MukamB
25.01.2020 00:05
..............

Bizar boldum telefonyň jaňyndan
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

"Söýýän" diýip ony oda salýaňyz
Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz
Gaş kakyp, göz gypyp aklyn alýaňyz
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Agşama howlugýar sagadyn belläp
Duşuşanda berjek sowgadyn telläp
Käte urulyp gelýär dodagyn sallap
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar
Düşünde samyrdap adyňyz tutýar
Ukudan doýmanka ýene daň atýar
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Gijeler çagyryp bagyň çetine
Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine
Käte bolup gelýär gyzyl etene
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl
Gelin edip işigimden saljak däl
Balajygymy öýeräýmesem boljak däl
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.

??????

8
863
MukamB
24.01.2020 23:32
Imo chat kimiňki?

Gündelik durmuşymyza giňden ornaşan IMO habarlaşma programmasy barada biz näme bilýäris? Aslynda kim çykarsa çykarsyn biz öz ýakynlarymyz bilen aňsat we mugt habarlaşsak bolýa diýesimiz hem gelýä. Ýöne şonda-da ylym tehnologiýanyň ösen döwründe bu zatlardan habarsyz galasymyz gelmez. Geliň onda azajygam bolsa IMO barada tanyşalyň.

IMO programmasyny Google şereketiniň öňki işgäri Ralph Halik tarapyndan 2006-njy ýylda  döredildi. IMO häzirki wagtda hususy şereket bolup Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Palo Alto ýerinde ýerleşýär. IMO şereketiniň işgär sany ýa-da şereketiň ululygy barada internetde doly maglumat ýok. Ýöne şunyda bellap geçmek gerek IMO şereketi 2013-nji ýylda birinji maýa goýum turynda 13,000,000$ maýa gazanypdyr, bu diýmek hem şereketiň kiçi däldiginden habar berýär.

IMO başda web merkezli programma bolup tor üstinden chat, ses we wideo hyzmatyny beripdir. Şeýle hem öň ulanyp ýörilen chat progmammalaryny işletmäne mümkünçilik beripdir (AIM, Google Talk, Jabber, ICQ, MSN, MySpace, Facebook Chat, Yahoo Messenger we Skype). IMO programmasynyň esasy funksiýalarynyň biri hem chat taryhyny (ýazyşylan sözleri) özünde saklamasydyr. Häzirki wagtda IMO programmasy ulanyjylara surat we wideo paýlaşym üçin 2GB ýer berýär. IMO-nyň web-den web-e, web-den mobile, mobil-den mobile wideo jaňlaryny bardygyny hem ýatdan çykarmaly däldir, bu hyzmatlary amala aşyrýandygy üçin IMO webRTC serwisine (pluginsiz wideo chat) borçlydyr. IMO-nyň häzirki wagtda Android, iOS we windows gurulgy kompýuterler üçin programmasy hem bardyr. Şerekete görä mobile programmasynyň ýüklenme sany 10M+ we aýlyk 1.5M aktiw ulanyjylarynyň bardygyny habar berýär.

Gyzyklymy....?
4
407
MukamB
23.01.2020 15:37
Salam agzalar. Olimpiadalar hem tamamlandy köpiňiziňki şowly geçendir käbiriňiziňki şowsuz geçendir meňki ýaly.

Araňyzda ýer alan bamy olimpiadada...?
2
687
MukamB
21.01.2020 17:18
Salam agzalar agşamyňyz haýyrly bolsun. Bilermen oýnuny oýnaýan bamy gyzykly oýun eken, eger oýnamaýan bar bolsa Play Marketdan alyp barlap görüň köp zat öwrendim şondan....

Oýnaýanyň bamy şony....?
6
921
MukamB
18.01.2020 22:51
...........
Ýaşan ýyllarymdan närazy bolman
Soňky dem-de gülsem seni gujaklap
Ikimizi aýryp goýsa-da ykbal
Armanym ýok ölsem seni gujaklap.

Orash Ovezberdiyev

10
477
MukamB
17.01.2020 16:27
..........Şahyrlardan jogap..........

G.Ezizow

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok
Sada bolsun ogulyňyz gyzyňyz
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.

Atajan tagandan jogap:

"Sadalykdan zyýan bolmaz" diýipsiň
Häli şindi ejir çekýär sadalar
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalňyşdyň
Ýa ondan soň çalt üýtgedi kadalar.

Kerim Hallydan jogap:

Ussatlar känem bir ýalňyşmaýarlar
Sadaň ejirliginiň soňy eşretdir
Ömrüni sogaba çalyşmaýanla
Olar nikabyny geýen eşekdir.

Orash Ovezberdiyew

Ussatlar hiç haçan ýalňyşmaýarlar
Sadalykda geçen ömrüň halaldyr
O dünýäde ýanmajaklaň pikiri
Sadalary akmak adam saýmakdyr.
5
714
MukamB
16.01.2020 09:35
Orash Ovezberdiyev

Söýgilim seniň hem geçer zamanyň
Ne şöhratyň galar nede bir şanyň
Şeýledir kanuny zalym dünýäniň
Dört möwsüm içinde bir bahar bolar.
7
458
MukamB
15.01.2020 21:30
Pullanyp gör: dostuň doganyň bolar, ýönekeý tanyşyň dostuň bolar, saňa göwni ýetmeýänler söýüşjek bolar, adyň yzyna "jan" sözüni goşular, ýalan gürleseňem seňki dogry bolar..
Garyp bolup gör: ne hakyky dost ne hakyky söýgi bolar, adyň "aý pylanymaý" bolar, hakykaty aýtsaňam ynanmazlar.

Dogry gerek dostlar mende şeýle waka bolup geçdi her hili adamlar ba durmuşda hemme zada taýýar boluň.

9
450
MukamB
14.01.2020 17:21
.......
Dostuň bolsun her hal ýanyňda boljak
Aglaňda aglajak, güleňde güljek
Başa bela gelse dag bolup durjak
Ynamdar wepadar hak dostuň bolsun.
11
871
MukamB
13.01.2020 14:36
Salam gadyrly agzalar. Okuwlaram başlady hemmäňize okuwda üstünlik arzuw edýän.
Eger munkin bolsa tanyş bolalyň siz bilen...!
6
681