Miss_Minnosh❤️
25.05.2024 00:16
Geldinmi sen

Geldinmi sen duygylarmy depeläp
Gussalara gark etmäne geldinmi
Geldinmi sen yarama duz sepelãp
Umutlarmy ürkitmäne geldinmi

Geldinmi sen yalňyz yürekde yanan
Yakymsyz ýatiama bolup geldinmi
Sozinem söyginem bolupdy yalan
Wepasyz wadany alyp geldinmi

indi öz-özime erkim yetenok
Begenerin görinmesen gözime
Dali kimin gözem uka batanok
Yrek duýgym syganok her sözime

Geldinmi sen duys lenme alasyp
Sereda sagadam bardy bir çene
Bary gic Bary puc Baldy soygimiz
Barybir gelenin peydasy yoge
28
167
Miss_Minnosh❤️
22.05.2024 23:16
Ýaşlyk dramasy.........

Gaññalyñ oýunda Tejende galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Däriler ýanýardy ys köpelýärdi,
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi.
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi,
Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ.

Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada,
Emma "söýgi" diýen jadyly zada,
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ.

Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan,
Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan".
Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan,
Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty".

Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy,
Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy.
Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim,
Çabrap bashlanda demiñe demim.
Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ,
Söýgi bulashmazmy, edep az wagty".

Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap,
Leb gadagan wagty olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat,
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ.

Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat,
Çykjak bolaýsada bermen rugsat.
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle,
Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. S
en diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe,
Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty".

Sho mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem, toraññy urup dur perwaz:
"Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz,
Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn".

Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziñ kimin birek-birege mätäç,
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym".

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne welin gysha galaýma ýigit,
Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty".

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gysha galmazlygy edipdik wada.
Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada,
Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty.

Bilmedim nämäniñ hesiri boldy,
Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy.
Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap,
Topuldym, çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap,
Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ.

Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul,
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl.
Shunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty.

Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ,
Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ.
Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ,
Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ".

Shobada ýüzüñde göründi ünji,
Gözleriñden gaçdy üç sany hünji.
Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji,
Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ.

Içerde otursam ýüregim gysýar,
Dasha çyksam, asman depämden basýar.
Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär,
Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ.

Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem,
Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem,
Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym.

Kim bolsada saña satashan kishi,
Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy.
Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy,
Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty.

Çümdürse eliñe ýekeje tiken,
Shol tiken müñ bolup bagryma çöker.
Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn.

Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz.
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty.

Arada aýlandym Tejen ýerlerine,
Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine.
Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe,
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym.

Gaññalyda otyr öñki ýerinde,
Toraññyda otyr öñki ýerinde.
Sho derýada ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ...

Kerim Gurbannepesow.
29
147
Miss_Minnosh❤️
22.05.2024 14:00
Ÿylgyr :)🙃

🙃Irden turup ukydan acylmak ucin gyzgynjak
kofe icseñ 40% ukydan acya, eger bir alma
iyseñ 60% acya, eger ýañky gyzgyn kofeany
aýagyña guýsañ 100% ukydan acya.

🙃Gülmek ömrüñi uzaltya, cilim cekmek
mrüñi gysgaltya. Diýmek onda cilim cekip
otyrkañ gülseñ hic zadam bolonok.
39
319
Miss_Minnosh❤️
22.05.2024 08:04
Salam agzalar bu gun @smilling agzamyzyñ doglan guni.Gowjam uzak yasa gorjegin gowluk bolsun okuwunda isiñde mydama ussunlik aklm...🎂
32
431
Miss_Minnosh❤️
21.05.2024 22:24
Gorkunç...

1. Telefonumyň zarýady gutardy. Ony zarýada goýmak üçin ýerimden turamda, näbelli belgiden şeýle sms habary gelenini gördüm: "Näme üçin jaňy alaňok?"

2. Öýde ýalňyzdym, aýnadaky şekilim bolsa başga tarapa bakýardy.

