Miss_Minnosh❤️
19.05.2024 22:08
TÄZE DÖWÜRDE (degişme)🤣🤣🤣

Bir bar eken bir ýok eken. Gadym döwürde dälde 2090-nji ýylda
Dursyngeldi atly bir ýaș oglan bar eken. 2090-nji ýylyñ adamlary
üýtgeşik, döwre görä bular gaty tapawutlanýardylar.
Dursungeldi hem şolaryñ biridi. Günleriñ birinde Dursungeldi
awtobusa münende owadan gyzy görüp onuñ ýanynda oturmak
sledi. 0l gyzyñ ýanynda-da ýașuly adam otyrdy. Oglan o
ýaşula: näme otyrsyñ, utanañokmy ýaşlar bara bärde? Ýaşlara
ýol bermeli siz, bu ýaşlaryñ döwüri diýip ony ýerinden kowýar.
Gyz hem oglanyñ bu hereketini görüp ýyrşaryp başlaýar.
Dursungeldi gyz bilen tanyşmaga başlaýar. Salam. Meñ adym
Dursyngeldi, meñ jynsym erkek diýýär. Ol gyz hem salam
Meniñ adym Agajemal. Ýewropa gitmezimden on
Agamyratdym diýýär. Dursungeldi ol gyz bilen gürleşip halap
başlaýar. Olar geçmișler barada gürrüñ edip bașlaýarlar. Oglan:
ejemiñ aýtmyşlaryna görä öñki adamlar gaty pis bolupdyrlar. Ol
döwüriñ garrylary dar gysga balak geýip jorapsyz bantikli sary
makasina geýýän oglanlary hem halamaýan ekenler diýýär. Olar
biziñ döwrümizi döwür eden, modalarymyzy moda eden Dolçi
Gabanany, Ýudaşkini, Sergeý Zwerýewi we $.m. beýik adamlary
hem äsgermezler ekeni diýýär. Agajemal hem ony goldap:
bilýän. Meñ kakam şol döwürler söýgülsi Babamyrat bilen
nikalaşyp bilmändi. Ejemede saçyny syrmaga, oglanlar bilen
arkaýyn spirtnoý içip oturmaga gadagad edýän ekenler diýýär.
Dursungeldi ol gyz bilen günde duşuşyp söýüşmäge
başlapdyrlar. Günleriñ birinde olar has ýakyndan tanyşmak üçin
öñki söýgülilerinem çagyryp kafede oturypdyrlar. ÖÄki
söýgülileri täze söýüşýän kepderijikleriñ kemleri bara-da, gowy
taraplary barada gürrüñ edip başlaýarlar. Dursungeldi öñler
meñ bilen söýüşýärkä gysga ýupga geýmäge utanardy diýip
Çary gürrüñine başlaýar. 0l pomadany çalmaga hem
bașarmazdy diýip gülüşip başlaýarlar. Ýene biri: Agajemalyň trenažorda 100 kg daşy göterjek bolanda ýel goýbereni barada
ýatlap geçýär. Olar șatlanyp șagalañly bolup otursygy
tamamlaýarlar. Bir güni Agajemal Dursungeldä özüne durmuşa
çykmagy isläp restorana çagyrýar. Şonuñ şanyna gyz syrtlan
etinden lüle zakaz edipdir, owadan güller bilen stoly bezedipdir.
Oglan kän garaşdyrman gyzyñ ýanyna gelipdir. Syrtlan etiniñ
tagamly ysyny alyp begenipdir. Gyz oglana sen maña durmuşa
çykarmyñ diýip briliant bilen bezelen altyndan ýüzügi uzadýar
Oglanam begenjeginem bilmän, gynanjagynam bilmän pikire
batypdyr. Bir salymdanam men oýlanyp görmeli diýýär. Gyzam
näme sebäpden onuñ ýlanmalydygyna düşünýär. Sebäbi gyz
Buzowalardandy. Oglan hem oña durmuşa çyksa
Winseslawlygyndan ýüz öwürip Buzowalardan bolmagy kabul
etmeli bolýan eken. Oglan öýüne gelip ejesine sol gyza
durmușa çykyp buzowalardan boljakdygyny aýdýar. Ejesi muña
razy bolmaýar. Ejesi oña Winseslawyñ suratyny görkezip:sen
șundan gorkmaýan bolsañ senden düzüwli adam bolmaz
diýýär. Sen näme, habaryñ ýokmy Buzowalarda entägem 23-nji
fewral baýramy bilen 9-njy maý bellenýändigini? Olarda
entägem öñki geçmişiñ terbiýeleri bar. Totom, gumly adamlar
olar. Biz sowremenny maşgala, olaryñ däp-dessurlary bize
aýyk däl diýip ejesi gaharlanyp başlaýar. Oglan öýkeläp zaryr
aglap öz ýatýan jaýyna baryp ýassygy gujaklap aglaýar. Soñ
salondan ösgün saçyny sara boýap onuñ kakasy gelýär.
Oglunyñ jaýyna baryp: mähirlijäm, näme aglaýarsyñ? Oglan:
ejem maña Buzowaly gyza durmuşa çykmaga rugsat berenok
diýýär. Kakasy ösgün laklanan dyrnaklary bilen oglunyñ
kellesini sypalap köșeşdirmäge başlaýar. Alada etme oglum
alajy tapylar diýýär. Ertesi gün oglan magazyna barýarka onuñ
diýýärde fifa2090 oýunyny oýnamaga dowam edýär. $ol
günlerden soñ galan adamlar agzybir we bagtly ýaşamagy
dowam edýär.

SOÑY
36
644
suicide
3 Iýun 2024
🤣🤣🤣
mahrisxkam
21 May 2024
@Miss_Minnosh❤️, men at dakamok birhiljek bolpdyr diydim
Miss_Minnosh❤️
20 May 2024
@stella_🖤, Gowy menm 🙃
mahrisxkam
20 May 2024
Gulkincrak yone biraz manysyz
Akram_Beshimov
20 May 2024
👍🏻 👍🏻
gonk
20 May 2024
Dusniksiz bolupdyr
stella_🖤
20 May 2024
@Miss_Minnosh❤️, gowy sen gowymy. Görmändirin ýaňy okuwdan geldim.
Miss_Minnosh❤️
20 May 2024
@stella_🖤, Gowmy jan👋
stella_🖤
19 May 2024
@Miss_Minnosh❤️, howa seň bilen ýanwaryň soňky aýlarynda tanyşypdyk
Miss_Minnosh❤️
19 May 2024
😴😴😴
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.