N.T.
24.12.2021 22:32
ATA we OGUL...

Haldan doýan bir garry,
Ogly bilen ýaşapdyr.
Ýetmän perzendiñ mähri,
Ý aşulymyz üşäpdir.

Hiç bir zada zar etmän,
Ýetişdirdi ogluny.
Perzendine bag:ş etdi,
Her sagady, her güni.

Ýöne mähirlän ogly,
Bolupdyr bir zöwwetdin.
Edenini çeker ol,
Durmuş uzak, dünýe giñ.

Durmuşda hiç etmişiñ,
Galan däldir jogapsyz.
Munda bolmasa anda,
Gynar seni bir “Atsyz”
Geçse ömrüñ sogapsyz.

Şu ýadyna düşdümi,
Mähir indi ýüregne.
Kakasyny, boş güni,
Alyp çykdy mellegne.

Oturdylar bileje,
Teýinde uzyn bagyñ.
Jakgyldaşyp serçeler,
Edýärdi göwün şadyn.

Hasasyny göterip,
Sorag berdi kakasy.
Serçelere seredip,
-Näme oglum aýtgyn şu?

-Kaka oýny goýaly,
Ýagşy görýär-ä gözüñ.
Onuñ nämedigini,
Gowy bilýäñä özüñ.

Kakasy öz oglundan,
Ýene gaýta sorady.
Ogly kejine tutup,
Öz jogabyn gorady.

Jogapsyz galan ata,
Diýdi: -heý namart ogul.
Sen edenñi çekersiñ,
Bir gezek ahyr ömür...

Ýadyñdamy çagakañ,
Oturardyk mellekde.
Şu sowaly bererdiñ,
Her aýda, hem her hepde.

Her gezek sorasañ-da,
Jogap berdim diýmän ýok.
Munyñ serçe, bu garga,
O görýäniñ ikatýok.

A sen bolsa ýeke gez,
Serçe diýip bilmediñ.
Wah jan ogul garaşan,
Netijämi bermediñ.

Awtory: Kerim Hally
6
70
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
25 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👍👏
N.T.
25 Dekabr 2021
Banucıcek,elbetde
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.