Lilia_
03.11.2023 13:43
Meşhur türk aşpezi Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmak isleýändigini aýtdy. Ol muny 26-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewür forumynda mälim etdi.

«Biz ýakyn wagtda Türkmenistanda «CZN Burak» restoranyny açmagy meýilleşdirýäris» diýip, Özdemir aýtdy.

Işewürlik forumy Türkiýäniň Palatalar we Biržalar Bileleşiginiň Merkezi edarasynda geçirildi. Onuň netijesinde, gurluşyk materiallaryny öndürmek, oba hojalygy, azyk senagaty, enjam satyn almak we ş.m. ýaly dürli ugurlarda birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

«CZN Burak» ady bilen has meşhur Burak Özdemir sosial mediýada aşpezlik şowhunyny döretdi. Ol ajaýyp tagamlary we özüne çekiji ýylgyryşy bilen meşhur boldy. Ol esasy ünsi menýunyň dürlüligine jemläp, bäsdeşlerinden tapawutlanmagyň ýoluny tapdy. Onuň uly tabaklarda äberilýän tagamlary has ýatda galyjy. Ol iki metrlik kebap we tutuş maşgala üçin niýetlenen gamburgerleri bilen myhmanlary geň galdyrdy. Häzirki wagtda onuň BAE-de, Täjigistanda we Katarda restoranlarynyň şahamçalary işleýär.

Onuň kärhanasyna gelenleriň arasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, aýdymçy Iggi Azalia, futbolçy Kriştianu Ronaldu we garyşyk söweş sungaty söweşijisi Habib Nurmagomedow ýaly dünýäniň meşhur adamlary bar.
51
180
Lilia_
03.11.2023 09:36
Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar.

Özüniň iýmitlik ähmiýeti bilen towuk ýumurtgasyndan tapawutlanýan bedene ýumurtgasy adamyň saglygy üçin zerur bolan köp iýmit maddalaryny saklaýar. Onuň peýdaly taraplary öňden belli edilendir. Onuň yzygiderli ulanylmagy köp keselleriň döremeginiň öňüni alýar we bedeniň sagdyn ýagdaýda bolmagyna kömek edýär.

Bedenäniň ýumurtgasy düzüminde A, B12 we С witaminleriniň köp bolmagy bilen tapawutlanýar. Olarda kaliý, fosfor, sink, demir, selen, magniý we natriý ýaly elementler köp mukdarda jemlenendir. Iýmitlik ähmiýeti ýokary bolan bu önüm dürli ýaşdaky adamlara oňaýly täsir edýär. Ol iýmit bilen kabul edilmeli witaminleriň we minerallaryň çeşmesidir. Onuň kömegi bilen peşew we öt haltasynyň, bagyr, oňurga, ýürek hem-de gan damarlarynyň keselleri bejerilip bilner.

Bedene ýumurtgasy süňk dokumasy üçin zerurdyr we ony şikeslerden hem-de döwüklerden soň ulanmak maslahat berilýär. Bu aýdylanlardan başga hem ol saglygy goramak üçin zerur bolan birnäçe maddalary öz içine alýar, ýagny molibden – gan damarlarynyň çeýeligini üpjün edýär, nikel – gan aýlanyşygyny gowlandyrýar, sink – deriniň şikes ýeten ýerini çalt bejermäge ýardam berýär, magniý – suw-duz deňligini kadalaşdyrýar. Onuň gabygynyň bedene kabul edilmegi dişleriň we dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýär hem-de gan akýan dişleri, ukysyzlygy we süňkleriň gowşaklygyny aýyrýar.
41
15
Lilia_
03.11.2023 07:39

