MukamB
25.01.2020 00:05
..............

Bizar boldum telefonyň jaňyndan
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

"Söýýän" diýip ony oda salýaňyz
Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz
Gaş kakyp, göz gypyp aklyn alýaňyz
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Agşama howlugýar sagadyn belläp
Duşuşanda berjek sowgadyn telläp
Käte urulyp gelýär dodagyn sallap
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar
Düşünde samyrdap adyňyz tutýar
Ukudan doýmanka ýene daň atýar
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Gijeler çagyryp bagyň çetine
Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine
Käte bolup gelýär gyzyl etene
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar

Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl
Gelin edip işigimden saljak däl
Balajygymy öýeräýmesem boljak däl
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar.

??????

8
863
Myhman Myhman
27 Yanwar 2020
Men blyan awtoryny eje yazya????
gulshatayewa97
25 Yanwar 2020
Waheý inni gördüňizmi bu goşgyny siz.. Line döwri moda bolupdy
MukamB
25 Yanwar 2020
Heh hakyky ?
liliya
25 Yanwar 2020
hehe?????
☆NUR☆
25 Yanwar 2020
????
Enkam
25 Yanwar 2020
Hihi bular yaly gosguny yazanyn ejesi halys bizar bolan bolmaly gyzlaryn hasyetlerinden ?
MukamB
25 Yanwar 2020
Sps hemma
Sahra
25 Yanwar 2020
?gowy setirler eken
Serfar
25 Yanwar 2020
Bayba gowy setirler?????
Myhman Gulnar
25 Yanwar 2020
Hehe dogry aytyanM..B.N ejesi daldirlay???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.