MukamB
10.01.2020 00:02
............
Eje, bu ýüregim şeýle bir gysýa,
Sygdyranok giň dünýäde özüne,
Ýürek ejizleýä tapanok aram,
Dertlerimi sygdyramok özüme.
Eje, gijelerne ýalňyz men indi,
Elimden gidipdir ilkinji söýgüm,
Gündizlerem maňa garaňky indi,
Ykbalym alypdyr ýüzümden gülkim.
Eje, seniň sowgat beren bagtyňy,
Köp görýäler käbirleri ogluňa,
Dostlaryma goýan gymmat gadrymy,
Bilmediler hanjar saldy boýnuma.
Eje, durmuş maňa şeýle bir agyr,
Gussa ýüregime urupdur kökün,
Diýýärler ejeler dünýän soltany,
Durmuş gynamasyn beräýdä höküm.
Eje, bar zady men bilemok aýdyp,
Aýtsam käbam ene kalbyň gyýylar,
Ýaşlygymy indi kim berer gaýdyp,
Jahyllyk döwrüme zäher atdylar.
Orash Ovezberdiyev
17
786