3. Ukydan turdym. Sagat 03:23. Arkamdan biri elini egnimde goýup: "Entek oýanmagyň wagty däl" diýdi.

4. Krowatda ýatyrkam, aşakdan bir el aýagymdan tutup çekdi.

5. Liftde ýalňyzdym, emma "lift doldy, artykmaç adam, biriňiz lifti terk ediň" diýen duýduryş berildi.

6. Telefonyma jaň geldi. Belgi şu telefonumdany belgidi.

7. Totuguşym ahyr gürlemäni öwrendi, emma ol hemişe "Ol arkaňda, arkaňda" diýip gaýtalaýardy.

8. Kitaphanada köne arhiw kitap tapdym. Içinde meniň we başga adamlaryň doglan ýeri we senesi, şol sanda ölüm ýeri we senesi ýazylgydy. Meniňkide ölüm ýeri kitaphana, ölüm senesi bolsa şugüni görkezýärdi.

9. Täze göçüp gelen öýümde gulagma şeýle pyşyrdylar eşdilýärdi: "Ahyry geldi, ahyry geldi
20
165
Miss_Minnosh❤️
21.05.2024 16:36
"Soldat ýüregi"


Ol beýik Wolganyn sag kenaryndan
Alymlar tapdylar kaska, ýaragy.
Gapdalynda şindi ýere siñmedik
Yatyrdy soldatyň urýan ýüregi

Emaý bilen gazyp alyp gudraty
Üýşdüler dasyna hersi bir ýerden
Bu eziz howadan dem alan ýürek
Adam sesi bilen gürledi birden:

Bu jepaly ýer astynda
Yürek gaty kän
Buýruk ýerne ýetirildi,
Yoldaş kapitan!"

Gurbannazar EZIZOW
29
79
Miss_Minnosh❤️
21.05.2024 13:11
"Däli " hem-de "Bet" sözleri

"Däli"- gadymky döwürde" batyr,edermen,mert" manylarynda ulanylypdyr.Häzirki döwürde "akmak,aklyny ýitiren,ruhy kesel..." manylarynda ulanylýar.

"Bet"- bu barada şu sözleri mysal getirjek : betbagt ,betnyşan , betgelşik...
a häzirki döwürde bolsa :
-gowumy ýagdaýlaryň ?
-bet .
...
-şu nähili gyz ?
-bet .

bu sözler haýsy manyda ulanylýar ?! ýa-da bu sözler nädip öňki aňladýan manysyny ýitirdi ?!
28
165
Miss_Minnosh❤️
19.05.2024 22:08
TÄZE DÖWÜRDE (degişme)🤣🤣🤣

