Winsent Wan Gog barada:
Wan Gog 1853-nji ýylda Niderlandiýanyň Grot-Zýundert diýen ýerinde dünýä inýär. Ol 27 ýaşyna çenli kitap dükanynda satyjy bolup işleýär. Onuň kakasy dindar adam bolypdyr. Belli bir döwürde ol Belgiýada dindar bolup işleýär. Soňra mugallym bolýar. Wan Gog impressionistleriň sungatyny öwrenýär. Realistleriň işlerini kopýa edýär. Ol diňe bir ýyl çeperçilik mekdebine gatnaýar. Suratkeşiň maksady reňkleriň esasynda meňzemeýän sungat döretmek, reňkleriň göwrümleri esasynda durmuşyň manysyny beýan etmkek bolupdyr. Wan Gog hiç haçan zakaz iş çekmändir. Şonuň bilen birlikde-de bir işini hem satyp bilmändir. Ol pulsyzlykdan kösenmändir. Sebäbi oňa yzygiderli pul kömegini edipdirler.
Onuň eserleri "Gulagy kesilen awtoportret", "Gyzyl üzüzmçilik", "Günebakarlar", "Aglaýan ýaşuly", "Meniň otagym", "Gijeki kafe", "Tussaglaryň gezelenji".
Öň şu suratkeş barada eşden täsin wakalary bilýäniňiz bamy...?