Miss_Minnosh❤️
18.05.2024 06:03
#gyzykly faktlar

✅️Ýylda eşekler tarapyndan öldürilýän adamlaryň sany uçar heläkçiligine uçraýanlaryň sanyndan köpdür.

✅️Towugyň iň köp howada uçan wagty 13 sekuntdyr.

✅️Her adamyň özüne mahsus barmak yzynyň bolşy ýaly olaryň dilleriniň yzlary hem biri-birinden tapawutlydyr.

✅️Kebelekler tagamy aýaklary bilen dadýarlar.

✅️Adaty bal arysy 450 gram baly üýşürmek üçin 2 million güle gonmaly bolýar.

✅️Düýeguşuň gözi kellesinden uludyr.

✅️Bir galam bilen 50.000 sany söz ýazyp bolýar.

✅️Koka Kolanyň asyl reňki ýaşyldyr.

✅️Pil bökmegi başarmaýan ýeke-täk haýwandyr.

✅️Syçanlar düýelere garanyňda suwsuzlyga has çydamlydyr.

✅️Agşam adamyň boýunyň uzynlygy irdenkä garanyňda 1 santimetr kiçidir.

✅️Adam ýylda ortaça 5 million gezek dem alýar.

✅️Adamyň bütin ömründe ýöreýän uzaklygy dünýäniň daşyndan 3 gezek aýlanana barabardyr.

✅️Çagalar daş-töweregindäkilerden günde 300 sorag soraýarlar.

✅️Şotlandiýada «gar» sözüni başgaça 412 görnüşde aňladyp bolýar.

✅️Köp dört aýakly haýwanlarda bolşy ýaly pişikleriň hem öňki aýaklarynda 5 barmak, emma yzky aýaklarynda 4 barmagy bardyr.

✅️ABŞ-yň baýdagy mekdep okuwçysy tarapyndan çyzylandyr.

✅️Dünýäde iň meşhur at: Muhammet.

✅️Bal – bu hiç haçan zaýalanmaýan iýmitdir.
26
99
arabica
20 May 2024
👍
Akram_Beshimov
19 May 2024
Eşekarylar bolmaly 👍🏻
zina
19 May 2024
Hazir eseklerem yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.