Bir bar eken bir ýok eken. Gadym döwürde dälde 2090-nji ýylda
Dursyngeldi atly bir ýaș oglan bar eken. 2090-nji ýylyñ adamlary
üýtgeşik, döwre görä bular gaty tapawutlanýardylar.
Dursungeldi hem şolaryñ biridi. Günleriñ birinde Dursungeldi
awtobusa münende owadan gyzy görüp onuñ ýanynda oturmak
sledi. 0l gyzyñ ýanynda-da ýașuly adam otyrdy. Oglan o
ýaşula: näme otyrsyñ, utanañokmy ýaşlar bara bärde? Ýaşlara
ýol bermeli siz, bu ýaşlaryñ döwüri diýip ony ýerinden kowýar.
Gyz hem oglanyñ bu hereketini görüp ýyrşaryp başlaýar.
Dursungeldi gyz bilen tanyşmaga başlaýar. Salam. Meñ adym
Dursyngeldi, meñ jynsym erkek diýýär. Ol gyz hem salam
Meniñ adym Agajemal. Ýewropa gitmezimden on
Agamyratdym diýýär. Dursungeldi ol gyz bilen gürleşip halap
başlaýar. Olar geçmișler barada gürrüñ edip bașlaýarlar. Oglan:
ejemiñ aýtmyşlaryna görä öñki adamlar gaty pis bolupdyrlar. Ol
döwüriñ garrylary dar gysga balak geýip jorapsyz bantikli sary
makasina geýýän oglanlary hem halamaýan ekenler diýýär. Olar
biziñ döwrümizi döwür eden, modalarymyzy moda eden Dolçi
Gabanany, Ýudaşkini, Sergeý Zwerýewi we $.m. beýik adamlary
hem äsgermezler ekeni diýýär. Agajemal hem ony goldap:
bilýän. Meñ kakam şol döwürler söýgülsi Babamyrat bilen
nikalaşyp bilmändi. Ejemede saçyny syrmaga, oglanlar bilen
arkaýyn spirtnoý içip oturmaga gadagad edýän ekenler diýýär.
Dursungeldi ol gyz bilen günde duşuşyp söýüşmäge
başlapdyrlar. Günleriñ birinde olar has ýakyndan tanyşmak üçin
öñki söýgülilerinem çagyryp kafede oturypdyrlar. ÖÄki
söýgülileri täze söýüşýän kepderijikleriñ kemleri bara-da, gowy
taraplary barada gürrüñ edip başlaýarlar. Dursungeldi öñler
meñ bilen söýüşýärkä gysga ýupga geýmäge utanardy diýip
Çary gürrüñine başlaýar. 0l pomadany çalmaga hem
bașarmazdy diýip gülüşip başlaýarlar. Ýene biri: Agajemalyň trenažorda 100 kg daşy göterjek bolanda ýel goýbereni barada
ýatlap geçýär. Olar șatlanyp șagalañly bolup otursygy
tamamlaýarlar. Bir güni Agajemal Dursungeldä özüne durmuşa
çykmagy isläp restorana çagyrýar. Şonuñ şanyna gyz syrtlan
etinden lüle zakaz edipdir, owadan güller bilen stoly bezedipdir.
Oglan kän garaşdyrman gyzyñ ýanyna gelipdir. Syrtlan etiniñ
tagamly ysyny alyp begenipdir. Gyz oglana sen maña durmuşa
çykarmyñ diýip briliant bilen bezelen altyndan ýüzügi uzadýar
Oglanam begenjeginem bilmän, gynanjagynam bilmän pikire
batypdyr. Bir salymdanam men oýlanyp görmeli diýýär. Gyzam
näme sebäpden onuñ ýlanmalydygyna düşünýär. Sebäbi gyz
Buzowalardandy. Oglan hem oña durmuşa çyksa
Winseslawlygyndan ýüz öwürip Buzowalardan bolmagy kabul
etmeli bolýan eken. Oglan öýüne gelip ejesine sol gyza
durmușa çykyp buzowalardan boljakdygyny aýdýar. Ejesi muña
razy bolmaýar. Ejesi oña Winseslawyñ suratyny görkezip:sen
șundan gorkmaýan bolsañ senden düzüwli adam bolmaz
diýýär. Sen näme, habaryñ ýokmy Buzowalarda entägem 23-nji
fewral baýramy bilen 9-njy maý bellenýändigini? Olarda
entägem öñki geçmişiñ terbiýeleri bar. Totom, gumly adamlar
olar. Biz sowremenny maşgala, olaryñ däp-dessurlary bize
aýyk däl diýip ejesi gaharlanyp başlaýar. Oglan öýkeläp zaryr
aglap öz ýatýan jaýyna baryp ýassygy gujaklap aglaýar. Soñ
salondan ösgün saçyny sara boýap onuñ kakasy gelýär.
Oglunyñ jaýyna baryp: mähirlijäm, näme aglaýarsyñ? Oglan:
ejem maña Buzowaly gyza durmuşa çykmaga rugsat berenok
diýýär. Kakasy ösgün laklanan dyrnaklary bilen oglunyñ
kellesini sypalap köșeşdirmäge başlaýar. Alada etme oglum
alajy tapylar diýýär. Ertesi gün oglan magazyna barýarka onuñ
diýýärde fifa2090 oýunyny oýnamaga dowam edýär. $ol
günlerden soñ galan adamlar agzybir we bagtly ýaşamagy
dowam edýär.

