MukamB
10.01.2020 00:02
............
Eje, bu ýüregim şeýle bir gysýa,
Sygdyranok giň dünýäde özüne,
Ýürek ejizleýä tapanok aram,
Dertlerimi sygdyramok özüme.

Eje, gijelerne ýalňyz men indi,
Elimden gidipdir ilkinji söýgüm,
Gündizlerem maňa garaňky indi,
Ykbalym alypdyr ýüzümden gülkim.

Eje, seniň sowgat beren bagtyňy,
Köp görýäler käbirleri ogluňa,
Dostlaryma goýan gymmat gadrymy,
Bilmediler hanjar saldy boýnuma.

Eje, durmuş maňa şeýle bir agyr,
Gussa ýüregime urupdur kökün,
Diýýärler ejeler dünýän soltany,
Durmuş gynamasyn beräýdä höküm.

Eje, bar zady men bilemok aýdyp,
Aýtsam käbam ene kalbyň gyýylar,
Ýaşlygymy indi kim berer gaýdyp,
Jahyllyk döwrüme zäher atdylar.

Orash Ovezberdiyev

17
786
Myhman Myhman
12 Yanwar 2020
gep yok gowylygyna
MukamB
10 Yanwar 2020
Sps Alfiya yene sun gosgularyny paylasjak
ALFIYA
10 Yanwar 2020
gowja gosgy +13❤menden sahyryn gosgysyna we sizin biz bn paylasanynyzs
Cigildem
10 Yanwar 2020
???
Gülhan
10 Yanwar 2020
Гаты говы гошгы ???
MukamB
10 Yanwar 2020
Sps hemma
babamyrat
10 Yanwar 2020
???
liliya
10 Yanwar 2020
прекрасное стихотворение+?
Aýjemal
10 Yanwar 2020
Gowy gosgy???
Myhman Myhman
10 Yanwar 2020
gou gosgy ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.