Lilia_
07.11.2023 23:59
Üstünlik münberinde sözi zenana beriň!

Zenan bolup, zenan dünýäsi, zenanyň ýüreginiň täsin güýji hakynda ýazmak, bir tarapdan öz-özüňi taryplamak ýaly görünse-de, bu asla beýle däl. Eýsem, zenany zenandan gowy kim tanar?! Erkek kişiler köp babatda zenanyň diňe daşky keşbine laýyklykda baha berýärler ahyry. Ol baha bolsa, tas elmydama diýen ýaly ýalňyş netije berýär. Diýmek, durşy bilen syra eýlenen zenan dünýäsini açmak, onuň ýekeje jadyly söze näzik göwnüni tapmak hemme erkek kişä başardanok… Ýogsa-da, siz “Makala üstünlik hakynda bolmaly dälmidi? Awtor gele-gelmäne zenan dünýäsi barada söz açyp başlaberdi-le?” diýýänsiňiz. Gyssanmaň, meniň bu makalam, diňe göräýmäge zenan hakynda ýalydyr…

Boýun almak gerek, ilçilikde gowy terbiýeli maşgalalardan hem başyna gidenräk, öýüň terbiýesinden köçe terbiýesini ileri kabul eden ogullar çykýar. Elbetde, bu ýagdaý maşgalanyň ähli agzalaryny, ene-atasyndan başlap, aga-ýeňňesiniň, daýy-daýzasynyň hem ýüregini agyrdyp, kellesini döwmäge mejbur edýär. Dürli çykalga agtarýan kelleler hakykatdanam döwülere gelýär. Netijede, köplenç oglany gowy terbiýeli, ýerlikli ýeriň gyzyna öýlendirmek kararyna gelýärler. Aslynda, dogry karar. Siz nähili pikir edýäriňiz, näme üçin olar öz eýgermedik ogullaryny alaga-da, entek tanamaýan, özlerinden däl bir ýat gyza ynanmagy göwnejaý hasaplaýarlarka? Men bu soragyň jogabyny her kimiň özüne goýup, makalamy dowam ediberýän.

Üstünlik barada ýazylan birnäçe makalalary okap, men bir zada göz ýetirdim. Biziň gaty köp bölegimiz üstünlik diýip, öz iş ýagdaýymyza, wezipe basgançaklaryna düşünýän ekenik. Emma, haýp! Esasy üstünlik, ilki öz durmuşyňy tertipläp bilmekdir. Öýde senden seniň aýalyň – maşgalaň süňňi-sütüni närazy bolsa, seniň işdäki gazanan üstünlikleriň düýbi berk bolup bilermi? Işden soň, rahat dynç almak üçin öýüňe geleňde, saňa ykbalyny baglan zenanyň senden närazy ýüzünden ertirki etjek işleriňe güýç alyp bilermiň?! Belki meniň bu aýdýanlarymyň käbir erkek kişilere ”Aýal-aýaldyr-da. Gülseň güler, ýogsa-da oturar-da” diýdirmegi-de mümkin. Eger hakykatdanam şeýle diýýän bolsaňyz, onda ol, bir jümle bilen aýdanyňda, aýagymdan urjak paltam eýýäm elimde diýdigiňizdir…

Meniň bu aýdýanlarym howaýy gürrüň däl. Dünýäniň köp döwletlerinde geçirilen pikir soraşmalaryna, durmuş wakalaryndan çykarylan netijelere, seljerilen hadyslara görä-de, kimde-kim öz aýalyna sowuk hem-de äsgermezçilik bilen garaýan bolsa, onda üstünlik ol adamdan hemişelik ýüz öwürýär. Çünki zenanyň pikirleniş derejesi erkek kişiniňkiden köptaraplaýyn hem-de has döredijilikli bolup, ol zenana öz ykbalyndan daşary söýgüli ýanýoldaşynyň ykbalyna oňyn täsir etmäge-de şert döredýär. Haçan-da aýal öz durmuşyndan, özüne goýlan hormatdan razy, bagtly halda ýaşasa, onda onuň ýanýoldaşynyň işleri şowlap, ýapyk gapylar açylyp, üstünlik hakyt onuň ökjesini sydyrdyp diýen ýaly ony yzarlamaga başlaýar. Bu ýagdaý zenanyň içki dünýäsinde döreýän ýakymly rahatlygyň, aňrybaş göwnühoşlugyň netijesinde emele gelip, öz zenanyny şeýle bagtyýar halda ýaşadýan erkek kişiniň şowlulygy we girdejini hut magnit mysaly özüne çekip durmagyna getirýär.