SOÑY
36
644
Miss_Minnosh❤️
18.05.2024 20:27
😁Myrat men seni soyyan yone men
Kemal bn bolosym gelya. emma men
yeketagim Merdan. Men Gurban bn
yasasym gelyar, yone Begam sensiz
yashop bilemokda. Bagyshla meni Adyl
men Nedire soz beripdim. Bilyan Kerim
men sana barjak diyipdim yone men
Osmana barasym gelyar, yadyndamy
Shamnik men sana Mancera sowgat
edipdim mana shol duhuny Azatjan
solugar edipoi Yadundamy Mekon men
sen yanyna dususyga barypdym.
Shonda meni Azim alyp gitdi diyyamis biri🤣🤣🤣


😁Mugallym Merede sorag beryär
Meret, sen ulanañida kim bolasyñ gelyä?
Yoldaș mugallym men ulanamda nesip
bolsa pully, bay adam bolasym gelyär,
oylenesim gelyar, ayalyma gyzyl alyp
beresim gelyär, eşik, jay, maşyn alyp
beresim gelyär, dünyä yurtlaryna
gezelenje alyp gidesim gelyär!
Bolya Meret öran gowy!
Amangul sen ulanañida kim bolasyň
gelyär?
Yoldaș mugallym, indiden beylak meñ
yeke arzuwym bar, olam ulanamda men
Merediñ ayaly bolasym gelyar..!

😁3 çagasy bolan adam öye gelse, ayaly: "4
çagasy bolany wagtyndan öň pensiya
çykarýarlarmyş" diýse, adamsy: "keýwany,
men bir çaga ýasap goýupdym, garaş
häziriň özünde alyp geljek" diyip öýden
çykyp gidipdir
Őýe gelse beýleki 3 çagasam ýok ekeni.
Aýalyna "hany çagalar?" diýip sorasa, aýaly
olary kakalary alyp gitdi" diyipdir.
30
257
Miss_Minnosh❤️
18.05.2024 06:03
#gyzykly faktlar

✅️Ýylda eşekler tarapyndan öldürilýän adamlaryň sany uçar heläkçiligine uçraýanlaryň sanyndan köpdür.

✅️Towugyň iň köp howada uçan wagty 13 sekuntdyr.

✅️Her adamyň özüne mahsus barmak yzynyň bolşy ýaly olaryň dilleriniň yzlary hem biri-birinden tapawutlydyr.

✅️Kebelekler tagamy aýaklary bilen dadýarlar.

✅️Adaty bal arysy 450 gram baly üýşürmek üçin 2 million güle gonmaly bolýar.

✅️Düýeguşuň gözi kellesinden uludyr.

✅️Bir galam bilen 50.000 sany söz ýazyp bolýar.

✅️Koka Kolanyň asyl reňki ýaşyldyr.

✅️Pil bökmegi başarmaýan ýeke-täk haýwandyr.

✅️Syçanlar düýelere garanyňda suwsuzlyga has çydamlydyr.

✅️Agşam adamyň boýunyň uzynlygy irdenkä garanyňda 1 santimetr kiçidir.

✅️Adam ýylda ortaça 5 million gezek dem alýar.

✅️Adamyň bütin ömründe ýöreýän uzaklygy dünýäniň daşyndan 3 gezek aýlanana barabardyr.

✅️Çagalar daş-töweregindäkilerden günde 300 sorag soraýarlar.

✅️Şotlandiýada «gar» sözüni başgaça 412 görnüşde aňladyp bolýar.

✅️Köp dört aýakly haýwanlarda bolşy ýaly pişikleriň hem öňki aýaklarynda 5 barmak, emma yzky aýaklarynda 4 barmagy bardyr.

✅️ABŞ-yň baýdagy mekdep okuwçysy tarapyndan çyzylandyr.

✅️Dünýäde iň meşhur at: Muhammet.

✅️Bal – bu hiç haçan zaýalanmaýan iýmitdir.
26
99