Lilia_
03.11.2023 13:43
Meşhur türk aşpezi Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmak isleýändigini aýtdy. Ol muny 26-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewür forumynda mälim etdi.

«Biz ýakyn wagtda Türkmenistanda «CZN Burak» restoranyny açmagy meýilleşdirýäris» diýip, Özdemir aýtdy.

Işewürlik forumy Türkiýäniň Palatalar we Biržalar Bileleşiginiň Merkezi edarasynda geçirildi. Onuň netijesinde, gurluşyk materiallaryny öndürmek, oba hojalygy, azyk senagaty, enjam satyn almak we ş.m. ýaly dürli ugurlarda birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

«CZN Burak» ady bilen has meşhur Burak Özdemir sosial mediýada aşpezlik şowhunyny döretdi. Ol ajaýyp tagamlary we özüne çekiji ýylgyryşy bilen meşhur boldy. Ol esasy ünsi menýunyň dürlüligine jemläp, bäsdeşlerinden tapawutlanmagyň ýoluny tapdy. Onuň uly tabaklarda äberilýän tagamlary has ýatda galyjy. Ol iki metrlik kebap we tutuş maşgala üçin niýetlenen gamburgerleri bilen myhmanlary geň galdyrdy. Häzirki wagtda onuň BAE-de, Täjigistanda we Katarda restoranlarynyň şahamçalary işleýär.

Onuň kärhanasyna gelenleriň arasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, aýdymçy Iggi Azalia, futbolçy Kriştianu Ronaldu we garyşyk söweş sungaty söweşijisi Habib Nurmagomedow ýaly dünýäniň meşhur adamlary bar.
51
180
4982
5 Noýabr 2023
Hooow Burak ölüpdir diýip ýördülerã. Bar ekenä. 👍👍👍
Lilia_
4 Noýabr 2023
@agza7, 🥰💫
Lilia_
4 Noýabr 2023
@medik_, Şeýä diýýäler..!🤭
nabat_
3 Noýabr 2023
❤👍
melhem
3 Noýabr 2023
❤️
nazzidade
3 Noýabr 2023
Govy
miss_princess
3 Noýabr 2023
Fanadyda mn son janadaa
Miss_Minnosh❤️
3 Noýabr 2023
@arzuv_shayymova, Salam nesip bolsa😊
Lilia_
3 Noýabr 2023
@Miss_Minnosh❤️, Salam, Blmkda.. aý borla açylarla howlugamok🥰🤗
Miss_Minnosh❤️
3 Noýabr 2023
Arzuw siz name un Premium bolonzok entak balynyz 40 dan gecsede
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.