ýazylsa bir nadan aýal,
Ejeñden geçmegñe ýüwürtse hyýal,
Meni diñle, gepim hiç etmez zyýan,
Oña çykyş gapyñ açmagyñ gerek.

Goñşy saýlamakda asla utulma,
Eger zalym bolsa ýokdur gutulma,
Ýok!
Bar ýaly alaç bu agyr zulma,
O ýerden basymrak göçmegiñ gerek.

Ýañsylasa eger bir päli azan,
Güýç bar diý:p göreşme eý dostum Tagan,
Sen güýçli bolsañ-da, ol gara gazan,
Garasy ýokmanka gaçmagyñ gerek.

Dostuñ beýgelende, beýgel sen bile,
Içiñi köýdürme ýalandan güle,
Büdrände-de eliñ berip sen ele,
Bile gonup bile uçmagyñ gerek.

Watan mukaddesdir şeýle-de galar,
Mukaddes ondaky derýalar, daglar,
Oña señ kömegiñ zerurly çaglar,
Aýaman gara der seçmegiñ gerek.

KERIM HALLYÝEW
5
94
N.T.
24.12.2021 22:32
ATA we OGUL...

Haldan doýan bir garry,
Ogly bilen ýaşapdyr.
Ýetmän perzendiñ mähri,
Ý aşulymyz üşäpdir.

Hiç bir zada zar etmän,
Ýetişdirdi ogluny.
Perzendine bag:ş etdi,
Her sagady, her güni.

Ýöne mähirlän ogly,
Bolupdyr bir zöwwetdin.
Edenini çeker ol,
Durmuş uzak, dünýe giñ.

Durmuşda hiç etmişiñ,
Galan däldir jogapsyz.
Munda bolmasa anda,
Gynar seni bir “Atsyz”
Geçse ömrüñ sogapsyz.

Şu ýadyna düşdümi,
Mähir indi ýüregne.
Kakasyny, boş güni,
Alyp çykdy mellegne.

Oturdylar bileje,
Teýinde uzyn bagyñ.
Jakgyldaşyp serçeler,
Edýärdi göwün şadyn.

Hasasyny göterip,
Sorag berdi kakasy.
Serçelere seredip,
-Näme oglum aýtgyn şu?

-Kaka oýny goýaly,
Ýagşy görýär-ä gözüñ.
Onuñ nämedigini,
Gowy bilýäñä özüñ.

Kakasy öz oglundan,
Ýene gaýta sorady.
Ogly kejine tutup,
Öz jogabyn gorady.

Jogapsyz galan ata,
Diýdi: -heý namart ogul.
Sen edenñi çekersiñ,
Bir gezek ahyr ömür...

Ýadyñdamy çagakañ,
Oturardyk mellekde.
Şu sowaly bererdiñ,
Her aýda, hem her hepde.

Her gezek sorasañ-da,
Jogap berdim diýmän ýok.
Munyñ serçe, bu garga,
O görýäniñ ikatýok.

A sen bolsa ýeke gez,
Serçe diýip bilmediñ.
Wah jan ogul garaşan,
Netijämi bermediñ.

Awtory: Kerim Hally
6
70
N.T.
24.12.2021 22:23
Ar alysh

(degishme äheñli goshgy☺😊



Señ yzyñda çapa-çapa,
Ýedi köwüş dargap gitdi.
Söýgim üçin gurban bolan,
Günler maña gargap gitdi.

Güjügñizden gaça-gaça,
Döretdim ullakan ýoda.
Itiñ çeýnän balaklarny,
Dikip-ýamap etdim moda.

Damagymdan hörek geçmän,
Sekiz kilo horlandym men.
Señ yzyña düşmezden öñ,
Döw deý daýaw oglandym men.

Ýalbarmaklyk, ýakarmaklyk,
Et, süñküme ornap gitdi.
Toýa niýetlenen sygryñ,
Göleleri garrap gitdi.

Toýa getirjek bagşymyñ,
Ses, owazy tükenipdir.
Köpler ýaly fonagramma,
Aýtmadygna ökünipdir.

Dogan-gardaş, “Gelne” diýip,
Öýme baryn goýberipdir.
Arman syçanlar sandykda,
Menden öñürt öýlenipdir...

Ynha bu gün ýetdim saña.
Gurban edip, şunçalary.
Gapymyzda toý-dabara,
Sowgat edip gunçalary.

Dur bakaly,
Synla meni!
Gör söýginiñ ýaralaryn.
Bir ömrümi bagyş edip,
Indi senden ar alaryn!


Awtory KEERIM HALLY
6
131
N.T.
N.T.
23.12.2021 00:00
Salam agzalar! Ynha bugun Uniwersitetimiziñ iñ ey görülyän,OFFICIAL derejeli agzasy, hormatlanyan MELIKE agzanyñ doglan güni... Ony hemmäñiz bilyän bolsañyz gerek. Geliñ üyshüpjik gowja dilegler
N.T.
N.T.
22.12.2021 22:40
Ayaz babamyz🤶🧑‍🎄 batyp Kan bergili 💰💰galypdyr Zatlar gymmat bolanson Kredit pul 💴💵alypdyr Garpamyk 👸sayat bolup Milyon yarym alypdyr Zaloga pul tapmanson Keyiklerini🦒🦒 goyupdyr Islap üzjek ekeni Jana