,,Utanjaň’’ mimoza


Utanjaň gül – Mimoza ( Mimosa) – Kösükliler maşgalasyna degişli täsin ösümlik. Onuň 400 –den gowrak görnüşleri belli edildi. Ýaşaýyş şekili boýunça gyrymsy we otjumak görnüşleri duş gelýär. Mimoza gülüniň watany Günorta we Merkezi Amerika hasaplanýar, ýöne käbir ýagdaýlarda Hindistanda, Ýaponiýada, Tailandda hem duş gelmek bolýar. Mimoza gülüne halk arasynda ,,Utanjaň’’ ,,Çekinjeň” gül diýilýär. Utançly mimoza ösümligi, kimdir biri degende ýapraklarynyň bukulmagy we belli bir wagtdan soň ýene düzelmegi bilen tanalýar. Bu mehanizmiň bolmagy näme bilen baglanyşykly? Mimozanyň ýapraklarynda aşa duýgur öýjükler bolup, ol öýjükleriň basyşy örän ýokary bolýar. Ol basyş öýjükleriň içinden akýan suwa güýçli täsirini ýetirýär, öýjükleriniň içindäki akýan suwa agram salynmagy netijesinde ýapraklaryň bükülmegi hadysasy bolup geçýär. Bulardan başga-da bu täsin mimozanyň STIMULES –ýatda saklaýjylyk häsiýeti öwrenildi. Güle täsir edilmeden soň eger ösümlik zaýalanmasa indiki gezek şuňa meňzeş gyjyndyrma berilse ýapraklaryny epmek ähtimallygynyň pesligine gözegçilik edildi we bu ýagdaý mimozanyň ýatda saklaýjylyk häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär.


Mimozanyň boýunyň uzynlygy 1,5 metre ýetýär. Onuň baldagy dik ösýär we baldagynyň daşy tikenler bilen örtülen. Güller tomsuň ahyrynda gyrmyzy reňke boýalýar, gülleri örän ownukdyr, ululygy 1-2 sm ýetýär.


Utançly gülüň ýapraklary ownujak per şekilli bolup, bir ýaprak sapagynda 10-26-a çenli ýaşyl ýapraklary bolýar. Haçanda ýapraklaryna eliňi degireniňde, ýa-da üstüne mör-möjekler gonanda, umuman daşky gurşawdan täsir ýeten ýagdaýynda şol bada ownujak ýapraklary, gülleri ýygrylyp, ýapylmaga başlaýar. Belli bir wagt geçenden soňra ýene-de öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Ýene-de bir aýratynlygy ol özünden hoşboý ysly attraktantlary bölüp çykarýar we mör-möjekleri özüne çekýär. Mimoza ekilen meýdanyň howasy örän arassa we ýakymly bolýar. Bu gül göräýmäge ,,Zenanlary ’’ ýada salýar.

43
42
Lilia_
03.11.2023 01:56
Dünýä belli “Euronews” barada gyzykly maglumatlar

● “Euronews” telekanaly 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredildi;

• “Euronews”-iň ştab kwartirasy Fransiýanyň Lion şäherinde ýerleşýär.

• “Euronews” häzirki wagtda dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

• “Euronews” dünýäde iň köp seredilýän telekanal hökmünde hasaba alnan.

• “Euronews” 24 sagadyň dowamynda 13 dilde dünýädäki ykdysady syýasy wakalary, widiorolikleri beýan edip durýar.

• 7 sany aksionerleriň (paýdarlaryň) goşulyşmagy netijesinde “Euronews” telekanaly häzirki wagtda öz işini dowam edýär.

• “Euronews” 2016-njy ýylda Afrika sebitinde “Africanews” diýlip atlandyrylan özüniň maglumatlar we habarlar kanalyny açdy we ol kanal häzirki wagtda Afrikanyň 33 döwletinde öz işini alyp barýar.

• “Euronews”-iň 7 sany radiostansiýasy bolup olar radiogepleşikleri alyp barýar.

• “Euronews”-iň internetde 16 sany resmi saýty bar.

• “Euronews” telekanaly yzly-yzyna 5 gezek dünýäde iň köp tomaşaçysy bolan kanallaryň sanawynda 1-nji orny almagy başardy. Häzirki wagtda hem ol öňdeligini saklaýar.

• Kanalyň býujeti ýyllyk 50 mln dollara barabar diýip kanalyň resmi saýtynda görkezilýär.

• Soňky 10 ýylyň dowamynda kompanýanyň müşderileri 86% ýokarlandy.
41
21
Lilia_
02.11.2023 23:08
Kitaplar barada käbir gyzykly maglumatlary

Iň uly kitaphana. Dünýädäki iň uly kitaphana Waşingtondaky Kongressiň kitaphanasydyr. Ol 1800-nji ýylda amerikan hökümeti Filadelfiýadan Waşingtona geçirilenden soň döredilýär. Ýerasty geçelgeler arkaly birigýän üç binadan ybarat kitaphanada 470 dildäki 38 milliondan gowrak kitap bar. Kitap tekjeleriniň umumy uzynlygy bolsa 1200 kilometre barabardyr. Her gün kitaphananyň goruna 10 müňden gowrak kitap goşulýar.