Bu ýerde jadynyň ýa doga-tilsimiň ysy ýok. Muny zenan psihologiýasyny gowy öwrenen bilermenler zenanyň güýçli duýgurlygy, gözbaşy kepemeýän gujurlylygy bilen düşündirýärler, hut şolaryň hasabyna-da, zenanlaryň edýän pikiri, arzuwy durmuşa tiz ornaşýar. Şu ýerde erkekleriň arasynda ýoň bolan “Aýalllar diýýän bolsa dogrudyr” diýen degişme görnüşli aýtgynyň manysy-da öz-özünden açylyp goýberýär.

Britan kompaniýalarynda geçirilen seljermeler boýunça bolsa, maşgalaly erkek kişiler öz işlerinde görelde görkezip, wezipe basgançagynda ýokary galmakda sallah erkek kişilerden has öňde bolup çykdylar. Eýse nä, öz tebigaty, ýaradylyşy boýunça gazanç, eklenç etmek buýrulan erkek kişä öz hakyky erkeklik borjuny duýup bilmegi üçin akylly-başly zenan, şol zenan bilen gurlan maşgala, ondan önjek perzentler gerek. Ol şeýdip, söýgüli ýanýoldaşa, mähriban kaka öwrülmek arkaly durmuş ýodasyndan şowlulyk tigrine münüp, üstünlikden üstünlige sary müşgilsiz aşyberýär. Çünki, onuň öýünde ol hakynda ýagşy dilegler edip, onuň çagalaryny ýelden-Günden gorap, ezizläp oturan söýgüli aýaly bar. Oňa YNANÝAN, BUÝSANÝAN, GUWANÝAN şol mähribanlary öňküden-de begendirmek, öňküden-de bagtly etmek üçin ol üstünlik gazanman, dagy neýlesin!

Dogry, taýagyň iki ujy bolşy ýaly, bu aýdylanlar zenan maşgalalara hem degişli. Zenan özüne Alla tarapyn rowa görülen gyzgyn ýüregi, çäksiz mähri, ýumşak hamraklygy, nepis näzikligi öz maşgalasy, ýanýoldaşy üçin sarp edende,durmuşynyň nähili özgerip, maşgalanyň neneňsi bagta eýe bolup biljekdigine akyl ýetirmegi başarmalydyr we şoňa tarap ymtylmalydyr. Özüňizem pikir edip göräýiň, maşgalaň bilen bir jan, bir ten bolup, üstünlige ýetmek döwlet üçin hem iňňän peýdaly. Bir maşgala, döwletiň bir bölegi. Onuň abat, agzybir bolmagy döwletiň peýdasyna. Ol maşgaladan görelde alýan maşgalalaryň köpelmegi bolsa, döwletiň utuşy.

Üstünlik gazanmak üçin sagat näçede oýanyp, haýsy tarapyňa turup hereket etmegiň hem belli bir derejede täsiri bar bolmagy mümkin. Ýöne seni, hatda oýanmaly wagtyňdan ir hem bolsa, gurulgy sagadyň däl-de, öz mähriban aýalyň mylaýym sesi, öz çagalaryň gülküsi oýarsa nähili gowy! Ol seniň öz iş günüňde üstünlik gazanmaga, özem hökman gazanmaga ýeterlik sebäbiň bardygyny aňladýar …

Men sözümiň soňuny bir tymsal bilen jemlemekçi. Bir wagtlar Detroýtdaky elektrik kompaniýasynda bir ýaş mehanik işleýän eken. Ol hepdede 11 dollar gazanç edipdir. Günde on sagat çeken zähmetinden soňam, ol öz öýündäki saraýda ýarygijeden daňa çenli ulag hereketlendirijisiniň täze görnüşini ýasamak arzuwy bilen ýatman işläpdir. Ony öz kakasy wagtyny biderek ýere giderýän, goňşulary bolsa aklyndan azaşan diýip hasap edipdirler. Ýaş mehanige onuň aýalyndan başga hiç kim ynanmandyr.

