MukamB
17.01.2020 16:27
..........Şahyrlardan jogap..........

G.Ezizow

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok
Sada bolsun ogulyňyz gyzyňyz
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.

Atajan tagandan jogap:

"Sadalykdan zyýan bolmaz" diýipsiň
Häli şindi ejir çekýär sadalar
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalňyşdyň
Ýa ondan soň çalt üýtgedi kadalar.

Kerim Hallydan jogap:

Ussatlar känem bir ýalňyşmaýarlar
Sadaň ejirliginiň soňy eşretdir
Ömrüni sogaba çalyşmaýanla
Olar nikabyny geýen eşekdir.

Orash Ovezberdiyew

Ussatlar hiç haçan ýalňyşmaýarlar
Sadalykda geçen ömrüň halaldyr
O dünýäde ýanmajaklaň pikiri
Sadalary akmak adam saýmakdyr.
5
714
ufc
17 Yanwar 2020
ish meselesinde hamalyon bol mashgala meselesinde bolsa ozun bol
liliya
17 Yanwar 2020
hazirki vagtda sada bolmaly dal ussunnen depeleyarler ?
MukamB
17 Yanwar 2020
Ou mlds saolun YGurbanaly23

Selbi sanada saol bet bolupdr ikinizinkem
ylham_gurbanaly
17 Yanwar 2020
Mekir ýerinde mekir bolmaly Sada ýerinde-de bolgun sada Emma sadañ yanynda mekirlik Etseñ bolarsyñ iñ haramzada
Селби
17 Yanwar 2020
Adamlaram kadalaram uytgedi. Sadalaram zyyan cekyandir belki. Yone yatda sakla ey menin dostum. Sadalykdyr in sonunda yeniji.
MukamB
17 Yanwar 2020
Sps dost

Öwrenmelidaki şahyrlar sizem su gosga oz jogabynyzy yazynda munkin bolsa
Myhman Myhman
17 Yanwar 2020
Söz yok dost
Aýjemal
17 Yanwar 2020
Owadan gurleyarler we manyly ?????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.