Lilia_
02.11.2023 13:11
Allergiýa

«Allergiýa nesilden-nesle geçýär» diýilýär, emma bu beýle däl. Allergiýa çaga doglandan soň ýüze çykýar. Ylmy maglumatlara görä, maşgalada allergiýa ýok bolsa-da, çaganyň oňa meýillik ähtimallygy 10 — 15 göterim bolmagy mümkin. Eger-de ene-atanyň ikisi hem allergiýadan ejir çekýän bolsa onda çagada allergiýa meýillik ähtimallygy 70 — 80 göterime barabardyr.

Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanýan zatlara bolan ýiti täsiridir. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp biler. Onuň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli bolýar. Allergiýa agyrlyk derejesi boýunça hem dürli-dürlüdir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi yzygiderli berjaý edilse, bar bolan allergiýanyň alamatlary ýüze çykmaz we bejergi üçin ulanylýan derman serişdelerini ulanmak gerek bolmaz. Munuň özi möwsümleýin allergiýa döwründe hem allergiýanyň peselmegine getirýär.

Burundan suwuklygyň akmasy, gözüň ýaşarmasy we sowuklamanyň şuňa meňzeş beýleki ýüze çykmalary allergiýanyň ilkinji alamatlarydyr. Şeýle-de, bedende uly bolmadyk örgünler peýda bolýar. Eger-de siz özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda şuňa meňzeş alamatlary duýýan bolsaňyz, hökman lukmana ýüz tutuň!
36
16
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.