Diňe onuň aýaly kerosin çyrany ýanýoldaşynyň kellesiniň üstünde ýadaman saklap durup, oňa kömek beripdir. Sowukdan ýaňa aýalyň elleri gögerip, dişleri şakyrdap dursa-da,ol bir minudam ýanýoldaşynyň ýanyndan aýrylmandyr. Çünki ol oňa şeýle bir ynanypdyr!

Günlerde bir gün şol mehanigiň saraýyndan ulag hereketlendirijisiniň sesi eşidilipdir. Biraz wagtdan bolsa goňşulary ýoldan “aklyndan azaşan” bilen aýalynyň atsyz arabada gelýändigini görüpdirler. “Aklyndan azaşanyň” adyna Genri Ford diýýän ekenler.

Ençeme wagtdan soň bilesigeliji žurnalistleriň biri Forda şeýle sorag beripdir: “Aýtsaňyzlaň, eger siz dünýä täzeden inseňiz, onda kim bolmak islärdiňiz?”.

Forduň jogaby diýseň düşnükli we kesgitli bolupdyr: “Tapawudy ýok. Ýanymda aýalym bolsa, bolany!”.

© Aýgül GARAÝEWA
31
41
Lilia_
07.11.2023 21:11
Tolstoýdan söz dürdäneleri!

Hiç zat etmeýän adamyň mydama kömekçisi köp bolýar.

Bir zadyň hakdygy ýa nähakdygy barada adamlar ömürboýy ýalňyşyp geldiler, ýalňyşmalaryny dowamam ederler.

Erkekleriň köpüsi aýallaryndan özlerinde ýok mertebäni talap edýärler.

Ynsabyň ykrar etmedik hiç bir zadyny etjek bolma.

Kemter alada kemter bilimden has uly zyýan ýetirýär.
Bagtlylyk mydama islän zadyňy etmek däldir, gaýta eden zadyňy elmydama islemekdir.

Gazap bilen başlanan zat utanç bilen soňlanar.

Adamlar gowy geplemegi öwrenýärler, öwrenilmeli zat welin haçan we nädip dymmakdyr.

Elmydama hudaýa tarap barýan ýolda bol, olam seni gözden salmaz.

Hiç bir iş şahsy bähbidi üçin peýdaly bolmasa, mäkäm bolup bilmez.

Mugallyma öwretmek aňsat boldugyça, okuwça öwrenmek kyn bolýar.

Öz gününden hoşal gul iki esse guldur, sebäbi onuň diňe bir bedeni däl, eýsem, ruham guldur.

Öz edip biljek zadyň bilen başganyň başyny agyrtma.

Özüňi zähmetden halas etmek jenaýatdyr.
Ýanyp, ýagty saçyp bilmeýän bolsaň, şöhläniň öňüni bir tutma.
37
62
Lilia_
07.11.2023 17:42
Peýniriň peýdasy

Peýnir iň gadymy iýmit önümleriniň biridir. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamlar peýnir taýýarlamagy hat-ýazuw döremezinden hem öň öwrenipdirler. Muňa arheologik ylmy-barlag işleriniň barşynda ýüze çykarylan, biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllyga degişli süýt uýatmak üçin niýetlenilen gap aýdyň delildir. Gadymy Müsürde, Aziýada, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda uzak ýola huruşlyk hökmünde ýanyňa alyp gitmek üçin süýdi turşadyp, o diýen gaty bolmadyk peýniri taýýarlamagy öwrenipdirler. Gatadylan peýniri bolsa XIV asyrda gollandlar köpçülikleýin görnüşde öndürip başlapdyrlar.

