Galam alyp ele ýazmak isledim
Bu gün az ýazylýan ynsan barada.
Oň söýgüsin wah men bilip bolsedim dessanam ýazardym sähel arada.
Ene keramatdyr keremdir ene
Ol hakda sözleseň sözläber ýene.
Oň waspyn edip gutaryp bolmaz
Her sözi melhemdir şypadyr tene.
Ene hakda näçe azdyr sözleseň
Ata hakda ýazan azdyr gözleseň.
Belki oňa goşgy hökmanam däldir
Taryp kän etmäge biraz gözleseň.
Ölçeseň ataňam söýgüsi az däl
Gyş güni ataňam ýüregi ýaz däl.
Gahar bn gizläp söýýär balasyn
Söýmez ýaly onuň ýüregi buz däl.
Ata köp geplemez hem köp gepletmez
Dyzyny eplemez hemde epletmez
Diri gezip ýörkä ýagty jahanda
Perzendiniň hasabyna eklenmez.
Atanyň gizünde gormersiň ýaşy
Köp gördi oň gözi toýy hem ýasy.
Derdin döküp işlär bilmez gyş ýazy
Allam uzyn bolsun Atalaň ýaşy!!!
Ýalançyda ýaşajagym bäş gündir
Gülki şatlyklara zar etme Allam!!!
Güldirjeklem ejem bn dädemdir
Şolaň gülkisine zar etme Allam!!!!!!!?