Hat ýazýan enjamda ýazylan ilkinji kitap. Taryhçylar Mark Tweniň 1882-nji ýylda okyjylara gowşan «Missisipidäki ýaşaýyş» atly kitabynyň hat ýazýan enjamda kagyza geçirilip, neşirýata ugradylan ilkinji eserdigini tassyklaýarlar. Öz terjimehalynda Mark Twen öý telefony bolan ilkinji adamdygy bilen bir hatarda edebiýatda hat ýazýan enjamy hemmelerden öň ulanandygyna hem buýsanýar. Mark Twen bu eserini «Remington №2» atly hat ýazýan enjamda ýazypdyr.

Iň uzak roman. Fransuz ýazyjysy Marsel Prustyň «Ýitirilen wagtyň gözleginde» atly romany 1913 — 1927-nji ýyllar aralygynda ýazylyp neşir edilipdir. Bu romanyň ýedi tomunda 1267069 söz bar, ulanylan nyşanlaryň sany bolsa 9609000-e barýar. Munuň özi «Uruş we parahatçylykdaky» sözlerden iki esse köpdür.
41
49
Lilia_
02.11.2023 13:11
Allergiýa

«Allergiýa nesilden-nesle geçýär» diýilýär, emma bu beýle däl. Allergiýa çaga doglandan soň ýüze çykýar. Ylmy maglumatlara görä, maşgalada allergiýa ýok bolsa-da, çaganyň oňa meýillik ähtimallygy 10 — 15 göterim bolmagy mümkin. Eger-de ene-atanyň ikisi hem allergiýadan ejir çekýän bolsa onda çagada allergiýa meýillik ähtimallygy 70 — 80 göterime barabardyr.

Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanýan zatlara bolan ýiti täsiridir. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp biler. Onuň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli bolýar. Allergiýa agyrlyk derejesi boýunça hem dürli-dürlüdir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi yzygiderli berjaý edilse, bar bolan allergiýanyň alamatlary ýüze çykmaz we bejergi üçin ulanylýan derman serişdelerini ulanmak gerek bolmaz. Munuň özi möwsümleýin allergiýa döwründe hem allergiýanyň peselmegine getirýär.

Burundan suwuklygyň akmasy, gözüň ýaşarmasy we sowuklamanyň şuňa meňzeş beýleki ýüze çykmalary allergiýanyň ilkinji alamatlarydyr. Şeýle-de, bedende uly bolmadyk örgünler peýda bolýar. Eger-de siz özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda şuňa meňzeş alamatlary duýýan bolsaňyz, hökman lukmana ýüz tutuň!
36
16
Lilia_
02.11.2023 09:27
Minimalizm kiçijik jaýlar durmuş ýörelgesine öwrülýär

Minimalizm gozgalmaýan emläk pudagynda durmuş ýörelgesine öwrülýär. Şäher mähellesinden uzaklaşmak we az býudjetli jaý edinmek isleýänler kiçijik jaýlara maýa goýmak üçin çözgüt tapýarlar. Kiçijik jaý taslamalaryny amala aşyrýan kompaniýalar, hyzmatdaşlyk logikasy bilen olary demokratiýalaşdyrýarlar.

Ýaşaýyş jaý bahalarynyň ýokarlanmagy bilen, ykdysady kynçylyklar we şäher mähellesi köp adamy minimalistik durmuş ýörelgesine çagyrýar. Kiçijik jaýlar jaý edinmegi arzuw edýänleri ýokary çykdajylardan halas edýär we garaşsyz we ýönekeý durmuşa getirýär.

Kiçijik jaýlar esasanam 2008-2012-nji ýyllardaky Global ykdysady krizis döwründe günbatar ýurtlarynda ösüp başlan we has az çykdajyly kiçi jaýlarda ýaşamak üçin ideýalary, binagärlik çözgütlerini, önümleri we raýdaşlyk toparlaryny ösdürmegi maksat edinýän jemgyýetçilik hereketidir.

Ýeri gelende belläp geçsek, kiçijik jaýlar, adatça 10-30 inedördül metre çenli ýetip, olar tigirli ýa-da ýere berkidilýän görnüşde bolýar.
40
21
Lilia_
02.11.2023 00:20
Sapakdan gal, seniň üçin robot okasyn

Robotlar indi Ýaponiýada sapakda ýok okuwçylaryň ýerine sapaga gatnaşarlar.
Ýaponiýanyň Kumamoto şäherinde sapaga gelmedik okuwçylary gyzyklandyrmak maksady bilen olaryň ýerine robotlar sapaga gatnaşmak taslamasy işlenip düzüldi. 1 metrlik robotlar okuwçynyň ýerine oturýarlar.