Peýniriň peýdalylygy — onda beloklaryň känligidir. Munuň sebäbi süýdüň belogynda aminokislotalar kän. Beden öýjükleriniň bolsa hut aminokislotalardan durýandygy bize mälimdir. Immun ulgamy üçin beloklar diýseň wajypdyr. Mundan başga-da gaty peýnir A, D, E, B1, B2, B5, B12, PP i C ýokumlara baý. Geň ýeri, peýniriň düzüminde kalsiý süýtdäkiden hem köpdür. Peýnire «kalsiý ammary» diýilmeginiň sebäbi-de şoldur. Peýniriň düzüminde demir, sink, natriý, magniý hem bar. Käbir görnüşlerinde ýod, selen hem bar. Ýumşak we ýarym gaty peýnirlere garanda, gaty peýnirleriň düzüminde minerallaryň mukdary has kändir.

Belogyň ýetmezçiligi bedeniň suwunyň azalmagyna sebäp bolýar, bu bolsa adamyň wagtyndan öň garramagyna getirýär. Kalsiý ýetmezçiligi saça, dyrnaga, dişlere we süňklere ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem peýniri başardygymyzdan iýmit sanawymyzdan aýyrmajak bolmalydyrys. Peýniriň immuniteti beýgeltmekde-de täsiri uludyr. Ýöne ony aşa köp iýmegiň hem peýda däldigini ýatdan çykarmaly däldiris.

30
12
Lilia_
07.11.2023 08:53
Öziňi barla...
Aşakdaky dokuz sany suratdan birini saýlaň. Bu saýlawdan ugur alyp, şahsyýetiňizi gysgaça düşündirmäge synanyşarys!

1. Birinji suraty saýlan şahsyýetler adamyň durmuşynda çalt orun gazanýan adamlardyr. Ýöne özlerini adamlardan daşlaşdyrmakdan töwekgelçilik etmek we ýaralanmak has gowudyr diýip pikir edýärler. Gorkularyny we ynamlaryny hiç kime görkezmän içinde saklaýarlar. Başgalara kömek edip ýaralaryny bejerýän adamlardyr.

2. Ikinji suraty saýlan şahsyýetler. Pedantik şahsyýetler. Olar hemişe gowy täsir galdyrmaga we dogry zady etmäge synanyşýan adamyň görnüşidir. Hereketleriniň başgalaryň durmuşynda möhümdigine ynanýarlar. Adamlara tolgunmasyny, gaharlanmasyny görkezmeýärler we başgalaryň ynamyna çalt girip bilýän adamlardyr.

3. Üçünji suraty saýlan şahsyýetler. Mümkin boldugyndan rahatlygy tapmaga synanyşýan adamlardyr. Bu bulaşyk dünýäde öz ýerini gözleýän adamlar. Bu suraty saýlan adamlar özlerinden başgalara garaňky pikirlerini açmaýarlar.

4. Dördünji suraty saýlan şahsyýetler. Pikirlenmäni, göz öňüne getirip çuň oýlanmalary başdan geçirýän adamlar. Zatlaryň çuň we gizlin manysyny tapmagy gowy görýän adamlar. Käbir başga zatlara bolan ynamsyzlygyny görkezmeýärler. Elbet-de bir zada düşünip bilýärler ýöne henizem bu barada ynamsyz bolup bilerler.

5. Bäşinji suraty saýlan şahsyýetler. Täsin adamlar. Keýpini aňsatlyk bilen üýtgedip, gapma-garşylyk toruna meňzeýän adamlar. Bu suraty saýlan adamlar az sözli we başgalary bulaşdyrýan adamlar. Beýle adamlar hat-da käbir hereketlerde-de gepleşige başlamazdan ozal adamy synlamagy makul bilýär. Şeýle-de olar diňe öz ynanýan pikirlerini öňe sürýän adamlardyr.

