Mährim
07.02.2020 21:28
Käwagt oturyp edýärin pikir
,,bagt näme?"ozüme berýärin sowal
Dädem bn ejemiň baryna şükür
Şular meniň bagtym derdime dogam.

Dädem bn ejem dünýe baýlygym
Mal-mülküm hazynam ähli barlygym
Sizden uly bagt barmydyr eýsem
Janyňyz sag bolsun mähribanlarym!!!

Allajan uzakdan bersin ýaşyňyz
Koýtendag deý belent bolsun başyňyz
Her ýerde sizleriň pataňyz bn
Inşallah ugruna bolar işimiz!!!❤❤❤

Awtory:Rahmanow Yhlas
12
890
Mährim
06.02.2020 20:25
Bir zenany bagtly etmek isleseň
Dosty ýaly dertleş dostuňdeý syrlaş.
Gürleş in mylaýym sözleri tapyp
Oň uýatdan doly kalbyna dyrmaş.

Kakasydeý gora kaka deý ekle
Bir zenany bagtly etmek isleseň.
Aýak teki etmän depäňde sakla
Kalbynyň çuňlugna ýetmek isleseň.

Kelläňden aýagyn sallamaz gorkma
Salladanlar saýlamakda ýalňyşan.
Bagtly bolmak islän ahlakly zenan
Depäne täç bolup baky ýelmeşer.

Nur çaý oň ömrüne nur içre ýaşat
Jadyla durmuşyn bolup jadygöý
Bir zenany bagtly etmek isleseň
Adamdeý ýürek ber adam ýaly söý!!!❤❤❤
Awtory:Kerim Hally
9
896
Mährim
05.02.2020 20:25
Asly şat bolmasa güldürip bolmaz
Öň ýetene syryňy bildirip bolmaz.
Ýekeje söz bn ýykylan göwni
1000 söz bn.nem galdyryp bolmaz!!!

Göwün hem aýna ýalydyr.Durmuşda ýekeje gezek şeýdip ýekeje sözi bn göwnüňizi ýykan adamlar,ynamňyzy puja çykaran adamlar boldymy??? Dine soýgüde däl dostlukdada bolup bilýärä şeýle ýagdaýlar. Mendä şeýle ýagdaý ýekeje gezek boldy oda garaşmadyk adamymdan çykdy a sizde boldymy?????????
8
1 514
Mährim
04.02.2020 21:50
Durmuşda özüňi belentde tutma
Sen näçe pes bolsaň şonda beýiksiň.
Mätäç adamlary sen gyta itme
Gaýta kömek etseň şonda beýiksiň.

Öwünme jüwimde pulum kän diýip
Ýada ellerimde ulag bar diýip
Men baý a sen bolsaň garypsyň diýip
Kowmasan garyby şonda beýiksiň.

Eliňden geläýse birje ýagşylyk
Ýagşylyk et Allam berer garşylyk.
Durmuşyň ýollary bize tabşyryk
Ýagşylyk etseň şonda beýiksiň.

Bu dünýä bäş günlük her kim gitmeli
Iň soňunda bu dünýäden ötmeli
Ötmänkäň adyňy goýup gitmeli
Ýagşyda tanalsaň şonda beýiksiň....
10
933
Mährim
03.02.2020 20:46
Günler aýlar öz ugruna geçip dur
Düýn geçdi bu günem barýandyr geçip.
Şonuň üçin wagty çäkli durmuşda
Ýaşa adamlara hoş sözler seçip!!!?
15
1 668
Mährim
02.02.2020 18:24
Gözellik görkde däl ýürekde bolar
Ajylyk burçda däl töhmetde bolar.
Baýlyk bagtda däl ynamda durar
Göwünde islegde söýgüde durar.

Bagt bir aýnadyr aýna hem söýgi
Söýgi ýürekdäki näzik bir duýgy.
Şonuň üçin diňe birin söýmeli
Ana onsoň şoňa söýgi diýmeli !!!

Baý gapyny aç diýseler açmagyn
Laý suwundan iç diýseler içmegin.
Boýnuňa goysalar gysdap pyçagy
Öz söýgüliňden geç diýseler geçmegin!!!

Ýoldaş bolma ýol bilmeýän ýolsuza
Goňşy bolma söz aňmaýan dilsize.
Köňül berme edepsize aňsyza
Ahyr abraýyňa hile getirer!!!

Hak herkime ýagşy ýary bermändir
Sözi ahdyr içi doly armandyr.
Ýüz ýaşasam bäş gün ömür sürmändir
Her kimiň mynasyp ýary bolmasa!!!

Belkide men söýgä degýän däldirin
Belkide men gadyr bilýän däldirin.
Ýöne anyk bilýän ýeke bir zady
Adamy agladyp gülýän däldirinnn???

13
1 029
Mährim
01.02.2020 16:25
Galam alyp ele ýazmak isledim
Bu gün az ýazylýan ynsan barada.
Oň söýgüsin wah men bilip bolsedim dessanam ýazardym sähel arada.

Ene keramatdyr keremdir ene
Ol hakda sözleseň sözläber ýene.
Oň waspyn edip gutaryp bolmaz
Her sözi melhemdir şypadyr tene.

Ene hakda näçe azdyr sözleseň
Ata hakda ýazan azdyr gözleseň.
Belki oňa goşgy hökmanam däldir
Taryp kän etmäge biraz gözleseň.

Ölçeseň ataňam söýgüsi az däl
Gyş güni ataňam ýüregi ýaz däl.
Gahar bn gizläp söýýär balasyn
Söýmez ýaly onuň ýüregi buz däl.

Ata köp geplemez hem köp gepletmez
Dyzyny eplemez hemde epletmez
Diri gezip ýörkä ýagty jahanda
Perzendiniň hasabyna eklenmez.

Atanyň gizünde gormersiň ýaşy
Köp gördi oň gözi toýy hem ýasy.
Derdin döküp işlär bilmez gyş ýazy
Allam uzyn bolsun Atalaň ýaşy!!!

Ýalançyda ýaşajagym bäş gündir
Gülki şatlyklara zar etme Allam!!!
Güldirjeklem ejem bn dädemdir
Şolaň gülkisine zar etme Allam!!!!!!!?
15
1 555
Mährim
31.01.2020 14:18
Eger aljak gyzyň geçmişi seni gyzyklandyrýan bolsa,onda almajak gyzyň geljegi bilen oýnama!!!!
14
2 422