https://owrenmeli.app/18537-degishme-ahenli-goshgy.html#comment
N.T.
24.12.2021 22:23
Ar alysh
(degishme äheñli goshgy☺😊
Señ yzyñda çapa-çapa,
Ýedi köwüş dargap gitdi.
Söýgim üçin gurban bolan,
Günler maña gargap gitdi.
Güjügñizden gaça-gaça,
Döretdim ullakan ýoda.
Itiñ çeýnän balaklarny,
Dikip-ýamap etdim moda.
Damagymdan hörek geçmän,
Sekiz kilo horlandym men.
Señ yzyña düşmezden öñ,
Döw deý daýaw oglandym men.
Ýalbarmaklyk, ýakarmaklyk,
Et, süñküme ornap gitdi.
Toýa niýetlenen sygryñ,
Göleleri garrap gitdi.
Toýa getirjek bagşymyñ,
Ses, owazy tükenipdir.
Köpler ýaly fonagramma,
Aýtmadygna ökünipdir.
Dogan-gardaş, “Gelne” diýip,
Öýme baryn goýberipdir.
Arman syçanlar sandykda,
Menden öñürt öýlenipdir...
Ynha bu gün ýetdim saña.
Gurban edip, şunçalary.
Gapymyzda toý-dabara,
Sowgat edip gunçalary.
Dur bakaly,
Synla meni!
Gör söýginiñ ýaralaryn.
Bir ömrümi bagyş edip,
Indi senden ar alaryn!
Awtory KEERIM HALLY
6
131