6. Altynjy suraty saýlan şahsyýetler. Duýgur adamlar. Bular ýaly adamlar hemme zady görýän we ýadyndan çykarmaýan adamlardyr. Olar ýokary derejeli duýgur, hat-da islendik ownuk zatlar hem olary haýran galdyryp bilýär. Bu adamlar ýeňillik bilen göz ýaş döküp we gülüp bilerler. Özüniň näzikligini köp adamlara bildirmeýärler. Olar geljekde durmuşynda boljak ýagdaýlary öňünden görüp bilýär.

7. Ýedinji suraty saýlan şahsyýetler. Güýçli şahsyýet. Gujurly we elmydama aşyk bolýan adamlardyr. Bu adamlar aşa islegli we aşa ýigrenýän adamlardyr. Olar kellesinde aşa köp pikirleri jemleýärler we meseleleri çalt çözmäge ymtylýan adamlardyr. Energiýasy köp ýöne köplenç tolgunýarlar.

8. Sekizinji suraty saýlan şahsyýetler. Bu adamlar üýtgeşik gyzyklanmalary we ynançlary bolan adamyň görnüşidir. Aslynda düzgünleri halamaýarlar. Köplenç prinsip boýunça hereket edýärler.

9. Dokuzynjy suraty saýlan şahsyýetler. Düşünjeli şahsyýetlerdir. Bu adamlar dünýä we beýleki adamlara gaty gowy düşünýän adamlaryň görnüşidir. Adamlaryň ses äheňinden we ýüz keşbinden olaryň içindäki pikirleri okap bilýän adamlardyr.
32
71
Lilia_
07.11.2023 00:25
Adamyň ýüregi bir sagatda ortaça 4200, bir gije- gündizde 100800, bir ýylda 36 mln 792 müň, 64 ýyla barabar ortaça ömrüniň dowamynda 2,4 mlrd gezek urýar.

Bir sagatda adam ýüregi 4200 gezek urýar we 300 litr gany üstünden geçirýär.

Şeýle-de ýürek bäş sekuntda 5 litr gany öz üstünden geçirýär.

Ýürek hemişe diýen ýaly bedendäki ganyň 5% golaý ätiýaçlygyny özünde saklanýar.

Uly ýaşdaky adamyň ýüregi 10-15 sm den gowrak ululykda bolýar.

Aýallaryň ýüregi ortaça 250-300 gr, erkekleriň ýüregi 300-350 gr agyrlykda bolýar.

Ýürek her gezek ýygrylanda, 60 ml golaý gany işläp bilýär.Her sekuntda bu mukdar 420 ml, bir sagatda 600 l, bir ýylda bolsa 200 müň litre deň bolýar.

Ýürek urşy her gezek klapanlary ýapylanda ýüze çykýar.

Adam strese düşende depressiýa halatynda bolanda ýürek her minutda 200-250 gezek urýandyr.

Ýürek öz elektro impulslaryna eýedir. Şu sebäpli ol bedenden aýralykda-da birnäçe wagtlap urup bilýär.

Ýürek 80 trilliona ýakyn dokumalary gan bilen üpjün edýär. Eger organizmde artykmaç ýag emele gelse, bu wezipesini ýerine ýetirmegi kynlaşyp başlaýar. Şeýlelikde gan ýag dokumalary arkaly aýlanmaly bolýar. Bu bolsa dürli howlpy kesellere sebäp bolup bilýär.

Adamyň ýüreginde dört sany kamera bardyr.

Ýüregiň adam organizminde paýlaýjy wezipesini ýerine ýetirýändigini ilkinji bolup Gadymy gresiýaly lukman Erazistrat Hiosskiý aýdypdyr.
31
18
Lilia_
06.11.2023 21:10
NIDERLANDLARDAN BOLAN ALYMLAR KOFE ÝA-DA ÇAÝ ÜÇIN ŞEKERIŇ ZYÝANSYZ MUKDARYNY KESGITLEDILER

5gramdan artyk şeker goşulmadyk süýjüli çaýyň ýa-da kofeniň ynsan saglygy üçun zyýanly däldigini Niderlanlaryň Leýden uniwersiadasynyň alymlary subut etdiler. Derňewiň netijeleri «PLOS One» žurnalynda çap edildi.   