Olarda planşet bolýar we noutbuk arkaly öýde oturan okuwçy arkaýyn sapaga gatnaşyp bilýär.  Beýleki okuwçylar bilenem sorag-jogap alyşmaga hukuklydyr.
38
47
Lilia_
01.11.2023 23:46
Rahat uky – rahat durmuş

Uky — bu süňňümizde belli bir neýrofiziologiki, himiki, psihologiki üýtgemelere mümkinçilik berip, fiziki we emosional taýdan işe ukyplylygy ýokarlandyrýar. Ukynyň dowamlylygy bir gije-gündizde 8 sagat bolmaly diýlen kesgitleme hem bar. Dürli ýurtlaryň alymlarynyň barlaglarynyň netijesinde doly ukusyny almaýan we köp uklaýan adamlarda dürli keselleriň ýüze çykmasy ýitileşýär. Ukynyň bozulmagy keseliň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler diýip aýtmak örän kyn mesele. Gysga wagtlaýyn uky diýlip 6 sagatdan az bolsa, bolmalysyndan köp uky diýlip 9 — 10 sagatdan köp bolsa aýdylýar. Uly adamda kadaly ukynyň dowamlylygy bir gije-gündizde 7 — 8 sagada deň. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, zenanlara goşmaça 1 sagat uky bermek maslahat berilýär, sebäbi olaryň erkek adama garanyňda emosional ýagdaýy ýokary bolýar. Ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalara gijesine 11 sagat uklamak, kiçi çagalara 18 sagat uklamak maslahat berilýär.

Birnäçe barlaglaryň esasynda ukusyzlykdan ejir çekýän adamlarda süýji keseliniň, semizligiň, gan basyşyň ýokarlanmasynyň we ýürek-damar ulgamynyň näsaglamasynyň köp duş gelýändigi anyklanyldy. Yzygiderli birnäçe gije ukudan galmak sagdyn adamy süýji keseliniň öň ýanyndaky ýagdaýa getirýär. Ukusyzlykda bedeniň ganyndaky glýukozanyň sazlaýjylygy peselýär. Şeýle hem, waksinanyň täsiri peselýär, doly immunitet emele gelmeýär. Ukusyzlykda bedeniň ýag öýjükleri açlyga jogap berýän grelin-gormony köp öndürýär, dokluga jogap berýän leptin-gormony bolsa az öndürýär we netijede az ýatýan adamlarda semizlik keseliniň döreme howpy ýüze çykýar.

Hünärmenleriň maslahat bermegine görä, iýmiti ýatmazdan 3 — 4 sagat öň iýmeli. Şeýlelikde, kuwwatyňy iýmit siňdirmäge sarp etmän tutuş bedeni dynç almaga taýýarlamaly, şunda adam çalt uklaýar. Alymlar arkan ýatmagyň uky üçin iň gowy ýagdaýdygyny belläp geçýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýatmazdan öň rahatlandyryjy saz diňlemek hem uklamaga köp ýardam edýär. Diýmek, ukynyň peýdaly düzgünleri berjaý edilende adam doly dynç alyp, beden, ruhy we duýgy taýdan dikelýär, pugtalanýar.

Gijäñiz rahat bolsun..!🌠
40
290
Lilia_
01.11.2023 20:56
Oduň döreýşi

Oduň döreýşi asyrlarboýy adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Ol barada köp maglumatlar bar. Ýöne otluçöpüň döreýşi nähilikä? Soňky wagtlarda bu barada hem köp çaklamalar orta atylýar. Onuň awtorlary hökmünde nemes, iňlis, wenger alymlarynyň atlary agzalyp geçilýär. Ýöne anyk bir netije çykarmak welin entegem başardanok. Ýöne otluçöpüň döreýşi barada welin anyk magumatlar bar. Ilkinji fosforly otluçöp 1933-nji ýylda çykarylyp başlapdyr. Ol sähelçe gaty zada sürtseň ýanypdyr. Ýöne onuň örän howply we zäherli bolandygy üçin, adamlar otluçöpüň başgarak görnüşlerini agtarmagy dowam etdiripdirler. Gorkusyz otluçöp ilkinji gezek 1955-nji ýylda Şwesiýada peýda bolupdyr. Şol ýerde-de ol köpçülikleýin çykarylyp başlapdyr.
39
35