Hünärmenler bu synagy 30 ýyl bäri dowam etdirip, görkezilýän tejribe dürli mukdarda şeker atyp, çaý ýa-da kofe içýän üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirildi. Gözlegiň başynda we ahyrynda alymlar synaga gatnaşýan adamlaryň saglyk ýagdaýyny barladylar we tejribe jemlenýänçä aradan çykan gatnaşyjylaryň ölüminiň sebäplerini seljerdiler.

Tejribäniň netijesi içgilere şeker goşmagyň wagtyndan öň ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpuny döretmeýändigini ýüze çykardy. Bilermenler bu gürrüňiň 5 gramdan kän bolmadyk mukdardaky şeker barada gidýändigini nygtaýarlar. Şonuň üçin hem, 25 gram töweregi şekeri özünde saklap bilýän miwe şireleridir gazly suwlaryň saglyga täsirini ýetirýändigi aýdýarlar.
32
19
Lilia_
06.11.2023 18:03
Adam diýeniň käwagt başga biriniň boýuna, saçyna, kilesine, gözüniň reňkine höwes edegen bolýar. Bu bolsa dogry däl. Her kim öz ýagdaýyna şükür etmeli.

 Bir wagtlar siýam ekizler bar eken. Arkalary bir-birine bitişik bolany üçin gezekleşip biri-birini göterýän ekenler. Bir gün ekizleriň biri:

− Boldy, besdir. Men-ä ýadadym, indi göterjek däl – diýip baş göterýär.

Şol wagt hem ýoldan geçip barýan kişi:

− Beý diýme jigi! Ýagdaýyňa şükür et, beterinden beteri bar – diýýär.

Ýaňky baş göterýän:

− Mundan beter näme bolsun?! – diýip, ýene nägile bolýar.

Aýlar-günler geçip, ekizleriň biri syrkawlap aradan çykýar. Şükür edesi gelmeýän ekiz:

− Gör, nähili gowy eken. Men ýadan wagtym jigim, jigim ýadan wagty men göterýärdim. Indi bolsa, diňe men götermeli. Hakykatdanam, beterinden beteri bar eken, düşündim. Ýöne giç düşündim – diýip şükür etmedigine ökünýär.
41
109
Lilia_
06.11.2023 14:31
«Garrylygyň dermany»: garramagyň sebäpleri we ony togtatmagyň usullary

Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň hiç birisi bedeniň garramagynyň öňüni alyp bilmez. Şol bir wagtyň özünde, adamlar elmydama uzak ýaşamak, aňyň durulygyny saklap, mümkin boldugyça uzak ýyllar hereketde gezmek, dowamly kesellerden ejir çekmezlik isleýärler. Alymlar garrylyk meselesini gadymy döwürlerden bäri öwrenip gelýärler, ýöne olar diňe XX asyrda garrylyga sebäp bolýan we oňa ýol açýan proseslere azda-kände düşünip başladylar.

Garrylyk — bu patologiki proses. Köp alymlar tebigy taýdan diri bolmak mehanizmleriniň 100-120 ýyl ömür üçin döredilendigini tassyklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu dowamlylyk düzgün däl-de, kadadan çykma bolup durýar. Garrylyk, takmynan 60 ýaşdan başlaýar we diňe müňlerçe adamdan diňe birisi 100 ýaşa çenli ýaşaýar. Şeýlelik bilen, netijede biz tebigy taýdan garramaly wagtymyzdan öň garraýarys.

Beýik rus fiziology Ilýa Meçnikow garramagyň bedeniň bakteriýa galyndylary bilen zäherlenmeginiň netijesidigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Çaklamalaryna esaslanyp, italýan alymy Klaudio Françesçi garramagyň «çişme teoriýasyny» öňe sürdi. Ol garrylygyň biologiki galyndylar (bakteriýa galyndylary, öýjükleriň ölmegi), stres, keseller we madda çalşygynyň bozulmagy sebäpli ýüze çykýandygyny tassyklaýar. Bularyň hemmesi jemleýji täsire eýe bolup, dowamly çişme prosesine we ýaş bilen baglanyşykly kesellere — ýürek-damar, süýji keseli, demensiýa, Parkinson keseli we ş.m getirýär.

Ýaşyň gitdigiçe öýjükleriň bölmek ukyby barha azalýar. Anatomiýa professory Leonard Haýflik adam öýjükleriniň, takmynan 50 gezek bölünip, soň bolsa bu ukybyny ýitirip bilýändigini mälim etdi. Öýjük bölünişiniň «Limidi» telomerler — hromosomlaryň uçlarynda ýerleşýän we beýleki hromosomlar bilen zeperlenmekden hem-de ýelmenmeden goraýan bölegi bilen kesgitlenýär. Ýuwaş-ýuwaşdan telomerler gysgalýar we belli bir mukdarda öýjük bölünişiginden soň bütinleý ýok bolýar, öýjük bolsa öz-özüni ýok etmek mehanizmini işe girizýär. Alymlar telomerleriň gysgalmagyna nämäniň sebäp bolýandygy barada entek belli bir pikire gelmeýärler, ýagny, munda faktorlaryň tutuş toplumy — stres, başdan geçirilen keseller, ekologiýa, agram bilen bagly problemalar bar.

Adam ömrüniň dowamlylygy ýokarlanýar, şonuň bilen birlikde hem adamzat garraýar. Soňky onýyllyklaryň dowamynda ösen we ösýän ýurtlarda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy görnetin ýokarlandy. Munuň sebäbi XX asyryň dowamynda lukmançylyk ylmynyň derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagy, iýmitlenişiň gowulaşmagy we lukmanlaryň öňüni alyş işleridir. Şol bir wagtyň özünde adam bedeniniň ýaşlyk döwri üýtgewsizliginde galýar. Şonuň üçin häzirki zaman lukmançylygynyň ähli üstünlikleri bilen ömri ep-esli uzaltmak mümkin däl-de, diňe öndürijilikli garrylygy uzaltmak mümkin boldy.

Ozallar ýaş bilen baglanyşykly hasaplanan köp sanly keseller örän «ýaşardy». Onkologiýa, ýürek agyry we insult, Parkinson keseli, Alsgeýmer keseli ýaşlarda has köp hasaba alnyp başlandy. Köpler muny gurşawyň ýaramazlaşmagyndan, iýmitlenmegiň ýokumsyzlygyndan we az hereket etmekden görýärler. Şeýle-de bolsa, käbir alymlar gadymy döwürlerde adamlaryň köpüsiniň garrylykda däl-de, has ir ýaşda ýüze çykan hem bolsa, bu patologiýalary ösdürip biljek ýyllaryna çenli ýaşamandyklary baradaky pikiri öňe sürýärler. Ýönekeý ýokanç kesellerden, hatda adaty appendisitden hem 100-200 ýyl mundan ozal aradan çykan adamlaryň san derejesi biziň döwrümizden has ýokary eken.

Garramagyň 25 göterimi genetik faktora baglydyr. Galany — durmuş ýörelgesi, öňüni alyş, fiziki işjeňlik, ýaramaz endikleriň ýoklugy, daşky gurşaw şertleri we lukmançylygyň derejesi bilen baglanyşykly. Hiç kim garrylykdan gaçyp gutulyp bilmez, emma welin ony uzaltmak we mümkin boldugyça öndürijilikli etmek bolsa adamyň başaryp biljek işi.

Ýaşarmaga täsir edýän önümler bar. Dogry, olar ertekilerdäki ýaşlygyňa dolaýan alma ýaly täsir edip bilmeýär, ýöne öňüni alyş çäresi hökmünde kömek edip biler. Bu önümlere gara şokolad, gök çaý, kofe, çernika, gara smorodina, alma, brokkoli, gyzyl we gara üzüm, pomidor, sogan, ysmanak we deňiz önümleri girýär.

Tebigy geroprotektorlar, ýagny garramagy haýalladýan maddalara terpenler degişli. Bu birleşmeleri ýaprakly agaçlar howa goýberýärler,şonuň üçin sosna ýa-da arça tokaýynda gezim etmek örän peýdalydyr.

Öz-özüňi ýaşartmak funksiýasy tebigata mahsusdyr. Onuň esasynda autofagiýa ýa-da beden öýjükleriniň dürli biologiki galyndylary — zeperlenen öýjükli bölejikleri, toksinleri we ş.m. «iýmek» ukyby ýatýar. Autofagiýa prosesi bedene ýokançlyklara, streslere garşy göreşmäge we ýaşarmaga kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, öýjükleriň özleri bu prosesi haçan açmalydygyny kesgitleýärler, ýöne käbir öýjüklerde bu ukyp ilki bilen ýapylýar, şonuň üçin hemme organlar öz-özüni ýaşartmaga ukyply däldir.

Ownuk pozitiw stresleriň kömegi bilen autofagiýa proseslerini höweslendirip bilersiňiz — orta fiziki işjeňlik, azajyk kaloriýa ýetmezçiligi (berk berhiz we agyz beklemek).

Işjeň akyl işi diňe bir Alsgeýmer keseliniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek etmän, işjeň garramaga hem täsir edýär. Eger garrylykda täze bir zat öwrenmek, bir zady özleşdirmek üçin mümkinçiligiň ýa-da islegiň bar bolsa, bu başarnyklaryňa biparh çemeleşmeli däldir. Beýni näçe işjeň bolsa, şonça-da öýjüklere az derejede zeper ýetýär.

Garrylygyň we oňa garşy göreşmegiň usullary barada köp mifler we ýalňyş pikirler hem bar. Gerontolog-alymlar bedeniň tiz garramagyna getirýän köp sanly sebäpleri tapdylar, ýöne olaryň pikiriçe, barybir «garrylygyň dermanyny» tapmak üçin entek örän uzak wagt gerek.
34
30
Lilia_
06.11.2023 10:06
Ajaýyp tawus guş

Bir wagtlar bir gyzjagaz ajaýyp tawus guş görüpdir-de:

− Menem sen ýaly owadan bolsadym – diýipdir.

Tawus guş:

− Bu meniň üçin aňsat. Sebäbi meň jadygöýlikden başym çykýar. Häziriň özünde seni tawus guşuna öwreýin – diýipdir.

 Tawus guş ganatlaryny, guýrugyny ýokaryk galdyryp, jadysyna başlajak bolup durka, birden saklanyp:

− Ýöne men käbir zatlary öňünden bilsem gowy. Men ýaly owadan guş boljak bolsaň, men seni tawus guşuň horazyna öwürmeli bolýan. Ýene bir zady aýratyn bellemeli, tawus guşa öwrülseň her ýyl, gije-gündiz şol bir eşigi çykarman geýmeli – diýipdir.

Onuň bu sözlerini eşiden gyzjagaz ol ýerden daşlaşmak bilen bolupdyr. Öýüne baran badyna hem eşigini çalşyryp, başga eşiklerini geýipdir.
39
44
Lilia_
06.11.2023 00:28
Dem alýan we derleýän robot öndürildi

Alymlar ANDI robotynyň ýylylygyň adam bedenine nähili täsir edýändigine has gowy düşünmegine kömek eder diýip umyt edýärler.

Amerikanyň «Thermetrics» kompaniýasy Arizona döwlet uniwersitetiniň alymlary üçin dem alýan, derleýän we titreýän robot öndürdi.  Bellenilişi ýaly, ANDI diýlip atlandyrylýan we der öndürýän gözenekli robot aşa gyzgynlygyň adam saglygyna ýetirýän täsirlerine has gowy düşünmek üçin işlenip düzülendir.

Egin-eşik öndürýän  kompaniýalar tarapyndan eşikleri synap görmek üçin derleýän robotlar ulanylýar, emma ANDI açyk howada ulanyp boljak ýeke-täk robotdyr. Bu oýlap tapyş, öň mümkin bolmadyk aşa yssy şertlerde synag geçirmäge, şeýle hem gün şöhlesiniň täsirini öwrenmäge mümkinçilik berýär.
33
78